1 Şamuwel
24 Şawul piliştliler bilen söweşden gaýdyp gelende, oňa: «Dawut En-gedi+ çölünde» diýip habar berdiler.
2 Şonda ol Ysraýylyň 3 000 batyr ýigidini ýanyna alyp, dag geçileriniň ýaşaýan gaýalaryndan Dawut bilen adamlaryny gözlemäge gitdi. 3 Ýoluň ugrunda daşdan salnan agyllar bardy. Agylyň golaýynda bir gowak bardy. Şawul aýakýoluna çykmak üçin gowaga girdi. Dawut bolsa adamlary bilen gowagyň düýbünde otyrdy+. 4 Dawudyň adamlary: «Görsene, Ýehowa duşmanyňy eliňe berýär!+ Indi oňa isläniňi edip bilersiň» diýdiler. Şonda Dawut assyrynlyk* bilen baryp, Şawulyň donunyň* eteginden bir bölek kesip aldy. 5 Emma eden işi üçin, Dawudyň ynsaby* ezýet berdi+. 6 Ol adamlaryna: «Heý-de, hojaýynyma el galdyryp bilerinmi?! Ol Ýehowanyň belläni ahyryn. Ýehowanyň bellän adamyna ýamanlyk edip bilmerin, Ýehowa muny asla oňlamaz»+ diýdi. 7 Dawut adamlaryny saklap*, Şawuly öldürmäge ýol bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp gitdi.
8 Dawut gowakdan çykyp, Şawulyň yzyndan: «Patyşahym!»+ diýip gygyrdy. Şawul yzyna öwrüldi welin, Dawut dyza çöküp, tagzym etdi. 9 Soňra ol: «„Dawut seni öldürjek bolýar“ diýýänleriň gepine näme üçin ynanýaň?+ 10 Görýäňmi, şu gün gowaga gireniňde, Ýehowa seni elime berdi. Ýanymdakylar öldür diýse-de+, saňa haýpym gelip: „Heý-de, hojaýynyma el galdyrarynmy?! Ol Ýehowanyň belläni ahyryn“+ diýdim. 11 Seret, atam, donuň eteginden bir bölek kesip aldym, ýöne seni öldürmedim. Saňa ýamanlyk etmek ýa garşy çykmak niýetimiň ýokdugy şundanam belli ahyryn. Meni öldürjek bolup, yzarlap ýörseňem+, saňa hiç hili ýamanlyk etmedim+. 12 Goý, Ýehowa ikimiziň aramyzda kazy bolsun+. Men saňa el galdyrmaryn+, goý, arymy Ýehowa alyp bersin+. 13 Köneler: „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýipdirler, men saňa el galdyrmaryn. 14 Onsoňam, Ysraýyl patyşasy gözlär ýaly, men kimmişim? Men bir öli it ýa büre dälmi?!+ 15 Goý, bize Ýehowa kazylyk etsin, işimizi derňäp, höküm çykarsyn. Ol meni aklap+, eliňden halas etsin» diýdi.
16 Dawut gepläp bolan badyna, Şawul: «Dawut, oglum, senmi?»+ diýip, ses edip aglady. 17 Soňra ol: «Sen menden has adalatly ekeniň. Seniň eden ýagşylyklaryňa ýamanlyk bilen jogap berdim+. 18 Ine, Ýehowa meni eliňe berse-de, öldürmän, uly ýagşylyk etdiň+. 19 Haýsy adam duşmanyny ele salar-da, aman goýberer? Şu günki ýagşylygyň üçin, Ýehowa seni sylaglar+. 20 Sen hökman patyşa bolarsyň+, Ysraýyl hökümdarlygy elmydama seniň eliňde durar. Men muňa doly göz ýetirdim. 21 Ýöne ölenimden soň neslimi bütinleý ýok etmejegiňe, adymy atamyň hojalygyndan öçürip taşlamajagyňa+ Ýehowadan ant iç»+ diýdi. 22 Dawut Şawula ant içdi. Soňra Şawul öýüne gaýtdy+, Dawut bolsa adamlary bilen gowaga gitdi+.