Üçünji Musa
26 Dereksiz taňrylary ýasamaň+, oýma butlary+ we keramatly sütünleri goýmaň, ýurduňyzda daş heýkelleri oturdyp+, sežde etmäň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn. 2 Sabat baradaky kanunymy berjaý edip, mukaddes çadyryma hormat goýuň*. Men Ýehowadyryn.
3 Kada-kanunlaryma eýerip, tabşyryklarymy berjaý edip ýaşasaňyz+, 4 ýurduňyza wagtly-wagtynda ýagyş ýagdyraryn+. Topragyňyz bol hasyl berip+, agaçlaryňyz miwe getirer. 5 Hasylyň bollugyndan ýaňa heniz harman döwüp gutarmankaňyz, üzümleriňiz ýetişer. Olary ýygnap ýetişmänkäňiz, ekiş döwri başlar. Ýurduňyz parahat bolar, bolçulykda ýaşarsyňyz*+. 6 Ýurduňyza parahatlyk bererin+, rahat ýatyp turarsyňyz+. Wagşy haýwanlary ýurduňyzdan kowup çykararyn, size gylyç galdyran adam bolmaz. 7 Duşmanlaryňyzy kowalap, gylyçdan geçirersiňiz. 8 Bäşiňiz 100 esgerden, 100 sanyňyz 10 000 esgerden üstün çykyp, duşmanlaryňyzy gylyçdan geçirersiňiz+.
9 Berekediňizi artdyraryn, ogul-gyzly edip, nesliňizi köpelderin+. Siz bilen baglaşan ähtime wepaly bolaryn+. 10 Entek öňki ýylyň hasylyny iýip gutarmankaňyz, täze hasyl üçin ammaryňyzy boşatmaly bolarsyňyz. 11 Mukaddes çadyrymy araňyzda goýaryn+, sizi hiç wagt taşlamaryn. 12 Hemişe ýanyňyzda bolaryn. Men siziň Hudaýyňyz+, siz hem meniň halkym bolarsyňyz+. 13 Sizi Müsür gulçulygyndan azat eden Hudaýyňyz Ýehowa mendirin. Başyňyzy dik tutup gezer ýaly, boýuntyrygyňyzy döwüp taşladym.
14 Emma maňa gulak asmasaňyz, tabşyryklarymy ýerine ýetirmeseňiz+, 15 kanunlaryma boýun bolman+, hökümlerimi ýigrenseňiz, tabşyryklarymy berjaý etmän, ähtimi bozsaňyz+, 16 sizi howsala düşürerin, inçekesele we gyzzyrma duçar ederin. Şonda gözüňiz kütelip, güýçden gaçarsyňyz. Eken ekinleriňiziň hözirini görmersiňiz, olary duşmanlaryňyz iýer+. 17 Sizden ýüz öwrerin. Duşmanlaryňyz sizi derbi-dagyn eder+, ýagylaryňyz üstüňizden depelär+. Yzyňyzdan kowgy gelmese-de, gorkup gaçarsyňyz+.
18 Şonda-da maňa gulak asmasaňyz, günäleriňiziň jezasyny ýedi esse artdyraryn. 19 Boýnuýogynlygyňyzy, tekepbirligiňizi döwüp taşlaryn. Asmany demre+, topragy mise döndererin*. 20 Zähmet çekseňiz-de, azabyňyz puç bolar, toprak hasyl bermez+, agaçlar miwe getirmez.
21 Emma şonda-da garşyma gidip, sözüme gulak asmasaňyz, günäleriňiziň jezasyny ýene ýedi esse artdyraryn. 22 Ýyrtyjy haýwanlary üstüňize küşgürerin+, olar çagalaryňyzy dalar+, mal-garaňyzy ýalmap ýuwudar. Sizi barmak basyp sanaýmaly bolar, köçeleriňiz boşap galar+.
23 Şu zatlardan soňam düzelmän+, garşyma gitseňiz, 24 men hem size garşy aýaga galyp, günäleriňiziň jezasyny ýene ýedi esse artdyraryn. 25 Ähtimi bozanyňyz üçin gylyç bilen ar alaryn+. Şäherleriňize gaçyp gizlenseňiz, araňyza gyrgyn keselini ýollaryn+. Sizi duşmanlaryň eline bererin+. 26 Sizi çörege* zar ederin+, on aýal bir tamdyrda çörek bişirer. Çöregi ölçäp iýersiňiz+, gerk-gäbe doýmarsyňyz+.
27 Şonda-da maňa gulak asman, garşyma gitmegi dowam etseňiz, 28 size has güýçli garşylyk görkezip+, günäleriňiziň jezasyny ýene ýedi esse artdyraryn. 29 Açlykdan ýaňa ogul-gyzyňyzy iýersiňiz+. 30 Seždegähleriňizi* ýumrup+, tütetgi ýakýan ojaklaryňyzy çym-pytrak ederin. Ýigrenji butlaryňyzy* kül edip, üstüne maslyklaryňyzy sererin+. Sizi ýigrenip, ýüz öwrerin+. 31 Şäherleriňizi ýer bilen ýegsan edip+, keramatly ýerleriňizi haraba öwrerin. Ýakymly ysly gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin*. 32 Ýurdy şeýle bir harabaçylyga öwrerin*+ welin, duşmanlar aňk-taňk bolup galar+. 33 Sizi halklaryň arasyna dargadaryn+, gylyjymy syryp, yzyňyzdan kowalaryn+. Ýurduňyz boşap galar, şäherleriňiz weýran bolar+.
34 Ýat ýurtda ýesir bolup ýaşarsyňyz, watanyňyz bolsa harabalykda ýatyp, öňki Sabat ýyllarynyň öwezini dolar. Boşap galan ýurt dynç alyp, Sabat ýyllaryny bellär+. 35 Ýurtda ýaşan wagtyňyz Sabat baradaky kanuna eýerip, topraga dynç bermediňiz. Şonuň üçin ýurt haraba öwrülip, doly dynç alar.
36 Diri galanlary+ bolsa duşman ýurdunda gorkuda ýaşadaryn. Olar ýapragyň şygyrdysyna-da gorkup gaçarlar. Yzlaryndan kowgy gelmese-de, biri gylyçly kowalaýan ýaly, kä ýykylyp, kä turup gaçarlar+. 37 Hiç kim kowalamasa-da, yzyndan gylyçly ýagy gelýän ýaly gaçyp, bir-birine büdräp ýykylarlar. Duşmanlaryňyza gaýtawul berip bilmersiňiz+. 38 Keseki halklaryň arasynda gyrlarsyňyz+, duşman ýurdunda heläk bolarsyňyz*. 39 Aman galanlar bolsa günäleri sebäpli duşman ýurdunda çüýrär+. Hawa, olar ata-babalarynyň etmişi üçin çüýräp gider+. 40 Şonda olar özleriniň+ we ata-babalarynyň günälerini, maňa garşy gidip, biwepalyk edendigini boýun alarlar+. 41 Etmişleri üçin olara garşy çykyp+, duşman ýurduna sürgün edendigime düşünerler+.
Belki, şonda olaryň daşa dönen* ýüregi ýumşap+, günälerine toba ederler*. 42 Men Ýakup+, Yshak+, Ybraýym bilen baglaşan ähtimi+ we ýurdy ýada salaryn. 43 Ýurt ilatsyz galanda, öňki Sabat ýyllarynyň öwezini dolup+, takrap ýatar. Halk bolsa hökümlerimi ýigrenip, kada-kanunlaryma boýun bolmandygy üçin jezasyny çeker+. 44 Ýöne duşman ýurdunda olary bütinleý taşlamaryn, köki bilen ýok etmerin+. Beýtsem, olar bilen baglaşan ähtimi+ bozdugym bolar, sebäbi men olaryň Hudaýy Ýehowadyryn. 45 Olaryň hatyrasyna ata-babalary bilen baglaşan ähtimi ýatlaryn+. Olary başga halklaryň gözüniň alnynda Müsürden çykaryp+, Hudaýy boldum. Men Ýehowadyryn“».
46 Ýehowanyň Sinaý dagynda Musa arkaly ysraýyllara beren düzgünleri, hökümleri we kanunlary şulardan ybaratdy+.