Zyýarat aýdymy.
125 Ýehowa bil baglaýanlar+
Sion dagy kimin asla sarsmaz, ebedi durar+.
 2 Daglaryň Iýerusalimi goraýşy ýaly+,
Ýehowa-da eziz halkyny häzirem, gelejekde-de gorar+.
 3 Dogruçyl adam erbet işe baş goşmaz ýaly+,
Erbetler dogruçylyň üstünden hemişe agalyk etmez+.
 4 Eý Ýehowa, ýagşy adamlara,
Dogruçyl adamlara ýagşylyk et!+
 5 Ýehowa günäkärler bilen bilelikde
Egri ýola sowlanlary ýok eder+.
Goý, Ysraýylda parahatçylyk bolsun!