Hyzkyl
25 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, ammonlara+ seredip, olara garşy pygamberlik et+. 3 Ammonlara Älemiň Hökümdary Ýehowanyň sözlerine gulak asyň diý. Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Mukaddes mekanym haram bolanda, Ysraýyl ýurdy haraba öwrülende we ýahuda halky sürgün edilende, siz olara: „Size geregem şol!“ diýdiňiz. 4 Şonuň üçin sizi gündogar halklarynyň eline bererin. Olar ýurduňyzda düşelge gurarlar, araňyzda çadyrlaryny dikerler. Baglaryňyzyň ir-iýmişini iýerler, mallaryňyzyň süýdüni içerler. 5 Rapa+ şäheri düýeleriň örüsi bolar, Ammon ýurdy malýataga döner. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».
6 «Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Siz ysraýyl halkyny ýaňsylap+, üstünden güldüňiz we el çarpyp+, tans etdiňiz*. 7 Şonuň üçin güýçli golum bilen sizi halklara olja edip bererin. Milletleriň, ýurtlaryň arasyndan ýok ederin, sizi gyryp taşlaryn+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz“.
8 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Mowap+ bilen Segir+: „Ýahudanyň başga halklardan hiç hili tapawudy ýokdur“ diýdi. 9 Şonuň üçin Mowabyň serhedindäki şäherlerine, ýurduň iň owadan ýerlerine, ýagny Beýt-ýeşimotyň, Bagal-megonyň we Kirýataýymyň+ üstüne duşmanlary çozduraryn. 10 Men mowaplary we ammonlary gündogar halklarynyň eline bererin+. Ammonlaryň ady halklaryň arasynda hiç haçan agzalmaz+. 11 Men Mowabyň üstünden höküm çykararyn+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“.
12 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Edom Ýahudadan öç alyp, olara jeza berdi. Ol Ýahudadan ar alyp, uly günä gazandy+. 13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men güýçli golum bilen Edomyň halkyny we mal-garasyny gyryp taşlaryn. Ol ýerde janly-jemende galmaz+. Teýmandan Dedana çenli ähli adamlar gylyçdan geçiriler+. 14 Ysraýyl halkymyň goly bilen arymy alaryn+. Olar arkaly Edomyň başyndan gahar-gazabymy indererin. Şonda edomlylar meniň nädip ar alýandygymy görerler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar“.
15 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Piliştliler ysraýyllaryň ganym duşmany boldular. Olar zalymlyk bilen halkymdan ar almak we soňuna çykmak üçin pursat gözlediler+. 16 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men güýçli golum bilen piliştlilere jeza bererin+, keretleri gyryp taşlaryn+. Deňiz kenarynda ýaşaýan galanja halky-da ýok ederin+. 17 Men olara gahar-gazap bilen jeza berip, öç alaryn. Olardan ar alanymda, meniň Ýehowadygymy bilerler“».