Zebur
Dawudyň aýdymy.
27 Ýehowa nurum+, halasgärimdir.
Men kimden gorkaýyn?+
Ýehowa janymy goraýan galadyr+.
Kimden heder edeýin?
Uruş tursa-da,
Hudaýa bil baglaryn.
4 Ýehowadan dileýärin,
Şuny arzuw edýärin:
Ömürboýy Ýehowanyň öýünde bolsadym+,
Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda oýlansadym,
6 Meni gaban duşmanlarymy ýeňerin,
Şatlanyp, onuň çadyrynda gurbanlyk bererin,
Ýehowany wasp edip aýdym aýdaryn.
8 «Meni gözläp tapyň!» diýen sözleriň
Hemişe gulagymda ýaňlanýar.
Eý Ýehowa, seni bütin ýüregim bilen gözlärin+.
9 Menden ýüzüňi sowma+,
Gahar edip guluňy kowma,
Sen meniň hemaýatkärim+,
Meni terk etme, taşlama, eý halasgärim.
12 Meni duşmanlarymyň eline berme+,
Ýalançy şaýatlar garşy çykýarlar+,
Zalymlyk bilen haýbat atýarlar.
Ýehowa umyt bagla!