Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.
64 Eý Hudaý, ýalbarýaryn, meniň dogamy eşit+.
Zalym duşmanlardan meniň janymy gora.
2 Maňa garşy dil düwüşýän zalymlardan+,
Bir ýere jemlenen erbetlerden gora.
3 Dillerini gylyç kimin ýiteldýärler,
Ajy sözlerini peýkam kimin çeneýärler.
4 Bigünäni atmak üçin gizlenip ýatýarlar,
Duýdansyz ok atýarlar, hiç zatdan gorkmaýarlar.
5 Olar erbet niýetinden dänmeýärler*,
Gizlin duzak gurmagyň maslahatyny edýärler.
Olar: «Hiç kim görmez» diýýärler+.
6 Erbetlik etmegiň täze ýollaryny agtarýarlar,
Mekirlik bilen duzak gurýarlar+,
Olaryň oý-pikirlerine düşünip bolmaýar.
7 Emma Hudaý olary duýdansyz atar+,
Oky bilen ýaralar.
8 Zalymlar öz dilinden bela galar+,
Olary görenler başyny ýaýkar.