Birinji Musa
35 Soňra Hudaý Ýakuba: «Git-de, Beýtelde+ ýaşa we agaň Ysawdan gaçyp gaýdanyňda+ özüňe görnen hak Hudaý üçin gurbanlyk ojagyny* gur» diýdi.
2 Ýakup öý-içerisindäkilere we ýanyndaky adamlara: «Ýalan taňrylaryňyzy ýok ediň+, ýuwnup-ardynyň-da, eşikleriňizi çalşyň. 3 Ýörüň, Beýtele gideliň. Kyn günümde ahy-nalamy eşidip, nirä gitsem, meni goldan hak Hudaý+ üçin gurbanlyk ojagyny guraýyn» diýdi. 4 Olar ähli butlaryny we gulakhalkalaryny* Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky uly agajyň aşagynda gömdi.
5 Ýola düşenlerinde, Hudaý daş-töwerekdäki şäherleri gorka saldy. Şonuň üçin olar Ýakubyň ogullarynyň yzyndan kowalamadylar. 6 Ahyry Ýakup adamlary bilen Kengan ýurdundaky Luza+, ýagny Beýtele baryp ýetdi. 7 Ýakup gurbanlyk ojagyny gurup, şol ýeriň adyna Elbeýtel* goýdy. Sebäbi agasyndan gaçyp barýarka, hak Hudaý oňa şol ýerde görnüpdi+. 8 Biraz wagtdan Rebekanyň enekesi Debora+ ýogaldy. Ony Beýteliň çetindäki dub agajynyň aşagynda jaýladylar. Ýakup şol agaja Alon-bakut* diýip at goýdy.
9 Ýakup Paddan-aramdan gaýdyp gelýärkä, Hudaý oňa ýene-de görnüp, ak pata berdi. 10 Alla: «Seniň adyň Ýakup+. Ýöne indi adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şondan soň Hudaý Ýakuba Ysraýyl+ diýip başlady. 11 Soňra Hudaý: «Men Gudratygüýçli Hudaý+. Köpelip, sanyňy artdyr. Sen köp milletleriň, halklaryň atasy bolarsyň+, nesliňden patyşalar dörär+. 12 Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we nesliňe bererin»+ diýdi. 13 Hudaý Ýakup bilen gepleşip boldy-da, ýanyndan gitdi.
14 Ýakup Hudaý bilen gepleşen ýerinde daşlary üýşürip, daş üýşmeginiň üstüne şerap sadakasy bilen ýag guýdy+. 15 Ol Hudaý bilen gepleşen ýerine soň-soňlaram Beýtel+ diýerdi.
16 Olar Beýtelden çykyp, ýola düşdüler. Efratyň golaýynda Raheliň burgusy tutup başlady. Çagasy dogulýança, Rahel gaty kösendi. 17 Ol agyrysyna çydaman, iňňildäp ýatyrka, göbegene: «Gorkma, ýene bir ogluň boldy»+ diýdi. 18 Rahel demini sanap ýatyrka, janhowluna oglunyň adyna Bengam* dakdy, kakasy bolsa Benýamin*+ goýdy. 19 Şeýdip, Rahel aradan çykdy. Raheli Efrata, ýagny Beýtullahama+ barýan ýolda jaýladylar. 20 Ýakup mazaryň üstünde bir uly daş goýdy. Şol daş Raheliň mazarynda henizem dur.
21 Şondan soň Ysraýyl ýene-de ýola düşdi. Ol Eder diňine baryp, aňyrsynda çadyryny dikdi. 22 Ysraýyl şol ýurtda ýaşap ýörkä, Ruben kakasynyň gyrnagy Bilha bilen ýatdy. Muny Ysraýyl hem eşitdi+.
Ýakubyň 12 ogly bardy. 23 Leýadan bolan ogullary: nowbahar ogly Ruben+, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysahar we Zebulun. 24 Rahelden bolan ogullary: Ýusup bilen Benýamin. 25 Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan bilen Naftaly. 26 Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gad bilen Aşer. Olar Ýakubyň Paddan-aramda doglan ogullarydy.
27 Ahyrsoňy Ýakup kakasy Yshagyň ýanyna geldi. Yshak Ybraýym bilen özüniň gelmişek bolup ýaşan+ ýerinde, Kirýat-arbadaky, ýagny Hebrondaky Mamrede+ bolýardy. 28 Yshak 180 ýaşady+. 29 Ol uzak ömür sürüp, durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi. Ogullary Ysaw bilen Ýakup kakasyny jaýladylar+.