Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 23
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Bir enäniň iki biwepa gyzy (1—49)

        • Ohola Assiriýa bilen zyna edýär (5—10)

        • Oholyba Wawilon we Müsür bilen zyna edýär (11—35)

        • Gyzlara temmi berilýär (36—49)

Hyzkyl 23:2

Parallel aýatlar

  • +Ýer 3:6, 7

Hyzkyl 23:3

Parallel aýatlar

  • +3Ms 17:7; 5Ms 29:16, 17; Ýuş 24:14; Hyz 20:8

Hyzkyl 23:4

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Onuň çadyry.

  • *

    Manysy: Meniň çadyrym onda.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:23, 24

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 166, 239

Hyzkyl 23:5

Parallel aýatlar

  • +1Pa 14:16; 21:25, 26
  • +2Pa 15:19; 17:3; Hoş 5:13; 7:11
  • +Hoş 2:5

Hyzkyl 23:7

Çykgytlar

  • *

    Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

Parallel aýatlar

  • +Hoş 5:3

Hyzkyl 23:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ahlaksyzlyk edýärdiler.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 32:1, 4; 1Pa 12:28, 29; 2Pa 10:29

Hyzkyl 23:9

Parallel aýatlar

  • +2Pa 15:29; 1Tr 5:26

Hyzkyl 23:10

Parallel aýatlar

  • +Hoş 2:10
  • +2Pa 17:6; 18:11

Hyzkyl 23:11

Parallel aýatlar

  • +Ýer 3:6—8; Hyz 16:46, 47

Hyzkyl 23:12

Parallel aýatlar

  • +2Pa 16:7

Hyzkyl 23:13

Parallel aýatlar

  • +2Pa 17:19

Hyzkyl 23:16

Parallel aýatlar

  • +Hyz 16:29

Hyzkyl 23:18

Parallel aýatlar

  • +Ýer 3:2; Hyz 16:36, 37
  • +Zb 106:39, 40; Ýer 6:8; 12:8

Hyzkyl 23:19

Parallel aýatlar

  • +Hyz 20:7
  • +Hyz 16:25

Hyzkyl 23:21

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 24:14; Hyz 23:3

Hyzkyl 23:22

Parallel aýatlar

  • +Hyz 16:37; Hab 1:6
  • +Ýer 6:22; 12:9

Hyzkyl 23:23

Parallel aýatlar

  • +Hyz 21:19
  • +2Pa 24:2
  • +Ýer 50:21

Hyzkyl 23:24

Parallel aýatlar

  • +Ýer 39:5

Hyzkyl 23:25

Parallel aýatlar

  • +Hyz 15:7; 20:47

Hyzkyl 23:26

Parallel aýatlar

  • +Ýer 13:22; Ylh 17:16
  • +Işa 3:18—23; Ýer 4:30; Hyz 16:39

Hyzkyl 23:27

Parallel aýatlar

  • +Hyz 23:3
  • +Işa 27:9; Hyz 16:41; 22:15

Hyzkyl 23:28

Parallel aýatlar

  • +Ýer 21:7

Hyzkyl 23:29

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:49, 51
  • +Hyz 16:36, 37, 39

Hyzkyl 23:30

Parallel aýatlar

  • +Ýer 2:18
  • +Zb 106:35, 36; Hyz 6:9; 23:7

Hyzkyl 23:31

Parallel aýatlar

  • +Ýer 3:8; Hyz 16:46, 47
  • +2Pa 21:13; Ýer 25:15; Dan 9:12

Hyzkyl 23:32

Parallel aýatlar

  • +Işa 51:17
  • +5Ms 28:37; 1Pa 9:7; Agy 2:15

Hyzkyl 23:34

Parallel aýatlar

  • +Zb 75:8

Hyzkyl 23:35

Parallel aýatlar

  • +1Pa 14:9; Neh 9:26; Işa 17:10; Ýer 2:32; 13:25

Hyzkyl 23:36

Parallel aýatlar

  • +Hyz 23:4

Hyzkyl 23:37

Çykgytlar

  • *

    Ýagny ruhy taýdan zyna etdiler.

Parallel aýatlar

  • +Hoş 1:2; Ýak 4:4
  • +3Ms 18:21; 2Pa 17:17, 18; Hyz 16:36

Hyzkyl 23:39

Parallel aýatlar

  • +Ýer 7:31
  • +3Ms 20:3

Hyzkyl 23:40

Parallel aýatlar

  • +Işa 57:9
  • +Ýer 4:30

Hyzkyl 23:41

Parallel aýatlar

  • +Işa 65:11
  • +Işa 57:7
  • +Hyz 8:10, 11
  • +Hyz 16:17, 18

Hyzkyl 23:45

Parallel aýatlar

  • +1Ms 9:6; 3Ms 20:10; Hyz 16:38
  • +2Pa 24:3, 4; Zb 106:38; Hyz 23:37

Hyzkyl 23:46

Parallel aýatlar

  • +Ýer 15:4; 25:9; Hyz 16:40

Hyzkyl 23:47

Parallel aýatlar

  • +3Ms 20:2
  • +2Tr 36:17
  • +2Pa 25:9, 10; Ýer 39:8

Hyzkyl 23:48

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: azgynçylygyňyza baş goşmazlar.

Parallel aýatlar

  • +2Pe 2:6

Hyzkyl 23:49

Parallel aýatlar

  • +Hyz 6:13

Umumy salgylar

Hyz. 23:2Ýer 3:6, 7
Hyz. 23:33Ms 17:7; 5Ms 29:16, 17; Ýuş 24:14; Hyz 20:8
Hyz. 23:41Pa 16:23, 24
Hyz. 23:51Pa 14:16; 21:25, 26
Hyz. 23:52Pa 15:19; 17:3; Hoş 5:13; 7:11
Hyz. 23:5Hoş 2:5
Hyz. 23:7Hoş 5:3
Hyz. 23:82Ms 32:1, 4; 1Pa 12:28, 29; 2Pa 10:29
Hyz. 23:92Pa 15:29; 1Tr 5:26
Hyz. 23:10Hoş 2:10
Hyz. 23:102Pa 17:6; 18:11
Hyz. 23:11Ýer 3:6—8; Hyz 16:46, 47
Hyz. 23:122Pa 16:7
Hyz. 23:132Pa 17:19
Hyz. 23:16Hyz 16:29
Hyz. 23:18Ýer 3:2; Hyz 16:36, 37
Hyz. 23:18Zb 106:39, 40; Ýer 6:8; 12:8
Hyz. 23:19Hyz 20:7
Hyz. 23:19Hyz 16:25
Hyz. 23:21Ýuş 24:14; Hyz 23:3
Hyz. 23:22Hyz 16:37; Hab 1:6
Hyz. 23:22Ýer 6:22; 12:9
Hyz. 23:23Hyz 21:19
Hyz. 23:232Pa 24:2
Hyz. 23:23Ýer 50:21
Hyz. 23:24Ýer 39:5
Hyz. 23:25Hyz 15:7; 20:47
Hyz. 23:26Ýer 13:22; Ylh 17:16
Hyz. 23:26Işa 3:18—23; Ýer 4:30; Hyz 16:39
Hyz. 23:27Hyz 23:3
Hyz. 23:27Işa 27:9; Hyz 16:41; 22:15
Hyz. 23:28Ýer 21:7
Hyz. 23:295Ms 28:49, 51
Hyz. 23:29Hyz 16:36, 37, 39
Hyz. 23:30Ýer 2:18
Hyz. 23:30Zb 106:35, 36; Hyz 6:9; 23:7
Hyz. 23:31Ýer 3:8; Hyz 16:46, 47
Hyz. 23:312Pa 21:13; Ýer 25:15; Dan 9:12
Hyz. 23:32Işa 51:17
Hyz. 23:325Ms 28:37; 1Pa 9:7; Agy 2:15
Hyz. 23:34Zb 75:8
Hyz. 23:351Pa 14:9; Neh 9:26; Işa 17:10; Ýer 2:32; 13:25
Hyz. 23:36Hyz 23:4
Hyz. 23:37Hoş 1:2; Ýak 4:4
Hyz. 23:373Ms 18:21; 2Pa 17:17, 18; Hyz 16:36
Hyz. 23:39Ýer 7:31
Hyz. 23:393Ms 20:3
Hyz. 23:40Işa 57:9
Hyz. 23:40Ýer 4:30
Hyz. 23:41Işa 65:11
Hyz. 23:41Işa 57:7
Hyz. 23:41Hyz 8:10, 11
Hyz. 23:41Hyz 16:17, 18
Hyz. 23:451Ms 9:6; 3Ms 20:10; Hyz 16:38
Hyz. 23:452Pa 24:3, 4; Zb 106:38; Hyz 23:37
Hyz. 23:46Ýer 15:4; 25:9; Hyz 16:40
Hyz. 23:473Ms 20:2
Hyz. 23:472Tr 36:17
Hyz. 23:472Pa 25:9, 10; Ýer 39:8
Hyz. 23:482Pe 2:6
Hyz. 23:49Hyz 6:13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
  • 45
  • 46
  • 47
  • 48
  • 49
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 23:1—49

Hyzkyl

23 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 2 «Ynsan ogly, gulak goý, bir enäniň iki gyzy bardy+. 3 Olar Müsür ýurdunda ýaşlygyndan ahlaksyzlyk edip başladylar+. Olaryň göwüsleri ellendi, gyz göwüsleri sypalandy. 4 Ulusynyň ady Ohola*, kiçisiniň ady Oholyba*. Men olara eýe çykdym we maňa ogul-gyzlary dogurdylar. Ohola Samariýadyr+, Oholyba bolsa Iýerusalimdir.

5 Ohola meniňki bolsa-da, ahlaksyzlyk edip başlady+. Oýnaşlaryny, goňşy assiriýalylary+ küýsäp, ýanyp köýdi+. 6 Olar gök lybas geýen häkimler hem baştutanlardy, ählisi at münýän gerçek ýigitlerdi. 7 Ohola Assiriýanyň görmegeý ýigitleri bilen zyna etdi. Oýnaşlarynyň nejis butlary* bilen özüni haram etdi+. 8 Ol ýaşlygyndan bäri müsürliler bilen ahlaksyzlyk edýärdi we olar gyz göwüslerini sypalap, keýpden çykýardylar*. Ol Müsürde başlan ahlaksyzlygyndan el çekmedi+. 9 Şonuň üçin ony assiriýalylaryň — göwün beren oýnaşlarynyň eline berdim+. 10 Olar Oholanyň eşigini sypyrdylar+, ogul-gyzlaryny elinden aldylar+, özüni bolsa gylyçdan geçirdiler. Ol aýallaryň arasynda abraýdan düşdi, oňa jeza berildi.

11 Gyz jigisi Oholyba muny görüp, azgyn höwesi has-da artdy. Ol ahlaksyzlyk edip, doganyndan bäşbeter boldy+. 12 Ol goňşy assiriýalylaryň häkimlerini we baştutanlaryny küýsäp, ýanyp köýdi+. Olaryň ählisi at-abraýly, at münýän gerçek ýigitlerdi. 13 Men Oholybanyň özüni haramlandygyny, doganynyň ýolundan ýöreýändigini gördüm+. 14 Ol ahlaksyzlyga batdy we diwaryň ýüzüne oýulan, gyzyl reňke boýalan haldeýleriň şekilini görüp, olara maýyl boldy. 15 Olar bili guşakly, başy selleli, pälwan sypatly we Haldeý ýurdunda doglan wawilonlylara meňzeýärdi. 16 Oholyba olary gören badyna göwün berdi we Haldeý ýurduna çaparlar ýollady+. 17 Wawilon ogullary gelip, onuň gujagyna girdiler. Olar keýpden çykyp, ony haram etdiler. Oholyba haram bolansoň, olary ýigrendi we kowup goýberdi.

18 Oholyba ýalaňaçlanyp, haýasyzlyk bilen zyna etdi+, şonuň üçin doganyny ýigrenişim ýaly, ony hem ýigrendim, ondan ýüz öwürdim+. 19 Ol ýaşlygynda Müsürde eden azgynçylygyny+ ýadyna salyp, öňküden hem beter ahlaksyzlyk etdi+. 20 Oholybanyň oýnaşlarynyň jyns agzalary eşegiňki we atyňky ýalydy. Oholyba şol erkekleriň gyrnagyna döndi, olary küýsäp, ýanyp köýdi. 21 Müsürliler ýaş wagtyň göwüsleriňi ellediler, gyz göwüsleriňi sypaladylar. Sen şol günleri küýsediň+.

22 Oholyba, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen oýnaşlaryňy ýigrenip, kowup goýberdiň. Indi olary küşgürerin+ we çar tarapdan üstüňe çozduraryn+. 23 Wawilonlylaryň+, haldeýleriň+, pekotlylaryň+, şowalylaryň, kowalylaryň ählisi assiriýalylar bilen birleşip, seniň üstüňe hüjüm ederler. Olar häkimler, baştutanlar, pälwanlar, batyr esgerler we at münýän gerçek ýigitlerdir. 24 Olar başyna tuwulga geýip, ellerine ululy-kiçili galkan alyp, birgiden söweş arabalary, uly goşuny bilen üstüňe gelerler. Çar tarapdan seni gabarlar. Men olara höküm çykarmaga ygtyýar bererin, olar saňa öz isleýşi ýaly jeza bererler+. 25 Seniň üstüňe gazap odumy dökerin. Şonda olar saňa rehim etmezler: burnuňy, gulagyňy keserler. Aman galanlary bolsa gylyçdan geçirerler, ogul-gyzlaryňy gyrarlar we diri galanlaryny otda ýakarlar+. 26 Olar egniňden eşigiňi sypyrarlar+, eliňden şaý-sepleriňi alarlar+. 27 Şeýdip, men Müsürde başlan+ azgyn işleriň we ahlaksyzlygyň soňuna çykaryn+. Indi Müsüre seretmersiň, olary hiç haçan ýatlamarsyň“.

28 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sen kimi ýigrenip kowup goýberen bolsaň, şolaryň eline-de bererin+. 29 Olar seni ýigrenerler, der döküp gazanan bar zadyňy eliňden alarlar+. Eşigiňi sypyryp, uýat ýerleriňi açarlar. Bihaýalyk bilen eden hapa işleriňi, azgynçylygyňy we ahlaksyzlygyňy paş ederler+. 30 Aýdan ähli zadym başyňa geler, sebäbi sen azgyn aýal kimin başga halklara göwün berdiň+. Olaryň nejis butlary bilen özüňi haram etdiň+. 31 Senem öz doganyň yzyna eýerip, onuň ýolundan ýörediň+. Şonuň üçin onuň käsesini seniň eliňe bererin“+.

32 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:

„Doganyň içen uly käsesinden senem içersiň+.

Seniň üstüňden gülerler, seni ýaňsylarlar,

Sebäbi käse masgaraçylykdan doludyr+.

33 Aýal doganyň Samariýanyň käsesinden,

Gorky we weýrançylyk käsesinden içersiň,

Serhoş bolup, gaýgy-gama batarsyň.

34 Sen soňky damjasyna çenli içersiň+,

Soňra döwlen käsäni gemrersiň.

Gursagyňy dilim-dilim edersiň.

Älemiň Hökümdary Ýehowa:

„Muny men aýdýaryn“ diýýär“.

35 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Meni bütinleý unudyp, äsgermezçilik etdiň+, haýasyz we ahlaksyz işlere baş goşduň. Şonuň üçin eliň bilen edeniňi egniň bilen çekersiň“».

36 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ynsan ogly, Ohola we Oholyba+ çykaran hökümimi yglan edersiňmi? Olaryň ýigrenji işlerini ýüzüne basarsyňmy? 37 Olar zyna etdiler*+ we ellerini gana boýadylar. Olar nejis butlar bilen zyna edendigini az görýän ýaly, maňa dogrup beren ogullaryny otda ýakyp, butlara gurbanlyk berdiler+. 38 Muny-da az görýän ýaly, olar şol günüň özünde mukaddes ýerimi haram etdiler, Sabat güni baradaky kanunymy bozdular. 39 Ogullarynyň damagyny çalyp, nejis butlara gurbanlyk berdiler+. Hut şol güni ybadathanama gelip, ony haram etdiler+. Olar öýümiň töründe ýigrenji işleri etdiler. 40 Uzak ülkelerde ýaşaýan erkek göbeklilere çapar ýolladylar+. Olaryň gelýänini eşidip, siz ýuwundyňyz, gözüňize sürme çaldyňyz we şaý-sepleri dakyndyňyz+. 41 Siz saçak başyna geçip+, ýumşak düşekde oturdyňyz+. Saçagyňyzda meniň tütetgimi+ we ýagymy+ goýduňyz. 42 Ol ýerden şadyhorram erkekleriň sesi eşidilýärdi. Olaryň arasynda çölden gelen serhoş adamlar hem bardy. Erkek adamlar aýallaryň ellerine bilezik dakdylar, olaryň başyna täç geýdirdiler.

43 Men ysgyny gaçýança ahlaksyzlyk eden aýal hakda: „Ol barybir zyna etmegini goýmaz“ diýdim. 44 Onuň ýanyna edil azgyn aýalyň ýanyna gelýän dek gelerdiler. Şeýdip, olar ahlaksyz Ohola bilen Oholybanyň ýanyna geler durardylar. 45 Emma zynahora we ganhora nähili jeza berilýän bolsa, adalatly adamlar hem olara şeýle jeza bererler+. Sebäbi olar zynahor hem ganhor+ aýallardyr.

46 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň üstüne uly goşun hüjüm eder, gorkudan ýaňa sandyrarlar, mal-mülkleri talanar+. 47 Esgerler olary daşlap öldürerler+, gylyçdan geçirerler, ogul-gyzlaryny gyrarlar+, öýlerini otlarlar+. 48 Şeýdip, tutuş ýurtda azgynçylygyň soňuna çykaryn. Ähli aýallar mundan sapak edinerler, size meňzejek bolmazlar*+. 49 Siz haýasyz işleri etdiňiz, nejis butlara sežde edip, günä gazandyňyz, şonuň üçin wawilonlylar size jeza bererler. Şonda meniň Älemiň Hökümdary Ýehowadygymy bilersiňiz“»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş