Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Resullar 25
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Resullar kitabynyň mazmuny

      • Pawlus Festiň öňünde (1—12)

        • «Sezara arz edýärin!» (11)

      • Fest Agrippa patyşa bilen maslahatlaşýar (13—22)

      • Pawlus Agrippanyň öňünde (23—27)

Resullar 25:1

Parallel aýatlar

  • +Res 24:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 196

Resullar 25:2

Parallel aýatlar

  • +Res 24:1

Resullar 25:3

Parallel aýatlar

  • +Res 23:20, 21

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 196

Resullar 25:5

Parallel aýatlar

  • +Res 25:16

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 196

Resullar 25:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 197

Resullar 25:7

Parallel aýatlar

  • +Mat 5:11; Luk 23:1, 2; Res 24:5

Resullar 25:8

Parallel aýatlar

  • +Res 24:11, 12

Resullar 25:9

Parallel aýatlar

  • +Res 24:27

Resullar 25:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 1/2019, sah. 4

Resullar 25:11

Parallel aýatlar

  • +Res 23:26, 29
  • +Res 28:17—19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 1/2019, sah. 4

    «Garawul diňi»,

    9/2016, sah. 15, 16

    «Garawul diňi»,

    15/5/2008, sah. 32

Resullar 25:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 1/2019, sah. 4

Resullar 25:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 198, 201

Resullar 25:15

Parallel aýatlar

  • +Res 25:2, 3

Resullar 25:16

Parallel aýatlar

  • +Res 25:5

Resullar 25:18

Parallel aýatlar

  • +Res 25:7

Resullar 25:19

Parallel aýatlar

  • +Res 18:14, 15; 23:26, 29
  • +Res 22:6—8

Resullar 25:20

Parallel aýatlar

  • +Res 25:9

Resullar 25:21

Parallel aýatlar

  • +Res 25:11, 12

Resullar 25:22

Parallel aýatlar

  • +Res 9:15

Resullar 25:24

Parallel aýatlar

  • +Res 22:22

Resullar 25:25

Parallel aýatlar

  • +Res 23:26, 29

Umumy salgylar

Res. 25:1Res 24:27
Res. 25:2Res 24:1
Res. 25:3Res 23:20, 21
Res. 25:5Res 25:16
Res. 25:7Mat 5:11; Luk 23:1, 2; Res 24:5
Res. 25:8Res 24:11, 12
Res. 25:9Res 24:27
Res. 25:11Res 23:26, 29
Res. 25:11Res 28:17—19
Res. 25:15Res 25:2, 3
Res. 25:16Res 25:5
Res. 25:18Res 25:7
Res. 25:19Res 18:14, 15; 23:26, 29
Res. 25:19Res 22:6—8
Res. 25:20Res 25:9
Res. 25:21Res 25:11, 12
Res. 25:22Res 9:15
Res. 25:24Res 22:22
Res. 25:25Res 23:26, 29
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
Mukaddes Kitap
Resullar 25:1—27

Resullar

25 Fest+ welaýatda hökümdarlyk edip başlanyna üç gün bolanda, Kaýsariýadan Iýerusalime geldi. 2 Uly ruhanylar we atly⁠-⁠abraýly ýehudylar bolsa Pawlusyň üstünden arz etdiler+. Olar Feste ýalbaryp, 3 Pawlusy Iýerusalime ibermegi haýyş etdiler. Olar Pawlusy ýolda öldürmek üçin bukuda garaşjak bolýardylar+. 4 Emma Fest Pawlusyň Kaýsariýada tussaglykda oturmalydygyny, özüniň hem tizden yzyna dolanjakdygyny aýtdy. 5 Fest: «Ol adam erbet iş eden bolsa, arz⁠-⁠şikaýat etmek üçin baştutanlaryňyz ýanymda gitsinler»+ diýdi.

6 Fest sekiz⁠-⁠on gün bolup, soňra Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, Pawlusy getirmegi buýurdy. 7 Pawlusy getirenlerinde, Iýerusalimden gelen ýehudylar daşyna üýşüp, agyr günäleri ýöňkediler, ýöne hiç birini subut edip bilmediler+.

8 Pawlus bolsa özüni gorap: «Men ne ýehudylaryň Töwradyna, ne ybadathana, ne⁠-⁠de Sezara garşy günä etdim»+ diýdi. 9 Fest bolsa ýehudylara ýaranjak bolup+, Pawlusa: «Iýerusalime gidesiň gelýärmi? Seniň işiňe seredenlerinde, menem şol ýerde bolaryn» diýdi. 10 Pawlus: «Men Sezaryň höküm kürsüsiniň öňünde durun, şu ýerde⁠-⁠de maňa höküm çykarylsyn. Ýehudylara hiç hili ýamanlyk etmändigimi özüň hem gowy bilýänsiň. 11 Men ölüm jezasyna mynasyp iş eden bolsam+, ölümden gorkamok. Ýöne olar ýöňkeýän aýyplamalaryny subut edip bilmeseler, meni olaryň eline tabşyrmaga hiç kimiň haky ýokdur. Sezara arz edýärin!»+ diýdi. 12 Fest mejlisiň agzalary bilen maslahatlaşyp, Pawlusa: «Sezara arz edýän bolsaň, Sezaryň ýanyna⁠-⁠da gidersiň» diýdi.

13 Birnäçe gün geçensoň, Agrippa patyşa bilen Bernika Festi görmek üçin Kaýsariýa geldiler. 14 Olar birnäçe gün bolandan soň, Fest Agrippa patyşa Pawlus hakda şeýle gürrüň berdi:

«Feliks bir adamy tussaglykda goýup gidipdir. 15 Iýerusalimdekäm uly ruhanylar we ýehudylaryň ýaşululary onuň üstünden arz edip+, jezalandyrmagy talap etdiler. 16 Emma men Rimiň kanunyna görä, ony aýyplaýanlar bilen ýüzleşdirmän we özüni goramaga mümkinçilik bermän+, höküm etmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugyny aýtdym. 17 Olar bärik gelende, men ertesi gün derrew höküm kürsimde oturyp, ony getirmegi buýurdym. 18 Ol erbetlik edendir öýtdüm, emma ony hiç hili erbet işlerde aýyplap bilmediler+. 19 Olar öz dini we Isa diýilýän bir adam hakda dawalaşýan ekenler+. Ol adam ölüpdir, Pawlus bolsa ol direldi diýýän eken+. 20 Men olaryň näme üçin dawalaşýandygyna doly düşünmedim. Şonuň üçin Pawlusa Iýerusalime gidip, meselä şol ýerde seredilmegi teklip etdim+. 21 Emma Pawlus Awgust karar çykarýança+, bärde galdyrmagy haýyş etdi. Men hem Sezaryň ýanyna ugradýançam, bärde sakladym».

22 Agrippa patyşa Feste: «Men hem ony diňlemek isleýärin»+ diýdi. Ol: «Ertir diňläp bilersiň» diýdi. 23 Ertesi gün Agrippa bilen Bernika şan⁠-⁠şöhrata beslenip, goşun serkerdeleri we şäheriň abraýly adamlary bilen kazyýet jaýyna geldiler. Fest esgerlere Pawlusy getirmegi buýurdy. 24 Fest: «Eý Agrippa patyşa, eý halaýyk! Şu adamy ölüme höküm etmeli diýip, şu ýerde⁠-⁠de, Iýerusalimde⁠-⁠de ähli ýehudylar gygyryşypdylar+. 25 Ýöne men onuň ölüme mynasyp hiç zat etmändigine göz ýetirdim+. Ol Awgusta arz etdi, şonuň üçin onuň ýanyna ibermek kararyna geldim. 26 Emma men ol hakda hökümdaryma näme ýazjagymy bilmedim. Şonuň üçin ony siziň ähliňiziň, esasanam, Agrippa patyşa, siziň öňüňize çykardym. Onuň işini derňäp, soňra Awgusta ol hakda hat ýazyp bilerin. 27 Meniň pikirimçe, tussagyň nämede aýyplanýandygyny hatda görkezmän, Rime ibermek dogry bolmaz» diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş