Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Nesihat 6
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Nesihat kitabynyň mazmuny

      • Durmuşyň hözirini görmän dünýäden ötýär (1—6)

      • Bar zadyňdan lezzet al (7—12)

Nesihat 6:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Gün.

Nesihat 6:3

Parallel aýatlar

  • +Nes 4:2, 3

Nesihat 6:5

Parallel aýatlar

  • +Eýp 3:11, 13; 14:1

Nesihat 6:6

Parallel aýatlar

  • +Eýp 30:23; Nes 3:20; Rim 5:12

Nesihat 6:7

Parallel aýatlar

  • +1Ms 3:19; Nak 16:26

Nesihat 6:8

Parallel aýatlar

  • +Zb 49:10; Nes 2:15, 16

Nesihat 6:9

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: görýän.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    8/2021, sah. 21

    «Oýanyň!»,

    2/2014,

    «Garawul diňi»,

    1/11/2006, sah. 15

Nesihat 6:11

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: zadyň.

Nesihat 6:12

Parallel aýatlar

  • +1Tr 29:15; Eýp 8:9; 14:1, 2; Zb 102:11

Umumy salgylar

Nes. 6:3Nes 4:2, 3
Nes. 6:5Eýp 3:11, 13; 14:1
Nes. 6:6Eýp 30:23; Nes 3:20; Rim 5:12
Nes. 6:71Ms 3:19; Nak 16:26
Nes. 6:8Zb 49:10; Nes 2:15, 16
Nes. 6:121Tr 29:15; Eýp 8:9; 14:1, 2; Zb 102:11
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
Mukaddes Kitap
Nesihat 6:1—12

Nesihat

6 Gök* astynda köp adamlaryň başyna inýän ýene bir aýylganç ýagdaýy gördüm: 2 hak Hudaý adama baýlyk, mal-mülk, at-abraý berýär; ol hiç zada mätäç bolmaýar. Emma hak Hudaý olaryň hözirini görkezmeýär, üstesine-de, keseki adam mal-mülküne eýe çykýar. Bu-da biderek, agyr dertdir. 3 Eger adam uzak ömür sürse, ýüz çaganyň atasy bolup, garrylyk çagyna ýetse, emma durmuşyň hözirini görmän dünýäden ötse, öli doglan çaga ondan gowudyr+. 4 Sebäbi ol çaga biderek ýere doglup, tümlüge siňip gidýär, adyny garaňkylyk örtýär. 5 Ol Güni gören däldir we hiç zat bilýän däldir. Onuň ýagdaýy uzak ömür süren adamyňkydan gowudyr+. 6 Eger adam 2 000 ýyl ýaşabam, durmuşyň hözirini görmese näme peýdasy bar? Ähli adamlaryň barjak ýeri bir dälmi?+

7 Adam gara bokurdagy üçin agyr zähmet çekýär+, ýöne gözi doýmaýar. 8 Akyldaryň akmak adamdan näme artykmaçlygy bar?+ Garyp gün-güzeranyny dolandyrmagy bilse-de, oňa mundan ne peýda? 9 Ýok zadyň arzuwyny edeniňden, bar* zatlaryňdan lezzet alanyň ýagşydyr. Bu-da biderek, şemaly kowalamakdyr.

10 Ähli zadyň ady öňden goýlandyr, ynsanyň kimdigi bellidir. Ol özünden güýçli bilen dawalaşyp bilmez. 11 Köp sözüň* manysy ýokdur. Mundan adama ne peýda? 12 Kölege ýaly geçip gidýän, gysga we boş ömründe+ ynsan üçin nämäniň gowy boljakdygyny kim biler? Adam dünýäden ötse, kim ony yzyna getirip, gök astynda boljak zatlary aýdyp biler?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş