Hyzkyl
6 Ýehowa maňa ýene-de şeýle diýdi: 2 «Ynsan ogly, Ysraýyl daglaryna seret-de, olara garşy pygamberlik et. 3 Olara şeýle diý: „Ysraýyl daglary, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň sözlerini diňläň. Älemiň Hökümdary Ýehowa daglara, depelere, çeşmelere we jülgelere şeýle diýýär: „Ine, men üstüňizden gylyç indererin we seždegähleriňizi* kül ederin. 4 Gurbanlyk ojaklaryňyz* derbi-dagyn bolar, tütetgi ojaklaryňyz* çym-pytrak bolar+. Nejis butlaryň* öňüne jesetleriňiz zyňlar+. 5 Nejis butlaryň öňüne ysraýyllaryň jesedini zyňaryn. Süňkleriňizi gurbanlyk ojaklaryňyzyň çar tarapyna pytradaryn+. 6 Ýaşaýan her bir şäheriňiz haraba öwrüler+, seždegähler ýumrulyp, ýer bilen ýegsan ediler. Gurbanlyk ojaklaryňyz döwler, bölek-bölek ediler, nejis butlaryňyz ýok bolar, tütetgi ojaklaryňyz çym-pytrak ediler we eliňiziň işi ýok ediler+. 7 Gözüňiziň alnynda jesetler çaşyp ýatar+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+.
8 Emma men käbiriňizi aman galdyraryn, ýer ýüzüniň halklarynyň arasyna dargadyp, gylyçdan halas ederin+. 9 Aman galanlar sürgün edilen ýurtlarynda meni ýatlar+. Olar biwepalyk* edenlerinde, menden ýüz öwrenlerinde we nejis butlaryna azgyn höwes bilen seredenlerinde+ hasrat çekendigime+ düşünerler. Olaryň ýüzi gyzarar, zalym we nejis işlerini ýigrenerler+. 10 Olar meniň Ýehowadygymy, bela-beter indererin diýip ýöne ýere aýtmandygymy bilerler“+.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Eliňiz bilen başyňyzy tutuň*, alaçsyzlykdan ýaňa aýagyňyz bilen ýer depip aglaň. Ysraýyl öýüniň eden zalym we nejis işleri üçin perýat ediň. Sebäbi olar gylyçdan, açlykdan we mergiden gyrlar+. 12 Uzak ülkedäkiler mergiden, ýakyndakylar gylyçdan öler. Bulardan gaçyp gutulanlar açlykdan öler. Olara soňky damjasyna çenli gaharymy pürkerin+. 13 Nejis butlaryny razy etmek üçin ýakymly ysly gurbanlyklary+ getiren her bir ýerinde — nejis butlarynyň arasynda, gurbanlyk ojaklarynyň töwereginde, beýik baýyrda, daglaryň depesinde, gür ýaprakly agaçlaryň we beýik agaçlaryň şahalarynyň aşagynda jesetleri serlip ýatar+. Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 14 Olara el götererin, ýurtlaryny çöle öwrerin. Ýaşaýan ýerleri Diblanyň ýanyndaky çölden hem beter çolaryp galar. Şonda meniň Ýehowadygymy bilerler“».