Ester
7 Patyşa bilen Haman+ şa aýaly Esteriň oturylyşygyna geldi. 2 Oturylyşygyň ikinji güni şerap içip otyrkalar, patyşa ýene-de Estere: «Şa aýaly Ester, näme islegiň bar? Aýdan zadyň berler. Näme haýyşyň bar? Patyşalygymyň ýarysyny sorasaňam, haýyşyňy bitirerin!»+ diýdi. 3 Şa aýaly Ester: «Eý patyşahym, göwnüňizden turan bolsam, makul bilseňiz, haýyş edýärin, janymy ölümden gutaryň, ýalbarýaryn, halkymy+ halas ediň! 4 Sebäbi meni we halkymy satyp+, ölüme tabşyrdylar. Bizi gyryp, bütinleý ýok etjek bolýarlar+. Bizi gulçulyga satsalar hem, sesimi çykarmazdym. Ýöne tutuş halkyň gyrylmagyna ýol berip bolmaz, sebäbi patyşa-da zyýan çeker» diýip jogap berdi.
5 Haşaýar patyşa aýaly Estere: «Kim muňa milt etdi? Nirede ol?» diýdi. 6 Ester hem: «Ganym duşman, ine, zalym Haman!» diýdi.
Haman patyşa bilen aýalyndan örän gorkdy. 7 Patyşa gaharlanyp ýerinden turdy we otagdan çykyp, köşgüň bagyna gitdi. Haman patyşanyň jeza berjegine düşünip, ýerinden turdy-da, şa aýaly Esterden rehim etmegi sorap, ýalbaryp başlady. 8 Patyşa bagdan gelip, meýlis otagyna girip görse, Haman Esteriň oturan düşegine ýapyşyp ýatyrdy. Patyşa muny görüp: «Indi gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýaňmy?» diýip gygyrdy. Patyşa sözüni soňlamanka, Hamanyň ýüzüni örtdüler. 9 Şonda patyşanyň köşk emeldary Harbon+: «Patyşahym, Haman janynyňyzy halas eden+ Mordekaýy asmak üçin pürs dikipdir+. Pürsüň beýikligi 50 tirsek*. Haman pürsi öýüniň gapdalynda dikipdir» diýdi. Patyşa: «Pürsden özüni asyň!» diýip buýruk berdi. 10 Hamany Mordekaý üçin dikilen pürsden asdylar. Şonda patyşanyň gahary ýatyşdy.