Birinji Musa
40 Birnäçe wagtdan Müsür faraonynyň baş şerapçysy+ we baş çörekçisi hojaýynlarynyň göwnüni ýykdy*. 2 Faraon baş şerapçy bilen baş çörekçisine+ gaharlanyp, hyzmatkärleriň ikisini-de 3 garawullaryň baştutanynyň+ seredýän zyndanyna saldy. Ýusup hem şol zyndanda otyrdy+. 4 Garawullaryň baştutany Ýusuba olaryň ýanynda bolup, hyzmatyny etmegi tabşyrdy+. Olaryň zyndana düşenine birnäçe wagt bolupdy.
5 Bir gije Müsür faraonynyň zyndanda oturan şerapçysy we çörekçisi düýş gördi. Düýşleriň hersiniň öz ýorgudy bardy. 6 Ertesi irden Ýusup gelip görse, ikisi hem aladaly görünýärdi. 7 Ýusup faraonyň hyzmatkärlerinden: «Näme ýüzüňiz salyk?» diýip sorady. 8 Olar: «Ikimizem düýş gördük, ýöne ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup: «Düýşüň ýorgudy Hudaýdandyr!+ Hany, düýşüňizi gürrüň beriň» diýdi.
9 Baş şerapçy düýşüni Ýusuba gürrüň berip başlady: «Öňümde üzüm agajy duranmyş. 10 Agajyň üç şahasy bar. Ol pyntyklap gülledi, soňra üzüm salkymlary peýda boldy. 11 Faraonyň käsesi meniň elimdemiş. Üzümi käsä sykyp, faraona uzadýarmyşym». 12 Şonda Ýusup: «Ine, düýşüň ýorgudy: üç şaha üç gündür. 13 Üç günden faraon seni boşadyp, öňki wezipäňe bellär+. Sen öňkiň ýaly baş şerapçy bolup, faraona şerap guýup berersiň+. 14 Ýöne hemme işiň ugruna bolanda, meni hem ýatla. Maňa ýagşylyk edip*, faraona men hakda gürrüň beräý. Belki, ol meni boşadar. 15 Onsoňam, meni ýewreýleriň ýurdundan tutup getirdiler+. Bärde-de zyndana* taşlanar ýaly iş edemok»+ diýdi.
16 Ýusubyň düýşi gowulyga ýorandygyny görüp, baş çörekçi: «Menem bir düýş gördüm. Depämde ak undan bişirilen üç sebet çörek barmyş. 17 Iň ýokarky sebetde faraon üçin bişirilen süýji-süýji nygmatlar bar. Olary guşlar iýýärmiş» diýdi. 18 Ýusup: «Ine, düýşüň ýorgudy: üç sebet üç gündür. 19 Üç günden faraon seni zyndandan çykarar-da, kelläňi alyp, jesediňi pürsden asar. Maslygyň guşlara şam bolar»+ diýdi.
20 Üç günden faraon doglan gününi belläp+, emeldarlary üçin meýlis gurnady. Ol baş şerapçy bilen baş çörekçini zyndandan çykaryp, emeldarlarynyň öňüne getirtdi. 21 Faraon baş şerapçyny öňki wezipesine belledi. Ol ýene-de faraona şerap guýup berýärdi. 22 Baş çörekçini bolsa pürsden asdyrdy. Ähli zat Ýusubyň aýdyşy ýaly boldy+. 23 Ýöne baş şerapçy Ýusuby ýatdan çykarypdy+.