Eýýup
8 Şuwaslardan+ Bildat+ söze başlady:
2 «Haçana çenli şeýdip gepläp oturjak?+
Agzyňdan çykýan sözler tüweleý ýaly.
3 Hudaý adalatsyzlyk edermi?
Gudratygüýçli hakykaty ýoýarmy?
4 Ogullaryň Hudaýa garşy günä eden bolsa,
Ýazyklaryna görä jeza alandyr.
5 Eger Gudratygüýçlüni agtarsaň+,
Rehim etmegi üçin ýalbarsaň,
6 Päk, dogruçyl+ bolsaň,
Saňa nazar salardy*,
Hojalygyňy dikelderdi, abraýyňy artdyrardy.
7 Ýagdaýyň häzire çenli erbet bolsa-da,
Indi görjegiň gowy bolardy+.
8 Öten nesillerden sorap gör,
Ata-babalaryň toplan tejribesinden öwren+.
9 Biz düýn doguldyk, bilýän zadymyz ýok,
Ömrümiz kölege kimin gysga.
10 Olar saňa öwretmezmi?
Gören-eşidenlerini gürrüň bermezmi?
11 Batgasyz ýerde gargy bitermi?
Suwsuz ýerde gamyş ösermi?
12 Ol entek ösmänkä, köki bilen sogrulmanka,
Başga otlardan tiz guraýar.
13 Allany unudanlaryň soňy* şeýle bolar,
Hudaýsyzlaryň* umydy üzüler.
14 Bil baglaýan zady boşdur,
Möýüň kerebi kimin ejizdir.
15 Kerebe söýenen ýykylar,
Ýapyşjak bolsa, ol üzüler.
16 Ol Gün şöhlesine pajarlap ösýän,
Şahalary bagyň içine ýaýran agaç kimindir+.
17 Köki daşlara çyrmaşýar,
Olaryň arasynda ýaşaýar.
18 Emma ony köki bilen sogursaň,
Ýer oňa: „Seni tanamaýaryn“ diýer+.
19 Soňra ol ýitip gider+,
Ýer astyndan başgalary gögerer.
20 Hudaý wepaly* adamy terk etmez,
Zalymlary goldamaz.
21 Sen ýene-de hezil edip gülersiň,
Ýüregiň* şatlykdan dolar.
22 Seni ýigrenýänler utanja galar,
Ýamanlaryň çadyry zym-zyýat bolar».