Eýýup
19 Eýýup söze başlady:
4 Ýalňyşlyk eden bolsam,
Onda günäm öz boýnuma.
5 „Eliň bilen edeniňi egniň bilen çekýärsiň“ diýýärsiňiz.
Özüňizi menden ýokary tutýarsyňyz.
6 Emma Hudaýyň özi meni aldady,
Tor gurup, meni tutdy.
8 Ol ýolumy bekledi, aşyp bilemok,
Köçelerimi tümlük bilen gaplady+.
9 Ol meni at-abraýdan düşürdi,
Başymdan täjimi aldy.
10 Heläk bolýançam, meni gysyp gowurýar,
Umydymy köki bilen sogurýar.
11 Meni duşmany hasaplaýar,
Maňa garşy gahar ody tutaşýar+.
12 Goşunlary gelip, meni gabaýar,
Çadyrymyň daşynda düşelge gurýar.
13 Doganlarymy menden daşlaşdyrdy,
Tanyş-bilişler menden ýüz öwürdi+.
14 Hossarlarym meni taşlady,
Dost-ýarlarym meni unutdy+.
15 Myhmanlaryma+, gyrnaklaryma ýat boldum,
Olar üçin men bir gelmişek ýaly.
16 Hyzmatkärimi çagyrýaryn,
Rehim et diýip ýalbarýaryn, emma jogap bermeýär.
17 Demim aýalymyň ýüregini bulaýar+,
Erbet ysymdan ýaňa doganlarym ýanyma gelmeýär.
18 Çagalar hem meni kemsidýär,
Otursam-tursam üstümden gülýär.
21 Maňa rehim ediň, dostlarym, rehim ediň!
Alla meni eli bilen urdy+.
23 Käşgä sözlerim ýazylsady,
Olar kitaba ýazylsady!
24 Wah, demir galam, gurşun bilen,
Gaýanyň ýüzüne oýulyp ýazylsady!
26 Hamym çüýrese-de,
Janym içimdekä Hudaýy görerin.
27 Men ony hökman görerin.
Başganyň gözi däl, meniň öz gözüm görer!+
Içimde harasat gopýar*.
28 Siz maňa: „Azar berdikmi?“ diýýärsiňiz+.
Meni belanyň körügi hasaplaýarsyňyz.