Zebur
Dawudyň aýdymy.
143 Eý Ýehowa, dogamy eşit+, perýadymy diňle.
Maňa jogap ber, sebäbi sen wepaly hem adalatly.
2 Bendäňi ýazgarma,
Sebäbi seniň öňüňde hiç kim dogruçyl bolup bilmez+.
3 Duşmanlar meni yzarlaýar,
Meni gara topraga garýar.
Men ölüp giden adam deý tümlükde ýaşamaly bolýaryn.
5 Gadymy günler hakda oýa batýaryn,
Işleriň hakda pikire gidýärin+.
Ýaradan zatlaryň hakda çuňňur oýlanýaryn*.
6 Elimi göge galdyryp, saňa ýalbarýaryn,
Takyrlyk ýagşa garaşýar,
Meniň janym bolsa saňa garaşýar+. (Sela)
Ýörejek ýollarymy görkez+,
Ömrümi saňa bagyş etdim.
9 Eý Ýehowa, seni pena edindim,
Meni duşman elinden halas et+.
10 Maňa islegiňi berjaý etmegi öwret+,
Sebäbi sen meniň Hudaýym.
Sen ýagşysyň;
Ruhuň meni tekiz ýoldan ýöretsin.
11 Eý Ýehowa, adyň hatyrasyna meni aman-esen sakla;
Adalatyň hatyrasyna zulumdan azat et+.