Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 34
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Işaýa kitabynyň mazmuny

      • Ýehowa halklardan ar alýar (1—4)

      • Edom haraba öwrüler (5—17)

Işaýa 34:2

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:15; Ýow 3:12; Sep 3:8; Zek 14:3
  • +Işa 30:27; Nah 1:2
  • +Ylh 19:11, 15

Işaýa 34:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: daglara siňer.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:33
  • +Hyz 39:4

Işaýa 34:5

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:41
  • +Zb 137:7; Ýer 49:7, 22

Işaýa 34:6

Parallel aýatlar

  • +3Ms 3:16
  • +Işa 63:1—3; Abd 8, 9

Işaýa 34:8

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:41; Zb 94:1
  • +Işa 35:4

Işaýa 34:9

Çykgytlar

  • *

    Edomyň paýtagty Bosra göz öňünde tutulýan bolmaly.

  • *

    Ýa-da: şepbige.

Işaýa 34:10

Parallel aýatlar

  • +Mel 1:4

Işaýa 34:11

Çykgytlar

  • *

    Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.

Işaýa 34:13

Parallel aýatlar

  • +Mel 1:3

Işaýa 34:14

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: Geçä meňzeş jyn.

Işaýa 34:16

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ruhy.

Umumy salgylar

Işa. 34:2Ýer 25:15; Ýow 3:12; Sep 3:8; Zek 14:3
Işa. 34:2Işa 30:27; Nah 1:2
Işa. 34:2Ylh 19:11, 15
Işa. 34:3Ýer 25:33
Işa. 34:3Hyz 39:4
Işa. 34:55Ms 32:41
Işa. 34:5Zb 137:7; Ýer 49:7, 22
Işa. 34:63Ms 3:16
Işa. 34:6Işa 63:1—3; Abd 8, 9
Işa. 34:85Ms 32:41; Zb 94:1
Işa. 34:8Işa 35:4
Işa. 34:10Mel 1:4
Işa. 34:13Mel 1:3
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
Mukaddes Kitap
Işaýa 34:1—17

Işaýa

34 Eý milletler, golaýyma gelip diňläň!

Eý halklar, üns beriň!

Eý zemin we ondaky bar zatlar,

Toprak we onuň miweleri, diňläň!

 2 Ýehowanyň halklara gahary gelýär+.

Olaryň goşunyna garşy gazaba münýär+.

Alla olary ýok eder,

Jelladyň eline berer+.

 3 Olaryň jesetleri çaşyp ýatar,

Maslyklary aňkap durar+.

Ganlary daglardan sil deý akar*+.

 4 Gökleriň goşuny ýok bolar,

Asman golýazma kimin düýrlener.

Gökleriň goşuny tapdan düşer,

Saralyp ýere dökülen üzüm ýapragy kimin,

Gurap ýere gaçan injir kimin bolar.

 5 «Gylyjym göklerde gana boýalar+.

Gylyjym Edomy gyrmaga geler+,

Höküm eden halkymyň başyndan iner.

 6 Ýehowanyň gylyjy gana boýalar.

Onuň gylyjy ýaga batar+.

Goçlaryň we geçileriň ganyna boýalar,

Goçlaryň böwrek ýagyna batar.

Sebäbi Ýehowa Bosra galasynda gurbanlyk berer,

Edom ýurdunda gan döker+.

 7 Ýabany öküzler, ýaş we güýçli öküzler

Olar bilen bile gyrlar.

Olaryň ýurdy gana boýalar,

Topragyny ýag basar».

 8 Sebäbi Ýehowa ar aljak gününi+,

Siony ezenlerden öç aljak ýylyny belledi+.

 9 Onuň* ýaplary gara sakgyja*,

Topragy kükürde öwrüler.

Tutuş ýurt ýanyp duran gara sakgyja döner.

10 Ol gije-gündiz ýanyp durar,

Tüssesi hemişe asmana galar,

Ebedilik haraba döner.

Indi ol ýerden hiç kim geçmez+.

11 Ol ýerde gotanlar we oklukirpiler ýaşar,

Baýguşlar we gargalar mesgen tutar.

Alla ony heläkçilik ölçeg ýüpi bilen,

Harabaçylyk ölçeg daşy* bilen ölçär.

12 Begleri patyşa bolmaz,

Hanlarynyň ählisi ýok bolar.

13 Onuň diňlerinde ýandak biter.

Galalaryny tikenekler we haşal otlar basar.

Ol şagallaryň sürenine+,

Düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.

14 Çöl haýwanlary bilen uwlaýan haýwanlar üýşer.

Ýabany geçi* jübütini çagyrar.

Gije uçýan guşlar höwürtge ýasar.

15 Okýylanlar mesgen tutar we ýumurtgalar.

Ýumurtgalaryny basyryp, olary gorar.

Çaýkeller jübüt-jübüt bolup üýşerler.

16 Ýehowanyň kitabyny açyp öwreniň, sesli okaň:

Olaryň hiç biri ýitmez,

Hiç biriniň jübüti kemlik etmez.

Ýehowanyň özi buýruk çykardy.

Onuň emri* bilen olar bir ýere jem boldy.

17 Alla olar üçin bije atdy,

Eli bilen olara ýer paýyny ölçäp berdi.

Ol ýer hemişe mesgeni bolar,

Çagalary-da hemişe ol ýerde ýaşar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş