Ester
9 Patyşanyň sözi we permany 12-nji aýda, ýagny adar* aýynyň+ 13-ne amala aşyrylmalydy+. Şol gün duşmanlar ýehudylaryň soňuna çykarys diýip tama etseler-de, ähli zat tersine boldy; ýehudylar duşmanlaryndan üstün çykdy+. 2 Haşaýar patyşanyň+ welaýatlarynda ýaşaýan ýehudylar ýamanlyk etjek bolýanlara gaýtawul bermek üçin şäherlerinde ýygnandylar. Milletler ýehudylardan gorkansoň+, olara garşy durup bilmediler. 3 Welaýatlaryň hanlary, emirleri+, häkimleri we patyşanyň iş dolandyryjylary Mordekaýdan gorkup ýehudylary goldadylar. 4 Mordekaý köşkde ýokary wezipä eýe boldy+, şan-şöhraty günsaýyn artyp, at-owazasy ähli welaýatlara ýaýrady.
5 Ýehudylar duşmanlaryny gylyçdan geçirip, ýok etdiler. Olar duşmanlaryny ýeňmek üçin elinde baryny etdiler+. 6 Ýehudylar Şuşan*+ galasynda 500 adamy öldürdiler. 7 Şeýle-de olar Parşandaty, Dalpony, Aspatany, 8 Poraty, Adalýany, Ardaty, 9 Parmaştany, Arsaýy, Ardaýy we Baýzaty öldürdiler. 10 Olar ýehudylaryň duşmany Hamedatyň ogly Hamanyň+ on ogludy. Ýehudylar olary öldürseler-de, mal-mülküne degmediler+.
11 Şol gün Şuşan galasynda näçe adamyň öldürilendigi hakda patyşa habar berdiler.
12 Patyşa şa aýaly Estere: «Ýehudylar Şuşan galasynda 500 adam bilen Hamanyň on ogluny öldürdiler. Onda patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, näçe köp adam öldürilendir!+ Aýt, başga näme islegiň bar? Ýerine ýetirerin. Ýene näme haýyşyň bar? Hökman bitirerin» diýdi. 13 Ester: «Eger patyşa makul bilse+, goý, Şuşanda ýaşaýan ýehudylar permany ertir hem ýerine ýetirsin+. Hamanyň on oglunyň jesedi pürsden asylsyn»+ diýip jogap berdi. 14 Patyşa hem buýruk berdi. Perman Şuşan galasynda yglan edildi we Hamanyň on ogly pürsden asyldy.
15 Şuşan galasyndaky ýehudylar adar aýynyň 14-ne+ ýene-de ýygnanyşyp, Şuşanda 300 adamy öldürdiler, emma olaryň mal-mülküne degmediler.
16 Beýleki welaýatlarda ýaşaýan ýehudylar hem ýygnanyşyp, özüni goradylar+. Olar 75 000 adamy öldürip, duşmanlaryndan halas boldular+, emma mal-mülküne degmediler. 17 Şol waka adar aýynyň 13-ne boldy. Olar 14-ne dynç alyp, şatlyk-şagalaň bilen baýram etdiler.
18 Şuşan galasynda ýaşaýan ýehudylar aýyň 13-ne+ we 14-ne söweşmek üçin ýygnanyşdylar+, 15-ne bolsa dynç alyp, şatlyk-şagalaň bilen baýram etdiler. 19 Beýleki şäherlerde ýaşaýan ýehudylar adar aýynyň 14-ne baýramçylyk etdiler+. Şol gün olar şatlyk-şagalaň bilen toý-meýlis gurnap, bir-birlerine duz-çörek hödür etdiler+.
20 Mordekaý+ bolan wakany ýazyp, Haşaýar patyşanyň golaýdaky we daşdaky welaýatlarynda ýaşaýan ýehudylara hat ýollady. 21 Ol her ýylyň adar aýynyň 14-ne we 15-ne baýramçylyk bellemegi tabşyrdy. 22 Sebäbi şol günlerde ýehudylar duşmanlaryndan halas bolupdy, şol aýda olaryň gaýgy-hasraty şatlyga, ýasy+ hem toýa öwrülipdi. Olar baýram günleri bir-birlerine duz-çörek hödür edip, garyp-gasarlara sadaka berip, şatlyk-şagalaň bilen baýram etmelidiler.
23 Ýehudylar baýramçylygy mundan beýläk-de bellemegi we Mordekaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmegi makul bildiler. 24 Ähli ýehudylaryň duşmany agaglardan+ Hamedatyň ogly Haman+ ýehudylary gyrmak üçin hile gurupdy+. Olary aljyraňňylyga salmak we heläk etmek üçin bije*+ atdyrypdy. 25 Emma Ester patyşanyň huzuryna bardy. Patyşa: «Goý, ýehudylara garşy guran hilesi+ öz başyna gelsin» diýip, perman çykardy+. Haman bilen ogullaryny pürsden asdylar+. 26 Şonuň üçinem ýehudylar bije+ sözüne esaslanyp, baýramçylygyň adyna-da Bije baýramy* diýdiler. Ýehudylar şol hatda ýazylan wakany, gören-eşidenlerini we başdan geçirenlerini göz öňünde tutup, baýram etmegi makul bildiler. 27 Olar bütin kowum-garyndaşlary, özlerine goşulan adamlar+ bilen her ýyl iki günläp baýram etmegi makul bildiler. 28 Baýramçylyk günleri nesilme-nesil her maşgalada, her welaýatda, her şäherde ýatlanyp bellenmelidi. Ýehudylar Bije baýramyny ýatdan çykarman, nesilden-nesle yzygiderli bellemelidiler.
29 Abyhaýylyň gyzy şa aýaly Ester bilen ýehudy Mordekaý berlen häkimiýeti ulanyp, Bije baýramyny doly tassyklamak üçin ikinji haty ýazdylar. 30 Haşaýaryň+ hökümdarlygynyň 127 welaýatynda ýaşaýan ähli ýehudylara mähirli we ygtybarly sözler bilen ýazylan hat iberildi+. 31 Ýehudy Mordekaý bilen şa aýaly Ester ýazan hatynda Bije baýramyny bellenen wagtda geçirmegi we agyz bekläp+, Hudaýa doga-dileg+ etmegi tabşyrdy+. Tabşyrygy tutuş halk, hatda geljekki nesiller hem ýerine ýetirmelidi+. 32 Şeýlelikde, Esteriň buýrugy Bije baýramyny+ doly tassyklady we ol kitaba ýazyldy.