Ýuşa
14 Algazar ruhany, Nunuň ogly Ýuşa we ysraýyl tirebaşylary Kengan ýurdundan ysraýyllara mülk paýladylar+. 2 Ýehowanyň Musa arkaly tabşyryşy ýaly, ýurdy dokuz ýarym taýpa+ bije atyp+ paýladylar. 3 Musa beýleki iki ýarym taýpa Iordanyň aňyrsyndan* mülk berdi+. Lewilere bolsa ysraýyl taýpalarynyň arasyndan mülk bermedi+. 4 Ýusubyň neslinden iki taýpa+, manaşa we efraýym taýpasy+ döräpdi. Lewilere diňe ýaşar ýaly şäher we mal-garasy üçin öri meýdanlar berildi, başga hiç hili mülk berilmedi+. 5 Şeýlelikde, Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly, ysraýyllar ýurdy paýlaşdylar.
6 Ýahuda taýpasyndan birnäçe adam Gilgala+, Ýuşanyň ýanyna geldi. Kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalep+ Ýuşa şeýle diýdi: «Hak Hudaý Ýehowanyň Musa+ arkaly Kadeş-barneýada+ ikimize näme diýeni ýadyňdadyr+. 7 Ýehowanyň guly Musa bizi Kadeş-barneýadan ýurdy gözden geçirmäge iberipdi+, şonda 40 ýaşymdadym. Men gelip, bar zady bolşy ýaly gürrüň berdim*+. 8 Ýanymda giden ýoldaşlarym halky howsala düşürse-de*, men Ýehowa Hudaýyma bütin ýüregim bilen gulak asdym+. 9 Şol gün Musa ant içip: „Aýak basan ýeriňi saňa we nesliňe hemişelik mülk edip bererin, sebäbi sen Ýehowa Hudaýa bütin ýüregiň bilen gulak asdyň“ diýdi+. 10 Ysraýyl halky çölde ýaşap ýörkä+, Ýehowa Musa arkaly söz berişi ýaly+, meni 45 ýyllap gorady+. Ýehowa sözünde durdy, häzir men 85 ýaşymda. 11 Güýç-gurbatym Musanyň iberen wagtyndakydan pes däl. Öňkim ýaly söweşe gitmäge-de, başga işleri etmäge-de güýjüm bar. 12 Şonuň üçin Ýehowanyň wada berişi ýaly, daglygy maňa mülk edip beräý. Şol ýerde anaklar+ ýaşaýar, beýik galalary+ bar diýipdiler, ýöne men Ýehowa bil baglaýaryn+. Ýehowanyň söz berişi ýaly, olary ýurtdan kowup çykararyn»+.
13 Şonda Ýuşa Ýepunnanyň ogly Kalebe ak pata berip, Hebrony mülk edip berdi+. 14 Hebronda häzire çenli kenislerden Ýepunnanyň ogly Kalebiň nesli ýaşaýar, sebäbi Kalep Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bütin ýüregi bilen gulak asypdy+. 15 Öňler Hebronyň ady Kirýat-arbady+. Arba anaklaryň arasynda at-abraýly adamdy. Şeýlelikde, uruş tamamlanyp, ýurtda parahatlyk boldy+.