Süleýmanyň aýdymy
5 «Mähribanym, gelinligim!
Men bagyma girdim+,
Ary balyndan iýdim,
Şerap hem süýt içdim»+.
«Eý aşyk-magşuklar, iýiň, içiň,
Yşkyň meýinden serhoş boluň!»+
2 «Uka gitsem-de, oýadyr kalbym+.
Sesi gelýär, gapyny kakýar ýarym.
„Açsana gapyny, mähribanym, dildarym,
Gögerçinim, birkemsiz gözelim.
Gijäniň çygyna+ ezildi başym,
Öl boldy buýra saçym“.
3 Eşigimi çykarypdym,
Ýene geýeýinmi?
Aýagymy ýuwupdym,
Ýene hapalaýynmy?
4 Elini gapydan* aýyrdy ýarym,
Şol pursat gürsüldäp urdy ýüregim.
6 Gapyny açdym söwer ýaryma,
Ezizim gidipdir bakman yzyna.
Ol gidende* akyl-huşum ýitirdim.
Näçe gözlesem-de, hiç tapmadym+,
Näçe çagyrsam-da, jogap almadym.
7 Meni gören şäher garawullary,
Tutdular, urdular, ýara saldylar.
Şäher diwarynyň sakçylary,
Başymdaky bürenjegi aldylar.
8 Eý Iýerusalim gyzlary, söz beriň:
Görseňiz aýdyň söwer ýaryma,
Yşk derdi düşdi başyma».
9 «Eý gözelleriň soltany,
Söýgüliň başga ýigitlerden şeýle gowumy?
Biz söz berip, ant içer ýaly,
Söýgüliň olardan şeýle artykmy?»
10 «Söwer ýarym nurdur, ýaňagy al-nardyr,
On müň ýigidiň içinden saýlanyp durandyr.
11 Altyndan, sap altyndandyr başy,
Palma ýapragy* deý buýradyr saçy,
Gara garga kimin şar garadyr saçy.
13 Ýaňaklary atyr ysly gülzarlyk+,
Hoşboý ysly, melhem otly baýyrlyk.
Lebleri çigildem, damýar mür*+ ýagy.
14 Dyrnaklary zeberjet*, barmaklary altyndan,
Garny pil süňkünden, gaş goýlupdyr ýakutdan.
15 Mermer sütüni deý aýagy, sap altyndan diregi,
Liwan kimin syratly, kedr deý uzyn boýly+.
16 Lebleri şirin-şeker,
Boý-syraty özüne çeker+.
Eý Iýerusalim gyzlary,
Söwer ýarym şeýledir».