Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 20
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Sapar ikinji gezek gepleýär (1—29)

        • Biynjalyk bolýandygyny aýdýar (2, 3)

        • Eýýubyň erbetdigini aýdýar (5)

        • Eýýubyň erbetlikden lezzet alýandygyny aýdýar (12, 13)

Eýýup 20:1

Parallel aýatlar

  • +Eýp 2:11; 11:1

Eýýup 20:4

Parallel aýatlar

  • +Eýp 8:8

Eýýup 20:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Imandan dänen.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 8:13, 19; 21:28

Eýýup 20:9

Parallel aýatlar

  • +Eýp 8:13, 18

Eýýup 20:10

Parallel aýatlar

  • +Eýp 20:18

Eýýup 20:18

Parallel aýatlar

  • +Eýp 20:10

Eýýup 20:25

Parallel aýatlar

  • +Eýp 15:21; 18:5, 11

Umumy salgylar

Eýp. 20:1Eýp 2:11; 11:1
Eýp. 20:4Eýp 8:8
Eýp. 20:5Eýp 8:13, 19; 21:28
Eýp. 20:9Eýp 8:13, 18
Eýp. 20:10Eýp 20:18
Eýp. 20:18Eýp 20:10
Eýp. 20:25Eýp 15:21; 18:5, 11
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
Mukaddes Kitap
Eýýup 20:1—29

Eýýup

20 Nagamatly Sapar+ söze başlady:

 2 «Aýdanlaryň meni biynjalyk edýär,

Pikirlerim alada goýýar, geplemesem bolmaýar.

 3 Käýinç sözleriň degnama degdi.

Men paýhasly adam, saňa jogap bereýin.

 4 Elbetde, sen muny öňem bilýänsiň,

Adam döräli bäri ýagdaý şeýledir+.

 5 Erbediň şatlykly sesi tiz kesilýändir,

Hudaýsyz* adamyň begenji az salymlykdyr+.

 6 Onuň at⁠-⁠abraýy göge baryp ýetse⁠-⁠de,

Başy bulutlara degse⁠-⁠de,

 7 Öz nejasady kimin ebedilik ýok bolar.

Tanyş⁠-⁠bilişleri: „Ol nirede?“ diýer.

 8 Düýş kimin geçip gider, hiç kim tapmaz,

Gijeki düýş kimin unudylar.

 9 Ony gören gözler gaýdyp görmez,

Ony öz öýünde⁠-⁠de hiç kim tapmaz+.

10 Çagalary garyplardan hemaýat gözlär,

Ol baýlygyny öz eli bilen paýlar+.

11 Goç ýigit ýaly bolsa⁠-⁠da güýçli,

Dünýäden öter kuwwatly wagty.

12 Erbetlik agzynda bal ýaly bolsa,

Ony diliniň astynda gizlese,

13 Ony sorup, lezzet alsa,

Agzyndan çykarmasa,

14 Iýen nahary içinde ajar,

Kepjebaşyň zäherine döner.

15 Iýen bar baýlygyny gusar,

Hudaý baýlygyny içinden çykarar.

16 Kepjebaş ony çakar,

Alahöwren çakyp öldürer.

17 Akar suwlara,

Ýag bilen bala gözi düşmez.

18 Mal⁠-⁠mülküni yzyna berer, peýdasyny görmez,

Söwda edip gazanan baýlygynyň hözirini görmez+.

19 Sebäbi ol garyba sütem etdi,

Iliň jaýyna eýe çykdy.

20 Kalbynda rahatlyk bolmaz,

Baýlygy başyny gutarmaz.

21 Ýalmap⁠-⁠ýuwudara zady galmaz,

Mal⁠-⁠mülki tiz dargar.

22 Örän baýasa⁠-⁠da, aladasy artar,

Bela⁠-⁠beter başyna ýeter.

23 Gerk⁠-⁠gäbe doýanda,

Hudaý gahar⁠-⁠gazabyny üstüne döker,

Ýagmyr kimin bela⁠-⁠beter başyna ýagar.

24 Demir oklardan gaçyp gutulsa,

Mis peýkam içinden parran geçer.

25 Ol peýkamy arkasyndan sograr,

Demir oky ödünden çykarar,

Şonda ony gorky basar+.

26 Hazynasyny tümlük gaplar,

Hiç kimiň ýakmadyk ody ýuwudar,

Çadyrda galanlaryň başyna bela iner.

27 Asman onuň aýybyny açar,

Zemin garşysyna çykar.

28 Apy⁠-⁠tupan öýüni ýer bilen ýegsan eder,

Hudaýyň gahar gününde sil alar.

29 Erbetleriň Alladan aljak almyty şudur,

Hudaýyň olara berjek mirasy şudur».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş