Nakyllar
2 Dogrulyk ýolunda ýöreýän Ýehowadan gorkýar,
Egri ýoldan ýöreýän Allany äsgermeýär.
3 Tekepbir akmagyň dili gamçy kimindir,
Paýhasly adamyň dili galkan kimin goraýandyr.
4 Mal-garasy bolmadygyň malýatagy arassadyr,
Öküzli adam ýerden bol hasyl alýandyr.
5 Hak şaýat ýalan sözlemeýär,
Ýalançy şaýat her deminde ýalan ýagdyrýar+.
6 Özdiýenli adam akyldarlygy gözlese-de, tapyp bilmez.
Düşünjeli adam bilim alýar+.
7 Akmak adamdan uzakda dur,
Onuň agzyndan pähimli sözler çykmaýar+.
10 Ýürek öz derdini özi bilýär,
Ýürek şatlananda hem hiç kim düşünmeýär.
11 Erbet adamyň öýi dargar+,
Dogruçylyň çadyry berk durar.
13 Käte adamyň ýüzi gülse-de, ýüregi aglaýar,
Käte bolsa şatlygy gaýga öwrülýär.
16 Paýhasly adam ätiýaçly bolup, zalymlykdan gaçýar,
Akmak özüne göwni ýetip batyrsyraýar*.
19 Erbetler ýagşy adamyň öňünde baş eger,
Zalymlar adalatlynyň derwezesinde dyz eper.
21 Goňşusyny kemsidýän günä edýär,
Garyba rehim edýän bagtlydyr+.
22 Päliýaman ýolundan azaşar,
23 Agyr zähmetiň peýdasy köpdür,
Boş gürrüňler garyp düşürýär+.
24 Paýhasly adamyň täji onuň baýlygydyr,
Akylsyzyň işleri akmaklyga eltýär+.
25 Dogruçyl şaýat jany halas edýär,
Ýalançy şaýat her deminde ýalan ýagdyrýar.
27 Ýehowadan gorky ýaşaýyş çeşmesidir,
Adamy ölüm duzaklaryndan halas edýändir.
28 Patyşanyň halky köp bolsa, şan-şöhraty hem beýikdir+,
Halksyz hökümdaryň güýç-kuwwaty ýokdur.
33 Akyldarlyk düşünjeli adamyň kalbynda ümsüm oturýar+,
Akmaklaryň arasynda bolsa özüni tanadýar.
34 Dogruçyllyk milleti beýgeldýär+,
Günä bolsa halky masgara edýär.