Ýermeýa
23 Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň örimiň goýunlaryny ýok edýän we olary dargadýan çopanlaryň waý halyna!»+
2 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa halkyny bakýan çopanlar barada şeýle diýýär: «Siz goýunlarymy dargatdyňyz, pytratdyňyz, olaryň aladasyny etmediňiz+.
Men zalym işleriňiz üçin jeza bererin — muny Ýehowa aýdýar.
3 Men goýunlarymy ähli ýurtlara dargadanam bolsam+, bir ýere ýygnaryn we örüsine gaýtaryp getirerin+. Olaryň sany artyp, has-da köpeler+. 4 Men olaryň üstünden gowy çopanlary bellärin+. Indi olar gorkup sandyramaz, hiç birisi ýitmez — muny Ýehowa aýdýar.
5 Şeýle günler geler, men Dawudyň neslinden bir dogruçyl şaha* çykararyn+ — muny Ýehowa aýdýar. — Ol ýurtda adalatly, dogruçyl we paýhasly bolup patyşalyk eder+. 6 Onuň hökümdarlyk eden döwri Ýahuda halas bolar+, Ysraýyl asuda ýaşar+. Onuň adyna „Dogruçyllyk Ýehowadandyr“+ diýerler.
7 Şeýle günler geler — muny Ýehowa aýdýar. — Indi hiç kim: „Ysraýyl halkyny Müsürden çykaran Ýehowa diri şaýatdyr!“+ diýip ant içmän, 8 „Ysraýyly dargadan ýurtlarynyň ählisinden we demirgazyk ýurdundan azat edip, yzyna getiren Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip ant içerler. Olar watanynda ýaşarlar»+.
9 Pygamberler üçin habar:
Ýüregim dilim-dilim boldy,
Süňklerim sandyrady.
Ýehowanyň mukaddes sözlerinden ýaňa
Serhoş boldum,
Şerapdan lül bolan adama döndüm.
Olar güýjüne buýsanyp, zalym işleri edýärler.
11 Ýehowa şeýle diýýär: «Ruhany-da, pygamber-de azypdyr*+.
Olar meniň öýümde-de erbetlik edýärler+.
12 Olaryň ýoly typançak we garaňky+ bolar,
Olar büdräp ýykylar.
Hasabat ýyly gelende,
Olaryň başyna betbagtçylyk indererin».
Muny Ýehowa aýdýar.
13 «Samariýadaky+ pygamberleriň nejis işlerini gördüm.
Olar Bagalyň adyndan pygamberlik edýärler,
Ysraýyl halkymy ýoldan çykarýarlar.
14 Iýerusalimiň pygamberleriniň elhenç işlerini gördüm.
15 Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowa pygamberlere şeýle diýýär:
«Size ajy ýowşan iýdirerin,
Zäherli suw içirerin+.
Sebäbi Iýerusalimiň pygamberleriniň täsirine düşüp,
bütin halk imandan dänýär».
16 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:
«Size welilik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň+.
Olar sizi aldaýarlar*.
Olar kesir ýüreklerine gulak asýan adamlara:
„Başyňyza heläkçilik inmez“ diýýärler+.
18 Kim Ýehowanyň ýakyn dosty?
Kim onuň sözüne düşündi?
Kim onuň sözüni ünsli diňledi?
19 Ýehowanyň gahary harasat ýaly turar,
Apy-tupan kimin erbetleriň başyndan iner+.
20 Ýehowanyň niýetleri ýerine ýetýänçä, amala aşýança,
Onuň gahar-gazaby köşeşmez.
Siz muňa soňky günlerde düşünersiňiz.
21 Men pygamberlere git diýmesem-de, özleri ylgap gitdiler.
Men habarymy aýtmasam-da, özleri pygamberlik etdiler+.
22 Eger olar meniň dostum bolsadylar,
Meniň sözlerimi halkyma gürrüň bererdiler,
Zalymlykdan el çekiň diýip,
Olary erbet ýoldan saklardylar+.
23 Men diňe ýakyndaky zatlary görýärinmi?
Daşdakylary görmeýärinmi? — Muny Ýehowa aýdýar.
24 Ynsan gizlener ýaly,
Meniň görmejek ýerim barmy?+ — Muny Ýehowa aýdýar.
Men ýerdäki we gökdäki ähli zady görýärin»+.
Muny Ýehowa aýdýar.
25 «Pygamberleriň: „Düýş gördüm! Düýş gördüm!“ diýip, meniň adymdan ýalan pygamberlik edýändiklerini eşitdim+. 26 Olar haçana çenli ýalan sözlärler? Olar ýalan welilik edýän pygamberlerdir+. 27 Halkym meniň adymy unutsyn diýip, olar gören düýşlerini biri-birine gürrüň berýärler. Olaryň ata-babalary hem Bagala sežde edip, meniň adymy unudypdylar+. 28 Goý, düýş gören pygamber düýşüni gürrüň bersin. Meniň sözümi eşiden adam sözümi bolşy ýaly aýtsyn.
Heý-de, samany bugdaý bilen deňäp bolarmy? — Muny Ýehowa aýdýar.
29 Meniň sözüm alaw kimin+, daşy owradýan uly çekiç kimin dälmi?+ — Muny Ýehowa aýdýar.
30 Meniň sözlerimi ýoýup, öz pikirini gürrüň berýän pygamberlere jeza bererin+ — muny Ýehowa aýdýar.
31 Dilleri bilen: „Alla şeýle aýdýar!“ diýýän pygamberlere+ jeza bererin — muny Ýehowa aýdýar.
32 Halkyma ýalan düýşleri aýdýan, olary aldap, ýoldan çykarýan öwünjeň pygamberlere jeza bererin+ — muny Ýehowa aýdýar.
Olary men ibermedim, olara tabşyryk bermedim. Olaryň halka hiç hili haýry degmez+ — muny Ýehowa aýdýar.
33 Saňa halkdan, pygamberlerden ýa-da ruhanylardan biri: „Ýehowanyň habary agyr!“ diýse, sen olara: „Eý halk, siziň özüňiz agyr ýük. Men sizi aýlap zyňaryn“+ diý — muny Ýehowa aýdýar. 34 — Eger pygamberlerden, ruhanylardan ýa-da halkdan biri: „Ýehowanyň habary agyr!“ diýse, oňa we tutuş maşgalasyna jeza bererin. 35 Siziň her biriňiz goňşyňyzdan, doganyňyzdan: „Ýehowa näme jogap berdi? Ýehowa näme diýdi?“ diýip soraýarsyňyz. 36 Mundan beýläk Ýehowanyň habaryna agyr diýmäň, siziň diýýän her bir sözüňiz agyr ýükdür. Sebäbi siz Serkerdebaşy Ýehowanyň, Biribaryň, Allanyň sözlerini ýoýduňyz.
37 Sen pygamberlere şeýle diý: „Ýehowa size näme jogap berdi? Ýehowa näme diýdi? 38 Siz ýene-de: „Ýehowanyň habary agyr!“ diýseňiz, onda Ýehowa şeýle jogap berýär: „Size: „Ýehowanyň habary agyr!“ diýmäň diýsem-de, „Ýehowanyň habary agyr!“ diýendigiňiz üçin, 39 size we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de, siziň özüňizi-de huzurymdan zyňyp taşlaryn. 40 Sizi ebedilik utanja goýaryn we peselderin, masgaraçylygyňyz hiç haçan ýatdan çykmaz“»+.