Amos
4 «Samariýa dagynda+ otlaýan Başan sygyrlary!
Sözümi diňläň!
Siz mätäçleri aldap+, garyplary ezdiňiz,
Siz äriňize: „Içere şerap getir!“ diýýärsiňiz.
2 Älemiň Hökümdary Ýehowa mukaddesliginden ant içýär:
„Şeýle bir günler geler,
Duşmanlar sizi gassabyň asgyjyndan asarlar,
Aman galanlaryňyzy çeňňekler bilen tutarlar.
3 Siz diwaryň oýuklaryndan göni çykyp gidersiňiz,
Sizi Harmona taşlarlar — muny Ýehowa aýdýar“.
5 Hamyrmaýaly çöregi ýakyp, şükür sadakasyny+ beriň.
Sadakalaryňyz hakda jar ediň!
Ysraýyl halky, siz şeýle zatlary gowy görýärsiňiz ahyryn“.
Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
6 „Men siziň ähli şäherleriňize açlyk inderdim,
Öýleriňizi çörege zar etdim+.
Şonda-da maňa dolanmadyňyz“+. Muny Ýehowa aýdýar.
7 „Hasyl ýygymyna üç aý galanda, size ýagyş bermedim+,
Bir şähere ýagmyr ýagdyrdym, beýlekisine ýagdyrmadym.
Ekin meýdanlarynyň birine ýagyş ýagdy,
Beýlekisi ýagyşsyz gurap galdy.
8 Iki-üç şäheriň ilaty suw içmek üçin başga şähere gitdiler+,
Ýöne suwdan ganmadylar.
Emma şonda-da siz maňa dolanmadyňyz“+.
Muny Ýehowa aýdýar.
9 „Men gallaňyzyň üstüne gyzgyn şemal öwüsdirdim,
Heňledip çüýretdim+.
Siz baglaryňyzy we üzümçiligiňizi köpeltseňiz-de,
Injir we zeýtun agaçlaryňyzy çekirtge iýip ýok etdi+.
Emma şonda-da siz maňa dolanmadyňyz“+.
Muny Ýehowa aýdýar.
10 „Müsürde edişim ýaly, siziň araňyza mergi ýolladym+,
Düşelgäňiz jesetleriň ysyndan ýaňa porsaýar+.
Emma şonda-da siz maňa dolanmadyňyz“.
Muny Ýehowa aýdýar.
11 „Sodom we Gomorrany+ kül edişim ýaly,
Siziň ýurduňyzy hem ýok etdim,
12 Şonuň üçin eý Ysraýyl, saňa şulary ederin,
Başyňa şulary indererin.
Eý Ysraýyl, Alla bilen ýüzleşmäge taýýar bol!