Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 20
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Ýonatanyň Dawuda wepalylygy (1—42)

1 Şamuwel 20:1

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:11; Zb 18:20

1 Şamuwel 20:2

Parallel aýatlar

  • +1Şm 19:6

1 Şamuwel 20:3

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:1; 19:2
  • +1Şm 27:1

1 Şamuwel 20:5

Parallel aýatlar

  • +4Ms 10:10; 2Tr 2:4

1 Şamuwel 20:6

Parallel aýatlar

  • +1Şm 16:4, 18
  • +1Şm 20:28, 29

1 Şamuwel 20:8

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: guluňa.

  • *

    Ýa-da: wepaly söýgiňi bildir.

Parallel aýatlar

  • +Nak 17:17
  • +1Şm 18:3; 23:18
  • +1Şm 20:1

1 Şamuwel 20:9

Parallel aýatlar

  • +1Şm 19:2

1 Şamuwel 20:13

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Ýonatana.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 10:7; 11:6; 16:13; 17:37

1 Şamuwel 20:14

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: wepaly söýgi bildir.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 9:1, 3, 6, 7

1 Şamuwel 20:15

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 21:7

1 Şamuwel 20:17

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:1, 3; 2Şm 1:26; Nak 18:24

1 Şamuwel 20:18

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:5

1 Şamuwel 20:23

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:13, 14
  • +1Şm 20:42

1 Şamuwel 20:24

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:5

1 Şamuwel 20:25

Parallel aýatlar

  • +1Şm 14:50

1 Şamuwel 20:26

Parallel aýatlar

  • +3Ms 11:23, 24; 15:4, 5, 16, 18; 4Ms 19:16

1 Şamuwel 20:27

Parallel aýatlar

  • +1Şm 17:12

1 Şamuwel 20:28

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:6

1 Şamuwel 20:31

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:8
  • +1Şm 19:6, 10

1 Şamuwel 20:32

Parallel aýatlar

  • +1Şm 19:5; Nak 17:17; 18:24

1 Şamuwel 20:33

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:11; 19:10
  • +1Şm 20:6, 7

1 Şamuwel 20:34

Parallel aýatlar

  • +1Şm 18:1

1 Şamuwel 20:35

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:19—22

1 Şamuwel 20:41

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ogşap.

1 Şamuwel 20:42

Parallel aýatlar

  • +1Şm 20:17, 23; 23:18; 2Şm 9:7

Umumy salgylar

1 Şam. 20:11Şm 24:11; Zb 18:20
1 Şam. 20:21Şm 19:6
1 Şam. 20:31Şm 18:1; 19:2
1 Şam. 20:31Şm 27:1
1 Şam. 20:54Ms 10:10; 2Tr 2:4
1 Şam. 20:61Şm 16:4, 18
1 Şam. 20:61Şm 20:28, 29
1 Şam. 20:8Nak 17:17
1 Şam. 20:81Şm 18:3; 23:18
1 Şam. 20:81Şm 20:1
1 Şam. 20:91Şm 19:2
1 Şam. 20:131Şm 10:7; 11:6; 16:13; 17:37
1 Şam. 20:142Şm 9:1, 3, 6, 7
1 Şam. 20:152Şm 21:7
1 Şam. 20:171Şm 18:1, 3; 2Şm 1:26; Nak 18:24
1 Şam. 20:181Şm 20:5
1 Şam. 20:231Şm 20:13, 14
1 Şam. 20:231Şm 20:42
1 Şam. 20:241Şm 20:5
1 Şam. 20:251Şm 14:50
1 Şam. 20:263Ms 11:23, 24; 15:4, 5, 16, 18; 4Ms 19:16
1 Şam. 20:271Şm 17:12
1 Şam. 20:281Şm 20:6
1 Şam. 20:311Şm 18:8
1 Şam. 20:311Şm 19:6, 10
1 Şam. 20:321Şm 19:5; Nak 17:17; 18:24
1 Şam. 20:331Şm 18:11; 19:10
1 Şam. 20:331Şm 20:6, 7
1 Şam. 20:341Şm 18:1
1 Şam. 20:351Şm 20:19—22
1 Şam. 20:421Şm 20:17, 23; 23:18; 2Şm 9:7
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 20:1—42

