Işaýa
Hasrat çekýänlere göwünlik bermäge,
Ýesirlere azat boljagyny,
Tussaglara gözüniň açyljagyny aýtmaga iberdi+.
2 Ol meni Ýehowanyň rehimdarlyk ýylyny,
Allanyň ar aljak gününi yglan etmäge+,
Ýas tutýanlara göwünlik bermäge iberdi+.
3 Sionyň ýasyny tutýanlaryň üstünden külüni kakyp,
Başyna ýaglyk dakmaga,
Gözýaşlaryny süpürip, şatlanmaklary üçin ýag bermäge,
Gam-gussalaryny unutdyryp,
Alkyş donuny geýdirmäge iberdi.
Olara dogruçyllyk agajy diýerler,
Ýehowany şöhratlandyrmak üçin ekilen agaç diýerler+.
4 Olar haraba öwrülen galalary,
Weýran bolup ýatan ýerleri dikelder+.
Ýer bilen ýegsan edilen şäherleri+,
Ýyllarboýy boşap ýatan ýurdy dikelder+.
7 Indi siz masgara bolmarsyňyz, iki esse paý alarsyňyz.
Utanja galmarsyňyz, berlen paýa begenersiňiz.
Olar iki esse ýer paýyny alarlar+,
Hemişe şatlanyp gezerler+.
Halkyma adalatlylyk bilen sylag bererin,
Olar bilen ebedilik äht baglaşaryn+.
Adamlar olary görende,
Ýehowanyň ýalkan halkydygyny bilerler»+.
10 Ýehowanyň işlerine çäksiz begenerin,
Bütin janym bilen Hudaýa alkyş aýdaryn+.