Zekerýa
9 Habar.
«Ýehowanyň Hadrak ýurduna garşy aýdan sözi.
Ol Damasgy nyşana aldy+.
Ýehowanyň gözleri ynsanlarda+,
Ähli ysraýyl taýpalarynda.
2 Serhetdeşi Hamata+ garşy aýdan sözleri.
3 Tir özüne berk diwar gurdy,
5 Aşkelon muny görüp gorkar;
Gaza güýçli agyrydan ejir çeker.
Ekron hem şeýle bolar, sebäbi umydy puja çykar.
Mundan beýläk Gazada patyşa bolmaz,
Aşkelon boşap galar+.
6 Aşdotda nikasyz ogul ýaşar,
Tekepbir piliştlileri peselderin+.
7 Men olaryň agzyndaky gany süpürerin,
Dişleriniň arasyndaky nejisligi aýraryn.
Piliştlileriň aman galanlary Hudaýymyzyňky bolar,
Olar Ýahudada tirebaşy kimin bolar+,
Ekronyň halky ýabuslar ýaly bolar+.
8 Halkymyň daşynda düşelge guraryn+,
Duşman aýagyny basmaz,
Indi zalym duşman ol ýerden geçmez+,
Men muny* öz gözüm bilen görüp durun.
9 Sion gyzy, şatlan!
Iýerusalim gyzy, begençden ýaňa gygyr!
Ine, patyşaň gelýär!+
10 Efraýymda söweş arabalaryny,
Iýerusalimde atlary ýok ederin.
Ýaýlary döwüp taşlaryn,
Ol halklara parahatlygy yglan eder+.
Deňizden-deňze,
11 Eý zenan, seniň bilen äht baglaşdyk,
Gan bilen tassykladyk.
Indi tussaglaryňy gurruk guýudan çykararyn+.
12 Eý umytly tussaglar, galaňyza dolanyň+.
Bu gün saňa aýdýaryn:
„Eý zenan, saňa iki esse paý bererin+.
13 Ýahudany ýaý kimin çekerin,
Efraýymy onuň oky ederin.
Eý Sion, ogullaryňy oýararyn,
Olar grek ogullaryna garşy çykar,
Seni batyr ýigidiň gylyjy kimin ederin“.
14 Ýehowanyň halkynyň ýanyndadygyny hemmeler biler,
Onuň oky ýyldyrym kimin atylar.
Älemiň Hökümdary Ýehowa surnaý çalar+,
Duşmanlaryna günorta harasady kimin topular.
Şerapdan doýan ýaly bökjekläp şatlanar.
Jamyň püre-pür bolşy deý, kalby şatlykdan dolar,
16 Şol gün olaryň Hudaýy Ýehowa halkyny,
Sürüsini halas eder+.
Olar täjiň gaşlary ýaly ýurda şöhle saçarlar+.
17 Berekedi egsilmez+,
Şan-şöhraty beýikdir!
Ýigitler bugdaýdan,
Gyzlar täze şerapdan güýç alar»+.