Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Eýýup 15
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Eýýup kitabynyň mazmuny

      • Alypaz ikinji gezek gepleýär (1—35)

        • Eýýubyň Hudaýdan gorkmaýandygyny aýdýar (4)

        • Eýýup tekepbirlikde aýyplanýar (7—9)

        • «Hudaý perişdelerine⁠-⁠de ynanmaýar» (15)

        • Erbet adam ejir çekýär (20—24)

Eýýup 15:1

Parallel aýatlar

  • +Eýp 2:11; 4:1

Eýýup 15:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Günäleriň aýtmaly sözleriňi agzyňa salýar.

Eýýup 15:6

Parallel aýatlar

  • +Eýp 42:8

Eýýup 15:9

Parallel aýatlar

  • +Eýp 13:2; 16:2

Eýýup 15:10

Parallel aýatlar

  • +Eýp 32:6

Eýýup 15:14

Parallel aýatlar

  • +Eýp 25:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/2/2010, sah. 20

Eýýup 15:15

Parallel aýatlar

  • +Eýp 25:5, 6; 42:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/2/2010, sah. 20

    11/2023, sah. 2

Eýýup 15:16

Parallel aýatlar

  • +Eýp 4:18, 19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/2/2010, sah. 20

Eýýup 15:18

Parallel aýatlar

  • +Eýp 8:8

Eýýup 15:21

Parallel aýatlar

  • +Eýp 18:11; 20:25

Eýýup 15:22

Parallel aýatlar

  • +Eýp 18:12

Eýýup 15:30

Çykgytlar

  • *

    Ýagny gutulmaga umydy bolmaz.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 4:9

Eýýup 15:32

Parallel aýatlar

  • +Eýp 22:15, 16

Eýýup 15:34

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Imandan dänenleriň.

Parallel aýatlar

  • +Eýp 8:11—13

Umumy salgylar

Eýp. 15:1Eýp 2:11; 4:1
Eýp. 15:6Eýp 42:8
Eýp. 15:9Eýp 13:2; 16:2
Eýp. 15:10Eýp 32:6
Eýp. 15:14Eýp 25:4
Eýp. 15:15Eýp 25:5, 6; 42:7
Eýp. 15:16Eýp 4:18, 19
Eýp. 15:18Eýp 8:8
Eýp. 15:21Eýp 18:11; 20:25
Eýp. 15:22Eýp 18:12
Eýp. 15:30Eýp 4:9
Eýp. 15:32Eýp 22:15, 16
Eýp. 15:34Eýp 8:11—13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
Mukaddes Kitap
Eýýup 15:1—35

Eýýup

15 Teýmanly Alypaz+ söze başlady:

 2 «Paýhasly adam boş deliller getirermi?

Ýüreginde erbet höwese ýer berermi?

 3 Gury söz bilen käýemegiň,

Boş geplemegiň peýdasy ýokdur.

 4 Hudaýdan gorkmaýarsyň,

Oňa ünsem bermeýärsiň.

 5 Sözleriňden günäleriň görünýär*,

Diliň hilegärlik bilen gepleýär.

 6 Men däl, seni öz diliň höküm edýär,

Dodaklaryň paş edýär, aýybyňy açýar+.

 7 Dünýä inen ilkinji ynsan senmi?

Dag⁠-⁠depelerden öň doguldyňmy?

 8 Özüňi Hudaýyň syrdaşy hasaplaýarmyň?

Sen ýeke⁠-⁠täk paýhasly adammy?

 9 Bizden artyk bilýän zadyň barmy?+

Bizden artyk düşünjäň barmy?

10 Aramyzda kakaňdan⁠-⁠da uly,

Çal saçly garrylar, gojalar bar+.

11 Hudaýyň berýän tesellisi,

Hoşamaý sözler saňa az boldumy?

12 Näme üçin tekepbir ýüregiň ýesiri bolýarsyň?

Näme üçin gözleriňi alardýarsyň?

13 Hudaýa garşy gahar⁠-⁠gazabyň tutaşýar,

Diliňi saklaman, erbet sözleri aýdýarsyň.

14 Başy ölümli ynsan, heý⁠-⁠de, päk bolarmy?

Eneden doglan dogruçyl hasaplanarmy?+

15 Hudaý perişdelerine⁠-⁠de ynanmaýar,

Gökler hem nazarynda arassa däldir+.

16 Onsoň ol erbetligi suw ýaly içýän,

Ýigrenji, zalym işleri edýän ynsana neneň ynansyn?!+

17 Meni diňle, düşündireýin!

Görenlerimi beýan edeýin!

18 Akyldarlaryň nesihatyny aýdaýyn,

Ata⁠-⁠babalary olara gürrüň beripdir+, gizlemändir.

19 Olara ýurtdan paý berlipdi,

Aralarynda ýat adam ýaşamandy.

20 Erbet adam ömürboýy ejir çekýändir,

Ýyllarboýy jebir⁠-⁠jepa içindedir.

21 Elhenç sesler gulagynda ýaňlanýar+,

Asuda döwür garakçylar çozýar.

22 Heläkçilikden gutulmajagyny bilýär+,

Gylyçdan öljegine düşünýär.

23 Ol: „Çöregi nireden tapaýyn?“ diýip urunýar,

Heläkçiligiň gelýändigini ýüregi duýýar.

24 Gaýgy⁠-⁠hasrat gorkuzýar,

Patyşa kimin topulýar, sustuny basýar.

25 Ol Hudaýa el göterýär,

Gudratygüýçlüden üstün çykjak bolýar.

26 Galkany galyňdyr, berkdir,

Boýnuýogynlyk edýär, Hudaýa topulýar.

27 Ýüzünden ýag damýar,

Garnyny ýag basýar.

28 Ýaşaýan galalary weýran ediler,

Öýlerinde hiç kim ýaşamaz,

Olar haraba öwrüler.

29 Ol baýamaz, döwleti artmaz,

Mal⁠-⁠mülki ýer ýüzüne ýaýramaz.

30 Bela⁠-⁠beter başyndan sowulmaz,

Şahalary oda ýanyp kül bolar*,

Ol Hudaýyň demine ýok bolar+.

31 Boş zatlara bil baglap, öz⁠-⁠özüni aldamasyn,

Sebäbi gazanan zady bolmaz.

32 Aýdylanlar tiz amala aşar,

Şahalary hiç haçan pyntyklamaz+.

33 Ol üzüm agajy kimin, bişmedik miwesini döker,

Zeýtun agajy kimin, güllerini döker.

34 Hudaýsyzlaryň* maslahaty puç bolar+,

Parahorlaryň çadyry ýanyp kül bolar.

35 Olar diňe erbetlik hakda pikir edýär,

Adamlara hemişe ýamanlyk edýär,

Ýürekleri mekirlikden doly».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş