Hoşeýa
4 Men mähir we söýgi bilen golundan tutup* ýöretdim+.
Men onuň boýnundan boýuntyrygyny çykaryp taşladym,
Her birini mähir bilen naharladym.
6 Olar pälinden taparlar+, gylyçdan geçiriler,
Gylyç şäherlerini weýran edip+, kiltlerini döwüp taşlar.
7 Halkym maňa biwepalyk etmegi ýüregine düwdi+.
Olara: „Hudaýa dolanyň!“ diýdiler,
Emma hiç biri seslenmedi.
8 Efraýym, men senden nädip ýüz öwreýin?+
Ysraýyl, seni nädip duşmanyň eline bereýin?
Heý-de, seni Admanyň gününe salarynmy?
Heý-de, seni Zeboýymy+ edişim ýaly ederinmi?
Meniň ýüregim gyýyldy,
Size rehimim indi+.
9 Gaharymy başyňyzdan indermerin.
Indi Efraýymy ýok etmerin+,
Sebäbi men ynsan däl, Hudaýdyryn,
Siziň Mukaddes Hudaýyňyzdyryn.
Men gazap bilen üstüňize gelmerin.
10 Olar Ýehowanyň yzyndan gider, ol arslan kimin arlar+.
Hudaý batly ses bilen gygyrar,
Ogullary günbatardan sandyr-sandyr edip gelerler+.
11 Olar Müsürden guş kimin,
Assiriýadan kepderi kimin titräp gelerler+.
Men olary öýünde ýaşadaryn — muny Ýehowa aýdýar+.
12 Efraýym maňa ýalan sözleýär.
Nirä seretsem, Ysraýyl öýüniň hilegärligini görýärin+.
Emma Ýahuda Allanyň ýolundan ýöreýär,
Iň Mukaddes Hudaýa wepaly bolýar»+.