Işaýa
62 Sionyň adalaty nur kimin şöhle saçýança+,
Iýerusalimiň gutulyşy alaw kimin ýanýança+,
Sionyň hatyrasyna ümsüm bolmaryn, sessiz oturmaryn+.
Seni täze adyň bilen+,
Ýehowanyň dakan ady bilen çagyrarlar.
3 Sen Ýehowanyň elinde owadan täç,
Hudaýyň golunda şanyň sellesi bolarsyň.
Indi saňa „Gözümiň guwanjy“+,
Ýurduňa „Ärli aýal“ diýerler.
Sebäbi sen Ýehowanyň guwanjy bolarsyň,
Ýurduň täze gelin kimin bolar.
5 Ýigidiň gyza öýlenişi deý,
Ogullaryň hem saňa eýe çykar*.
Ýigidiň gelnine bakyp begenişi deý,
Alla hem saňa seredip guwanar+.
6 Eý Iýerusalim, diwarlaryňda garawullary goýdum,
Goý, olar gije-gündiz dynman gygyrsynlar!
Eý Ýehowany çagyrýanlar,
Dymyp durmaň!*
7 Hudaý Iýerusalimi dikeldýänçä,
Ýer ýüzünde beýgeldýänçä+, doga-dileg ediň».
8 Ýehowa sag goluny, güýçli goluny galdyryp ant içýär:
«Indi çöregiňizi duşmanlara bermerin,
Der döküp ýasan täze şerabyňyzy kesekilere içirmerin+.
9 Üzüm ýygnaýanlar miwesini iýip, Ýehowa alkyş aýdar,
Üzümçiler mukaddes howlularymda şerap içer»+.
10 Çykyň, derwezelerden çykyň!
Halkym üçin ýol taýýarlaň+.
Ýol çekiň, şaýol çekiň!
Daşlardan arassalaň+,
Halklar üçin bellik dikiň+.
11 Ýehowa tutuş ýer ýüzüne buýruk berdi:
«Sion gyzyna aýdyň:
„Tizden halas bolarsyň+.
Ine, Hudaýyň berjek sylagy ýanyndadyr,
Tölegi öňündedir“»+.