1 Şamuwel

20 Dawut Ramadaky Naýotdan gaçyp gitdi. Ol Ýonatanyň ýanyna baryp: «Men näme etdimkäm?+ Meniň näme günäm bar? Kakaň beýdip kastyma çykar ýaly, menden näme ýamanlyk gördükä?» diýdi. 2 Şonda Ýonatan: «Diýýäniň näme?!+ Seni hiç kim öldürmez. Kakam maňa aýtman, hiç zat etmez. Ol etjek işini menden näme üçin gizlesin? Ol beýle zat etmez!» diýdi. 3 Dawut bolsa ant içip: «Kakaň seniň meni gowy görýändigiňi bilýär+. Şonuň üçin ol: „Ýonatana aýtsam, gynanar“ diýýändir. Beýik Biribar Ýehowadan we seniň janyňdan ant içýärin, şu wagt men ölümiň bäri ýanynda durun!»+ diýdi.

4 Şonda Ýonatan: «Hany aýt, seniň üçin näme edeýin?» diýdi. 5 Dawut: «Ertir Täze aý baýramy+, men patyşa bilen bir saçakda oturmaly. Şäherden gideýin-de, birigün agşama çenli gizleneýin. 6 Kakaň meni sorasa: „Dawut Beýtullahama+ baryp gaýdaýyn diýip, menden rugsat sorady. Öýündäkiler her ýyl gurbanlyk berýän eken“+ diýäý. 7 Eger ol: „Dogry edipdir“ diýse, başymdan belanyň sowuldygydyr. Gaharlanaýsa welin, meni öldürjegi çyndyr. 8 Sen maňa* wepaly bol*+, ikimiz Ýehowanyň öňünde äht baglaşypdyk+. Eger günäm bar bolsa+, meni kakaň ýanyna eltip oturma-da, öz eliň bilen öldüräý!» diýdi.

9 Ýonatan bolsa: «Diýýäniň näme?! Heý, men saňa şeýdip bilerinmi?! Kakamyň seni öldürjegini bilsem, hökman duýduraryn»+ diýdi. 10 Dawut: «Eger kakaň gaharly jogap berse, maňa kim habar eder?» diýdi. 11 Ýonatan: «Ýör, şäheriň daşyna çykaly» diýdi. Şeýdip, olar şäheriň daşyna çykdylar. 12 Şonda Ýonatan: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şaýat bolsun, ertir ýa birigün kakam bilen gepleşerin. Hiç hili erbet niýeti ýok bolsa, ýanyňa adam iberip, habar ederin. 13 Ýöne kakam seni öldürmegiň küýüne düşen bolsa, hökman duýduraryn. Seni sag-salamat ýola salmasam, Ýehowa maňa* has beterini görkezsin. Kakamy goldan Ýehowa seni-de goldasyn+. 14 Ýöne sen maňa diňe dirikäm däl, ölenimden soňam Ýehowa ýaly wepaly bol*+. 15 Ýehowa duşmanlaryňy ýer ýüzünden bütinleý ýok edende-de, hojalygyma wepaly söýgiň* sönmesin»+ diýdi. 16 Soňra ol: «Ýehowa Dawudyň duşmanlaryndan hasap sorap, jezasyny berer» diýdi-de, Dawudyň hojalygy bilen äht baglaşdy. 17 Dostlugyny berkitmek üçin Dawuda ýene-de ant içirdi, sebäbi Ýonatan Dawudy janyndan hem eziz görýärdi+.

18 Soňra Ýonatan: «Ertir Täze aý baýramy+, ýeriň boş dursa, ýoklugyňy bilerler. 19 Birigünem görünmeseň, sorap başlarlar. Sen öňki gizlenen ýeriňe gel-de, hol daşyň ýanynda garaş. 20 Men nyşana alan kişi bolup, şol daşa tarap üç gezek ok ataryn-da, 21 hyzmatkärime: „Oklary tapyp gel“ diýerin. Eger: „Oklar, hanha, gapdalyňda ýatyr, olary getir“ diýsem, arkaýyn çyk, hemme zat gül ýalydyr. Ýehowa diri şaýatdyr, saňa hiç hili howp abanmaz. 22 Ýöne şol hyzmatkäre: „Oklar aňyrrakda“ diýsem, gaçgyn, diýmek, Ýehowa seniň bärden gitmegiňi isleýändir. 23 Goý, ähtimize+ Ýehowa ebedilik şaýat bolsun»+ diýdi.

24 Şeýlelikde, Dawut şäheriň daşynda gizlendi. Täze aý baýramynda patyşa saçak başyna geçip, öz ýerinde oturdy+. 25 Ol hemişekisi ýaly diwaryň golaýynda, Ýonatan bolsa garşysynda oturdy. Şawulyň gapdalynda Abnur+ oturdy, Dawudyň ýeri bolsa boşdy. 26 Şol gün Şawul sesini çykarmady, ol öz ýanyndan: «Ol bir zat sebäpli haram bolandyr, tämizlenen däldir»+ diýip pikir etdi. 27 Baýramçylygyň ertesi günem Dawudyň ýeri boşdy. Şawul ogly Ýonatana: «Ýessäniň+ ogly iki günden bäri nahara gelenok-la» diýdi. 28 Ýonatan: «Dawut Beýtullahama baryp gaýdaýyn diýip rugsat sorady+. 29 Ol: „Öýdäkiler şäherde gurbanlyk berjek bolýar, agam çagyrypdyr. Gidip gelsem bolmazmy? Rugsat berseň, doganlarymy görüp gaýdaýyn“ diýdi. Şonuň üçin ol patyşanyň saçagyna gelmedi» diýip jogap berdi. 30 Şawulyň Ýonatana gahary gelip: «Haý, sen başyna giden ogul diýsäni! Ýessäniň oglunyň tarapyny tutýanyňy bilmeýändirin öýdýäňmi? Bolşuň şu bolsa, özüňi-de, eneňi-de utanja goýarsyň. 31 Ýessäniň ogly diri gezip ýörse, saňa-da gün bermez, patyşalygyňam uzak durmaz+. Häziriň özünde adam iberip, ony getirt. Dawudyň başy ölümlidir»+ diýdi.

32 Ýonatan kakasyna: «Öldürer ýaly, ol saňa näme etdi?»+ diýdi. 33 Şawul bolsa naýzasyny Ýonatana zyňyp goýberdi+. Şonda Ýonatan kakasynyň Dawudy öldürmegi berk ýüregine düwendigine düşündi+. 34 Ýonatan gaharyna saçak başyndan turup gitdi. Ol Dawudyň düşen ýagdaýyna we kakasynyň kemsitmelerine gynanyp, şol gün hiç zat iýmedi+.

35 Ertesi irden Ýonatan bir hyzmatkärini ýanyna alyp, Dawut bilen gepleşen ýerine gitdi+. 36 Ol hyzmatkärine: «Ylga-da, atan oklarymy tapyp gel» diýdi. Oglan ylgap gitdi welin, Ýonatan peýkamy aňyrraga düşer ýaly edip atdy. 37 Hyzmatkär okuň düşen ýerine baranda, Ýonatan: «Hanha, aňyrrakda» diýip gygyrdy. 38 Soňra ol: «Basym bol! Ylga çaltrak, eglenme!» diýip gygyrdy. Ol hem oklary çöpläp getirdi. 39 Hyzmatkär hiç zatdan habarsyzdy. Bolýan zatlara diňe Ýonatan bilen Dawut düşünýärdi. 40 Ýonatan ýaraglaryny hyzmatkärine berip: «Bar, şähere äkit» diýdi.

41 Hyzmatkär gidende, Dawut gizlenen ýerinden çykdy-da, ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Olar bir-birini gujaklap* aglaşdylar, Dawut has köp aglady. 42 Ýonatan Dawuda: «Ikimiz: „Goý, Ýehowa biziň we nesillerimiziň arasynda ebedilik şaýat bolsun!“ diýip, Ýehowanyň adyndan ant içipdik. Bar, ýoluň ak bolsun!»+ diýdi.

Dawut ýola düşdi, Ýonatan bolsa şähere gaýtdy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş