Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Korinfliler 16
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Korinfliler kitabynyň mazmuny

      • Iýerusalimdäki mesihçiler üçin pul ýygnalýar (1—4)

      • Pawlus Korinfe barmak isleýär (5—9)

      • Timoteos bilen Apollos Korinfe iberilýär (10—12)

      • Öwüt⁠-⁠nesihatlar we hoşlaşyk sözleri (13—24)

1 Korinfliler 16:1

Parallel aýatlar

  • +Res 24:17; Rim 15:26; 2Kr 8:3, 4

1 Korinfliler 16:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 88

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    11/2023, sah. 3

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 55

    «Garawul diňi»,

    15/12/2013, sah. 14

    15/7/2008, sah. 27, 28

1 Korinfliler 16:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: makullanan.

Parallel aýatlar

  • +2Kr 8:19

1 Korinfliler 16:5

Parallel aýatlar

  • +Res 19:21; 2Kr 1:15, 16

1 Korinfliler 16:7

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +Res 20:2

1 Korinfliler 16:8

Parallel aýatlar

  • +Res 19:1

1 Korinfliler 16:9

Parallel aýatlar

  • +Res 19:10, 11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/12/2008, sah. 18

1 Korinfliler 16:10

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +Res 16:1, 2
  • +Flp 2:19, 20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/5/2009, sah. 15

1 Korinfliler 16:12

Parallel aýatlar

  • +Res 18:24, 25

1 Korinfliler 16:13

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: erkek boluň.

Parallel aýatlar

  • +1Sl 5:6
  • +1Kr 15:58; Flp 1:27
  • +Res 4:29
  • +Efs 6:10; Kol 1:11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/9/2015, sah. 13—17

1 Korinfliler 16:14

Parallel aýatlar

  • +1Kr 13:4; 1Pe 4:8

1 Korinfliler 16:16

Parallel aýatlar

  • +Flp 2:29, 30; 1Sl 5:12; 1Tm 5:17

1 Korinfliler 16:17

Parallel aýatlar

  • +1Kr 1:16

1 Korinfliler 16:19

Parallel aýatlar

  • +Rim 16:3, 5; Flm 2

1 Korinfliler 16:20

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: mukaddes posalar bilen.

Umumy salgylar

1 Kor. 16:1Res 24:17; Rim 15:26; 2Kr 8:3, 4
1 Kor. 16:32Kr 8:19
1 Kor. 16:5Res 19:21; 2Kr 1:15, 16
1 Kor. 16:7Res 20:2
1 Kor. 16:8Res 19:1
1 Kor. 16:9Res 19:10, 11
1 Kor. 16:10Res 16:1, 2
1 Kor. 16:10Flp 2:19, 20
1 Kor. 16:12Res 18:24, 25
1 Kor. 16:131Sl 5:6
1 Kor. 16:131Kr 15:58; Flp 1:27
1 Kor. 16:13Res 4:29
1 Kor. 16:13Efs 6:10; Kol 1:11
1 Kor. 16:141Kr 13:4; 1Pe 4:8
1 Kor. 16:16Flp 2:29, 30; 1Sl 5:12; 1Tm 5:17
1 Kor. 16:171Kr 1:16
1 Kor. 16:19Rim 16:3, 5; Flm 2
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
Mukaddes Kitap
1 Korinfliler 16:1—24

Birinji Korinfliler

16 Indi mukaddeslere kömek etmek hakda aýtsam, olar üçin pul ýygnanyňyzda+ Galatýadaky ýygnaklara beren görkezmäme eýerip bilersiňiz. 2 Her hepdäniň birinji güni her kim ýagdaýyna görä göwnünden çykaran puly süýşürip goýsun. Şonda baran wagtym, pul ýygnamaly bolmarsyňyz. 3 Men ýanyňyza baranymda bolsa höwes bilen beren sadakalaryňyzy alyp, olary hatyňyzda agzalan ynamdar* adamlar+ arkaly Iýerusalime ibererin. 4 Eger gerek bolsa, men hem olar bilen giderin.

5 Men Makedoniýa gidip barýaryn, Makedoniýadan soňra siziň ýanyňyza bararyn+. 6 Belki, gyş geçýänçä, şol ýerde bolaryn. Soňra siz meni gitmeli ýerime çenli biraz ugradarsyňyz. 7 Siziň bilen diňe ýol ugruna salamlaşyp geçmek islemeýärin. Ýehowa* ýol berse, ýanyňyzda biraz wagt bolaryn diýip umyt edýärin+. 8 Ýöne Pentikost baýramyna çenli Efesde bolaryn+. 9 Hudaý maňa Efesde gulluk etmek üçin gapyny giňden açdy+. Ýöne bärde duşmanlar hem köp.

10 Timoteos+ barsa, eginme-egin işleşiň, hiç hili alada galmasyn. Ol hem meniň ýaly Ýehowa* hyzmat edýändir+. 11 Şonuň üçin hiç kim Timoteosy äsgermezlik etmesin. Meniň ýanyma arkaýyn geler ýaly, sag-aman ýola salyň, sebäbi men hem, doganlar hem oňa garaşýar.

12 Doganymyz Apollos+ hakda aýtsam, oňa doganlar bilen siziň ýanyňyza barmagy haýyş edipdim. Ýöne häzir baryp bilmese-de, mümkinçilik dörände barar.

13 Oýa boluň+, imanda berk duruň+, mert*+ we güýçli boluň!+ 14 Ähli işleri söýgi bilen ediň+.

15 Doganlar, Stefanisiň maşgalasyny tanaýansyňyz. Olar Ahaýýada ilkinji şägirtler boldy we mukaddeslere hyzmat etmek üçin janyny gaýgyrmaýarlar. Size şuny ündeýärin: 16 şeýle adamlara, biziň bilen eginme-egin işleşip, agyr zähmet çekýänleriň ählisine hemişe tabyn boluň+. 17 Häzir Stefanisiň+, Fortunatyň we Ahaýakusyň meniň ýanymdadygyna begenýärin. Sebäbi olar siziň ýoklugyňyzy bildirmediler. 18 Olar meniň hem, siziň hem göwnüňizi galkyndyrdylar. Şeýle doganlaryň gadyryny biliň.

19 Aziýadaky ýygnaklar salam aýdýar. Akila bilen Priska we olaryň öýündäki ýygnagyň agzalary+ hem ýürekden doganlyk salamyny ýollaýarlar. 20 Bärdäki doganlaryň ählisi salam aýdýarlar. Biri-biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň.

21 Men Pawlus, size salam aýdýaryn, muny öz elim bilen ýazdym.

22 Halypamyzy söýmeýäne nälet bolsun! Eý Halypamyz, tizräk gel! 23 Goý, Halypamyz Isa size ýagşylyk etsin! 24 Men sizi, Isa Mesihiň şägirtlerini söýýärin.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş