Işaýa
4 Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp+:
«Biz iýmäge çöregi,
Geýmäge eşigi özümiz taparys;
Bize öýlen, adyňy götermäge rugsat ber,
2 Şol gün Ýehowanyň oturdan nahaly owadan we beýik* agaç bolar. Ysraýylyň aman galanlary ýurduň hasylyna guwanar, buýsanar+. 3 Sionyň we Iýerusalimiň aman galanlaryna — Iýerusalimde ýaşamak üçin ýazga alnan ilata — mukaddes diýler+.
4 Ýehowa Sion gyzlaryny hapadan* arassalar+. Hudaý gahar-gazap bilen Iýerusalimi höküm edip, gan tegmillerinden tämizlär+. 5 Ýehowa tutuş Sion dagyny we onuň ýygnak ýerini gündizine bulut hem tüsse bilen, gijesine bolsa alaw bilen gorar+. Şöhratly şäher gorag astynda bolar. 6 Ol ýerde yssyda saýa salýan+ we gaý-tupandan goraýan gaçybatalga bolar+.