Işaýa
63 Edomdan gelýän kim?+
Dürli* reňkli eşik geýip, Bosradan+ gelýän kim?
Owadan lybas geýen,
Batly gadam basyp gelýän kim?
«Ine men, hakykaty aýtmak üçin,
Gudratly güýjüm bilen halas etmäge gelýärin».
2 Eşigiň näme üçin gyzyl?
Eşigiň näme üçin üzüm depeleýän adamyňky ýaly gyzyl?+
3 «Men üzümi ýeke özüm depeledim,
Hiç kim kömek etmedi.
Olary gahar-gazap bilen depeledim+,
Gany eşigime syçrady,
Üst-başym gana boýaldy.
4 Ar aljak günümi belledim+,
Halkym üçin töleg tölejek ýylym geldi.
5 Töweregime seretdim, kömek eden bolmady,
Geň galaýmaly, hiç kim ýardam bermedi.
7 Men Ýehowanyň wepaly söýgüsini,
Ýehowanyň beýik işlerini wasp ederin.
Ýehowanyň eden ýagşy işleri üçin+,
Ysraýyl öýüne beren berekedi üçin,
Rehimdar we söýgüden* doly Hudaýa alkyş aýdaryn.
8 Alla: «Olar halkym bolar. Maňa dönüklik etmez»+ diýdi.
Şeýdip, ol halkynyň Halasgäri boldy+.
9 Olar ejir çekende, ol hem ejir çekdi+.
Habarçysyny* iberip, olary halas etdi+.
Rehimdar we söýgüden doly Hudaý, olar üçin töleg töledi+,
Gadymy döwürden bäri elinde göterip geldi+.
11 Olar gadymy günleri,
Musa pygamberiň döwrüni ýatlap diýdiler:
«Çopanlary+ bilen halky deňizden geçiren Alla nirede?+
Olara* mukaddes ruhuny beren Hudaý nirede?+
12 Güýçli goly bilen Musanyň sag elinden berk tutan+,
Adynyň ebedi galmagy üçin+,
Halkynyň öňünde deňzi ikä bölen Alla nirede?+
13 Möwç urýan deňizden halkyny geçiren Hudaý nirede?
Olar deňziň içinde büdremän,
Giň sährada çapýan at kimin geçip gitdiler.
14 Mallaryň jülgä inip dynç alşy ýaly,
Ýehowanyň ruhy-da olara rahatlyk berdi»+.
Adyňy şöhratlandyrmak üçin+,
Halkyňa gudrat bilen ýol görkezdiň.
15 Mukaddes, şöhratly tagtyňdan,
Beýik asmandan ýere seret.
Hany seniň yhlasyň? Hany seniň güýjüň?
Bize näme üçin haýpyň gelmeýär?+
Bize näme üçin rehim etmeýärsiň?+
Näme üçin dadymyza ýetişmeýärsiň?
Gadymy günlerden bäri biziň Halasgärimiz*+.
17 Biz seniň ýoluňdan sowuldyk,
Ýüregimiz gatap, senden gorkmadyk.
Eý Ýehowa, muňa näme üçin ýol berdiň?+
Gullaryň hatyrasyna,
Miras alan halkyň hatyrasyna rehim et+.
18 Mukaddes halkyň ýurtda az wagtlyk ýaşady,
Duşmanlarymyz ybadathanaňy depeledi+.
19 Biz uzak wagtlap kanunyňy bilmeýän halklar* ýaly,
Adyňy götermedik milletler ýaly ýaşadyk.