Işaýa
39 Şol günler Wawilon patyşasy Balahanyň ogly Merodakbalahan Hizkiýanyň+ keselländigini we derdinden gutulandygyny eşidip, hat ýazyp, sowgat-serpaý iberdi+. 2 Hizkiýa gelen myhmanlary gujak açyp garşy aldy. Olara hazynasyndaky+ altyn-kümşüni, melhem ýagyny, başga-da gymmatbaha ýaglaryny, ok-ýaraglaryny we genji-hazynasyny görkezdi. Köşgünde we patyşalygynda Hizkiýanyň olara görkezmedik zady galmady.
3 Şonda Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip: «Olar nireli, näme diýdiler?» diýip sorady. Hizkiýa: «Olar uzak ýurtdan, Wawilondan gelipdirler»+ diýdi. 4 Işaýa: «Köşkde nämeleri görkezdiň?» diýip sorady. Hizkiýa: «Hemme zady, hazynamda görkezmedik zadym galmady» diýdi.
5 Işaýa pygamber Hizkiýa diýdi: «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: 6 „Şeýle günler geler, köşgüňdäki ähli zatlar, ata-babalaryň şu güne çenli ýygnan bar zatlary Wawilona äkidiler. Ýekeje zadam galmaz“+. Muny Ýehowa aýdýar+. 7 „Ogullaryň käbirini hem ýesirlige äkiderler, olar Wawilon patyşasynyň köşk emeldarlary bolarlar“»+.
8 Şonda Hizkiýa patyşa Işaýa: «Ýehowanyň aýdan sözleri hakdyr — diýdi. Soňra sözüni dowam edip — Meniň döwrümde parahatlygyň we asudalygyň boljagyna şükür»+ diýdi.