Ester
6 Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmedi*. Şonda ol taryhy ýazgylary+ getirmegi buýurdy; olary patyşa okap berdiler. 2 Kitapda şanyň iki emeldary, derwezebanlar Bigtan bilen Tereşiň Haşaýar patyşany öldürmek üçin dil düwşendigi we muny Mordekaýyň habar berendigi ýazylgy eken+. 3 Patyşa: «Mordekaýa näme sylag-serpaý ýapyldy?» diýip sorady. Patyşanyň geňeşçileri*: «Hiç zat edilmedi» diýdiler.
4 Soňra patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Şol wagt köşgüň daşky howlusynda+ Haman durdy. Ol Mordekaýy diken pürsünde asdyrmak üçin patyşa bilen gepleşmäge gelipdi+. 5 Patyşanyň geňeşçileri: «Howluda Haman+ bar» diýdiler. Patyşa hem: «Goý, girsin!» diýdi.
6 Haman içeri girende, patyşa ondan: «Patyşanyň hormatyna mynasyp adama näme edilse gowy bolar?» diýip sorady. Haman: «Menden başga patyşanyň hormatyna kim mynasyp bolsun?!»+ diýip pikir etdi. 7 Şonuň üçinem ol patyşa şeýle diýdi: «Patyşanyň hormatyna mynasyp adam üçin 8 şa lybasyny+ we owadan şaý-sepli şa atyny getirsinler. 9 Patyşanyň iň atly-abraýly han-beglerinden biri şa lybasyny we atyny alsyn. Ol şa lybasyny patyşanyň hormatyna mynasyp adama geýdirsin we ata mündürsin, şäher meýdançasynda* aýlap: „Ine, patyşanyň hormatyna mynasyp adama şeýle edilýändir!“+ diýip gygyrsyn». 10 Şonda patyşa Hamana: «Haýal etmän şa lybasy bilen aty al-da, ähli aýdan zadyňy köşk derwezesinde oturan ýehudy Mordekaýa et. Ýaňky aýdanlaryňdan birini-de ýatdan çykarma» diýdi.
11 Haman şa lybasyny Mordekaýa+ geýdirdi we ata mündürip, şäher meýdançasynda aýlap: «Ine, patyşanyň hormatyna mynasyp adama şeýle edilýändir!» diýip gygyrdy. 12 Soňra Mordekaý ýene-de köşk derwezesine bardy, Haman bolsa utanjyndan ýaňa başyny örtdi we howlugyp öýüne gitdi. 13 Haman başyndan geçen ähli zady aýaly Zereşe+ hem-de dostlaryna gürrüň berdi. Şonda maslahatçylary we aýaly Zereş: «Eger Mordekaý ýehudy* bolsa, ondan üstün çykyp bilmersiň. Abraýy artan bolsa, ondan ýeňlersiň» diýdiler.
14 Olar heniz gepleşip durkalar, köşk emeldarlary gelip, Hamany Esteriň gurnan oturylyşygyna gyssagly alyp gitdiler+.