Zebur
5-NJI BÖLÜM
(107—150-nji aýdymlar)
2 Ýehowanyň halas edenleri*,
Duşman elinden gutaranlary alkyş aýtsynlar+.
3 Gündogardan, günbatardan,
Demirgazykdan we günortadan+,
Ýat ýurtlardan bir ýere jem bolan halk+ Alla şükür etsin.
4 Olar çölde, düzde sergezdan boldular,
Ýaşar ýaly şäher tapmadylar.
5 Olar açdylar, teşnediler,
Ysgyn-mydary gaçyp, huşuny ýitirdiler.
9 Ol suwsanlary gandyrdy,
Açlary doýurdy+.
10 Olaryň käbiri tümlükde ýaşaýardy,
Gandala baglanyp, ejir çekýärdi.
12 Hudaý olary peseltdi, başyna betbagtçylyk inderdi+,
Olar büdräp ýykyldy, ýardam beren bolmady.
13 Agyr günde Ýehowa perýat etdiler,
Alla olary jebir-jepadan gutardy.
14 Olary tümlükden azat etdi,
Gandallaryny döwüp taşlady+.
15 Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!+
Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!
16 Sebäbi ol demir gulplary,
Mis gapylary bölek-bölek etdi+.
18 Olaryň işdäsi kesildi,
Ölüm derwezesine golaýlaşdylar.
19 Agyr günde Ýehowa perýat etdiler,
Alla olary jebir-jepadan gutardy.
20 Olary sözi bilen sagaltdy+,
Düşen duzaklaryndan halas etdi.
21 Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!
Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!
22 Goý, olar minnetdarlyk gurbanlygyny bersin+,
Onuň işlerini şatlyk bilen yglan etsin.
23 Deňizlerde syýahat edýänler,
Ummanlarda söwda edýänler+,
24 Deňziň düýbündäki täsin zatlara,
Ýehowanyň ajaýyp işlerine syn etdiler+.
25 Onuň emri bilen tüweleýiň turşuny+,
Tolkunlaryň möwç urşuny gördüler.
26 Gämiler käte ýokary göterilýär,
Käte deňziň düýbüne inýär.
Başyna bela inende, deňizçiler ejizleýär.
28 Agyr günde Ýehowa perýat edýärler+,
Alla olary jebir-jepadan gutarýar.
29 Hudaý tolkunlary köşeşdirýär+,
Tüweleýi ýatyrýar.
30 Imi-salalyk bolanda, deňizçiler şatlanýar.
Hudaý olary arzuwlan kenaryna* çykarýar.
31 Wepaly söýgä baý Ýehowa alkyş aýdyň!
Ynsan ogullary üçin täsin işleri edýän Hudaýy wasp ediň!+
32 Goý, jemagatyň içinde Hudaýy şöhratlandyrsynlar+,
Ýaşulularyň öňünde alkyş aýtsynlar.
33 Ol derýany çöle öwürýär,
Akar suwlary guradýar+.
34 Alla ýurduň erbet halky sebäpli,
Mes topragy şor ýere dönderýär+.
35 Çöli gamyşly köle öwürýär,
Takyrlardan çeşme akdyrýar+.
38 Hudaý bereket berýär, halkynyň sanyny artdyrýar,
Mal-garasyny köpeldýär+.
39 Ezýetden, bela-beterden, gaýgy-gamdan,
Olaryň sany kemelýär, masgara bolýarlar.
40 Ol töreleri kemsidýär,
Olary çöl-beýewanda sergezdan edýär+.
41 Garyby bolsa agyr dertden gutarýar+,
Çagalaryny süri kimin köpeldýär.