Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Patyşalar 6
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Alyşa paltanyň ujuny suwuň ýüzüne çykarýar (1—7)

      • Alyşa we siriýalylar (8—23)

        • Gözi açylan hyzmatkär (16, 17)

        • Gözi kör edilen siriýalylar (18, 19)

      • Samariýadaky güýçli açlyk (24—33)

2 Patyşalar 6:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Pygamber ogullary.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 2:3, 5; 9:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 9/2022, sah. 11

2 Patyşalar 6:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 9/2022, sah. 11

2 Patyşalar 6:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 9/2022, sah. 11

2 Patyşalar 6:8

Parallel aýatlar

  • +1Pa 20:1, 34; 22:31

2 Patyşalar 6:9

Parallel aýatlar

  • +1Pa 17:24

2 Patyşalar 6:10

Parallel aýatlar

  • +Mat 2:12

2 Patyşalar 6:12

Parallel aýatlar

  • +Dan 2:22, 28

2 Patyşalar 6:13

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:16, 17

2 Patyşalar 6:16

Parallel aýatlar

  • +2Ms 14:13; Zb 3:6
  • +2Şm 22:31; 2Tr 32:7; Zb 18:2; 27:3; 46:7; 55:18; 118:11; Rim 8:31

2 Patyşalar 6:17

Parallel aýatlar

  • +Res 7:56
  • +2Pa 2:11; Zb 68:17; Zek 6:1
  • +Zb 34:7; Mat 26:53

2 Patyşalar 6:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 19:10, 11

2 Patyşalar 6:19

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:29

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 11/2022, sah. 1

    «Okuw depderi üçin salgylar», 5/2022, sah. 1

2 Patyşalar 6:20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 11/2022, sah. 1

2 Patyşalar 6:22

Parallel aýatlar

  • +Nak 25:21; Rim 12:20

2 Patyşalar 6:23

Parallel aýatlar

  • +2Pa 5:2

2 Patyşalar 6:24

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:52; 1Pa 20:1

2 Patyşalar 6:25

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: okaranyň dörtden bir bölegi. Bir okara 1,22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:26; 5Ms 28:15, 17
  • +5Ms 14:3; Hyz 4:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitap», sah. 1884

2 Patyşalar 6:28

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:29; 5Ms 28:53—57; Hyz 5:10

2 Patyşalar 6:29

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: gaýnadyp.

Parallel aýatlar

  • +Agy 4:10

2 Patyşalar 6:30

Parallel aýatlar

  • +1Ms 37:29; 1Pa 21:27

2 Patyşalar 6:31

Parallel aýatlar

  • +Ýer 38:4

2 Patyşalar 6:32

Parallel aýatlar

  • +1Pa 18:13; 21:9, 10

Umumy salgylar

2 Pat. 6:12Pa 2:3, 5; 9:1
2 Pat. 6:81Pa 20:1, 34; 22:31
2 Pat. 6:91Pa 17:24
2 Pat. 6:10Mat 2:12
2 Pat. 6:12Dan 2:22, 28
2 Pat. 6:131Ms 37:16, 17
2 Pat. 6:162Ms 14:13; Zb 3:6
2 Pat. 6:162Şm 22:31; 2Tr 32:7; Zb 18:2; 27:3; 46:7; 55:18; 118:11; Rim 8:31
2 Pat. 6:17Res 7:56
2 Pat. 6:172Pa 2:11; Zb 68:17; Zek 6:1
2 Pat. 6:17Zb 34:7; Mat 26:53
2 Pat. 6:181Ms 19:10, 11
2 Pat. 6:191Pa 16:29
2 Pat. 6:22Nak 25:21; Rim 12:20
2 Pat. 6:232Pa 5:2
2 Pat. 6:245Ms 28:52; 1Pa 20:1
2 Pat. 6:253Ms 26:26; 5Ms 28:15, 17
2 Pat. 6:255Ms 14:3; Hyz 4:14
2 Pat. 6:283Ms 26:29; 5Ms 28:53—57; Hyz 5:10
2 Pat. 6:29Agy 4:10
2 Pat. 6:301Ms 37:29; 1Pa 21:27
2 Pat. 6:31Ýer 38:4
2 Pat. 6:321Pa 18:13; 21:9, 10
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
Mukaddes Kitap
2 Patyşalar 6:1—33

Ikinji Patyşalar

6 Pygamberler*+ Alyşa: «Ýaşaýan ýerimiz darlyk edýär. 2 Rugsat berseň, gidip, Iordanyň boýunda agaçdan jaý salaly» diýdi. Alyşa: «Gidiberiň» diýdi. 3 Şonda olaryň biri: «Senem gidäý» diýdi. Alyşa: «Bolýar» diýip, 4 olar bilen ýola düşdi. Iordana baryp, agaç çapyp başladylar. 5 Olaryň biri paltasynyň ujuny suwa gaçyrdy. Ol gygyryp: «Wah, agam, ol amanat zatdy!» diýdi. 6 Hak Hudaýyň guly: «Nirä gaçdy?» diýip sorady. Ol gaçyran ýerini görkezdi. Alyşa bir bölek agaç çapyp alyp, şol ýere zyňdy welin, paltanyň ujy suwuň ýüzüne çykdy. 7 Alyşa: «Bar, al» diýdi. Ol hem elini uzadyp aldy.

8 Şol wagtlar Siriýa patyşasy Ysraýyla garşy söweşe çykdy+. Ol emeldarlary bilen maslahatlaşyp: «Pylan⁠-⁠pylan ýerde düşelge guralyň» diýdi. 9 Hak Hudaýyň guly+ bolsa Ysraýyl patyşasyna habar ýollap: «Seresap bol, şol töwereklerden geçme, siriýalylar üstüňe çozjak bolýar» diýdi. 10 Ysraýyl patyşasy hak Hudaýyň gulunyň aýdan ýerindäki adamlara hem habar berdi. Alyşa nirä barmaly däldigini duýdurýardy, patyşa hem şol ýerlere barmaýardy+.

11 Siriýa patyşasynyň muňa gahary geldi. Ol hyzmatkärlerini ýygnap: «Hany aýdyň, haýsyňyz içalylyk edip, Ysraýyl patyşasyna hemme zady habar berýäňiz?» diýdi. 12 Hyzmatkärleriň biri: «Ýok, patyşahym, hemmämiz saňa wepaly! Ýöne Ysraýylda Alyşa diýen bir pygamber bar. Şol pygamber düşegiňde aýdan gepiňi hem Ysraýyl patyşasyna ýetirýär»+ diýdi. 13 Siriýa patyşasy: «Ony ele salar ýaly, bolýan ýerini anyklaň!» diýdi. Biraz wagtdan: «Alyşa pygamber Dotanda»+ diýip habar berdiler. 14 Patyşa dessine atlaryny, söweş arabalaryny, birgiden goşunyny şol ýere iberdi. Olar gijäniň içinde baryp, şäheriň daşyny gabadylar.

15 Hak Hudaýyň gulunyň hyzmatkäri daň bilen turup, daşaryk çykdy. Görse, atly, söweş arabaly goşun şäheriň daşyny gabapdyr. Şonda hyzmatkäri Alyşa: «Agam, işimiz gaýtdy! Indi näme ederis?» diýdi. 16 Ol: «Gorkma!+ Biziňkiler olardan has köpdür»+ diýdi. 17 Soňra Alyşa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, hyzmatkärimiň gözüni aç, goý, ol görsün»+ diýip, doga edip başlady. Ýehowa şol bada hyzmatkäriň gözüni açdy. Şonda ol daglarda birgiden atlary we söweş arabalary+ gördi, olar Alyşanyň daşynda ot ýaly lowlap durdy+.

18 Siriýalylar has golaýa gelende, Alyşa Ýehowa doga edip: «Ýalbarýaryn, olary kör et»+ diýdi. Hudaý Alyşanyň dilegini eşidip, olary kör etdi. 19 Şonda Alyşa olara: «Siz ters ugra barýaňyz, başga şähere geldiňiz. Ýörüň, men sizi gözleýän adamyňyzyň ýanyna äkideýin» diýip, olary Samariýa alyp gitdi+.

20 Samariýa ýetenlerinde, Alyşa: «Eý Ýehowa, olaryň gözüni aç» diýdi. Ýehowa olaryň gözüni açdy. Görseler, Samariýa şäheriniň ortarasynda durlar. 21 Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Alyşadan: «Atam, olary gyraýynmy?» diýip sorady. 22 Alyşa: «Ýok, degme. Söweşde ýesir alan adamlaryňy öldürýäňmi näme?! Olaryň garnyny doýur⁠-⁠da+, hökümdarynyň ýanyna iber» diýdi. 23 Ysraýyl patyşasy toý⁠-⁠meýlis gurnap, olary iýdirip⁠-⁠içirip, hökümdarynyň ýanyna iberdi. Şondan soň siriýalylar+ Ysraýyl ýurduna çozmadylar.

24 Birnäçe wagtdan Siriýa patyşasy Benhadat goşuny bilen Samariýanyň daşyny gabady+. 25 Samariýada güýçli açlyk başlandy+. Bir eşegiň kellesiniň+ bahasy 80 kümüş teňňä, iki goşawuç* kepderi dersiniň bahasy 5 kümüş teňňä ýetýänçä, şäher gabawda saklandy. 26 Ysraýyl patyşasy diwaryň üstünden geçip barýarka, bir aýal: «Patyşahym, dadyma ýetiş!» diýip gygyrdy. 27 Şonda patyşa: «Ýehowa kömek etmese, men nädip kömek edeýin?! Harmanda zat galandyr öýdýäňmi? Size berer ýaly şerabym ýa ýagym barmy?» diýdi. 28 Soňra patyşa ondan: «Näme arzyň bar?» diýip sorady. Ol hem: «Şu aýal maňa: „Gel, şu gün seniň ogluňy iýeli, ertir meniň oglumy iýeris“+ diýdi. 29 Şeýdibem, meniň oglumy bişirip* iýdik+. Ertesi: „Hany, getir, indi seniň ogluňy iýeli“ diýsem, ogluny bermän, gizläp otyr» diýdi.

30 Patyşa ol aýalyň sözlerini eşiden badyna, ýakasyny ýyrtdy+. Diwaryň üstünden geçip barýarka, adamlar patyşanyň jul geýnendigini gördüler. 31 Soňra patyşa: «Şu günüň özünde Şapatyň ogly Alyşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa has beterini görkezsin!»+ diýdi.

32 Şol wagt Alyşa ýaşulular bilen öýünde otyrdy. Patyşa öňünden bir çapary Alyşanyň öýüne iberdi. Emma çapar heniz gelmänkä, Alyşa ýanyndaky ýaşululara: «Ol ganhor ogul+ meniň kellämi almak üçin adam iberipdir. Serediň, ol geler welin, gapyny ýapyň⁠-⁠da, itekläp duruň, içerik salaýmaň. Hanha, yzyndan hojaýynynyň aýak sesi hem eşidilýär» diýdi. 33 Alyşa entek sözüni soňlamanka, çapar geldi. Yzyndan bolsa patyşa gelip: «Başymyza betbagtçylyk getiren Ýehowa dälmi?! Indi näme üçin ýene Ýehowa garaşmaly?» diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş