Ýermeýa
46 Ýehowa Ýermeýa pygamber bilen milletler barada gepleşdi+. 2 Müsür+ hakynda, Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ hökümdarlygynyň dördünji ýylynda Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* Karkemişde, Ýewfrat derýasynyň boýunda derbi-dagyn eden Müsür faraony Nehonyň+ goşuny barada Hudaý şeýle diýdi:
3 «Siz ululy-kiçili galkanlary taýýarlaň,
Söweş meýdanyna okdurylyň!
4 Atyňyzy eýerläň, eý atlylar, atlanyň!
Nyzama düzüliň, tuwulgaňyzy geýiň.
Naýzalaryňyzy ýiteldiň, sowudyňyzy geýiň.
5 Men nämeleri görýärin?
Olar gorkudan ýaňa sandyraýarlar.
Yza çekilýärler, esgerleri gyrylýar.
Olar gorkup, dumly-duşa gaçýarlar,
Esgerler yzyna seretmäge ýürek etmeýärler.
Sebäbi daş-töwerek gorkunçdyr — muny Ýehowa aýdýar.
6 Ne ýüwrükler, ne pälwanlar gaçyp gutular.
Olar demirgazykda,
Ýewfrat derýasynyň boýunda büdräp ýykylar+.
7 Ol nämedir Nil ýaly joşýar?
Ol nämedir derýa kimin möwç urýar?
8 Ol Müsürdir, Nil+ deý joşýan,
Derýa kimin möwç urýan.
Ol diýýär: „Men tutuş zemini ýalmap ýuwudaryn,
Şäheri ilaty bilen bile dargadaryn“.
9 Eý atlar, ýel kimin çapyň!
Eý arabalar, däli kimin okdurylyň!
10 Şol gün Serkerdebaşy, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň güni, duşmanlaryndan öç alýan güni. Gylyç olary iýip doýar, olaryň ganyndan ganar. Sebäbi Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa demirgazyk ýurdunda, Ýewfrat derýasynyň+ boýunda gurbanlyk berýär.
11 Eý Müsür gyzy,
Gileada gidip, melhem getir+.
Biderek ýere däri-dermanyňy köpeltdiň,
Barybir derdiňe derman tapylmaz+.
12 Halklar masgaraçylygyňy eşitdi+,
Ýurtda dady-perýadyň ýaň salýar.
Biri-birine büdräp,
Esgerleriň ýykylýar».
13 Ýehowa Ýermeýa pygambere Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň Müsür ýurduny derbi-dagyn etjekdigi barada şeýle diýdi+:
14 «Müsürde hem Migdolda+ yglan et,
Nopda* hem Tahpanesde+ jar edip, şeýle diý:
„Taýýar boluň, nyzama düzüliň,
Gylyç ähli adamlaryňy gyryp taşlar.
15 Näme üçin pälwanlaryňyz ýok edildi?
Sebäbi olary Ýehowa ýykdy,
Olar aýak üstünde durup bilmedi.
16 Büdräp ýykylýanlaryň sany-sajagy ýok.
Olar biri-birine diýýärler:
„Turuň! Zalym gylyçdan gaçalyň,
Ýurdumyza, ilimize dolanalyň“.
18 „Men diri şaýatdyryn — muny Patyşa aýdýar.
Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr.
Ol* daglaryň arasyndaky Tabor kimin+,
Deňziň kenaryndaky Karmel+ kimin geler.
19 Müsür halky,
Goş-golamyňy ýygna, sürgün edilersiň.
20 Müsür bir enaýyja göle kimindir,
Emma demirgazykdan siňek* çozar.
21 Onuň hakyna tutan esgerleri baga bakylan öküz kimindir,
Emma olaryň bary bir adam ýaly ökje göterer,
Aýak üstünde durup bilmezler+.
Sebäbi olaryň üstüne betbagtçylyk güni,
Hasabat bermeli güni ýetip geldi.
22 Ol süýrenip barýan ýylan ýaly haşşyldaýar,
Sebäbi eli paltaly güýçli duşman
Agaç çapýan adam kimin üstüne gelýär.
23 Tokaýlary gür bolsa-da,
Çapyp taşlarlar — muny Ýehowa aýdýar.
Olar çekirtge sürüsi kimindir.
24 Müsür halky* masgara bolar.
Ol demirgazyk halkyň eline berler“+.
25 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men Nog*+ şäheriniň Amon+ taňrysyndan, faraondan, Müsürden, taňrylaryndan+, patyşalaryndan hasabat soraryn. Faraona we oňa bil baglaýanlaryň ählisine+ jeza bererin“.
26 „Men olary janynyň kastyna çykan Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň we onuň gullarynyň eline tabşyraryn+. Şondan soň Müsür gadymy döwürde bolşy ýaly, ýene-de ilatly bolar — muny Ýehowa aýdýar+.
27 Gulum Ýakup, gorkma!
Ysraýyl, heder etme!+
Men seni, nesilleriňi uzak ýurtdan,
Ýesir düşen ýurduňdan halas ederin+.
Ýakup dolanyp geler; ol asuda, parahat ýaşar,
Ony hiç kim gorkuzmaz+.
28 Gorkma, gulum Ýakup — muny Ýehowa aýdýar.
Men ýanyňda bolaryn.
Saňa temmi bererin, emma öte geçmerin+.
Ýöne jezasyz hem galdyrmaryn“».