Nesihat
8 Paýhasly adama taý geljek barmy? Kynçylygy kim çözüp biler? Akyldarlyk ýüzi nurlandyrýar, gaharly ýüzi mähirli edýär.
2 Men şeýle diýýärin: «Hudaýa beren wadaňa görä+, patyşanyň buýruklaryny berjaý et+. 3 Patyşanyň huzuryndan gitmäge howlukma+, erbetleriň tarapyny tutma+, sebäbi patyşa islän zadyny edýär. 4 Patyşanyň sözi kanundyr+. Kim oňa: „Edýäniň näme?“ diýip biler?»
5 Kanuny berjaý edýän adam zyýan çekmez+. Paýhasly adam her bir zadyň amatly wagtyny we tertibini bilýär+. 6 Ynsanyň başynda kynçylyk köpdür, ýöne her bir zadyň öz wagty we tertibi bardyr+. 7 Hiç kim boljak zady öňünden bilmeýän bolsa, onuň nädip boljagyny nireden bilsin?
8 Adamyň ýaşaýyş demi öz elinde däldir, şonuň ýaly öljek güni hem öz elinde däldir+. Söweş wagty esger öýüne goýberilýän däldir, erbet adam hem pislik edip aman galýan däldir*.
9 Men bar zada syn etdim we gök* astynda edilýän ähli işler barada oýlandym. Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni+. 10 Men mukaddes ýere girip-çykýan erbetleriň jaýlanandygyny gördüm. Galanyň halky olaryň eden zalym işlerini tiz unutdylar+. Bu-da biderekdir.
11 Erbet işleri üçin tiz jeza berilmese+, ynsan ogullarynyň ýüregi erbetlik etmekden gorkmaz+. 12 Günäkär ýüz sapar erbetlik edip, uzak ömür sürse-de, diňe hak Hudaýdan gorkýan adamlar bereket alýan ekeni, sebäbi olar Hudaýa çuňňur hormat goýýarlar+. 13 Emma erbet adam bereket almaz+, ömri kölege ýaly geçip gider, ömrüni uzaldyp bilmez+, sebäbi ol Alladan gorkmaýar.
14 Ýer ýüzünde bir biderek ýagdaýy gördüm: hudaýhon adamlar erbetlere berilmeli jezany çekýärler+. Erbet adamlar bolsa hudaýhonlara berilmeli sylagy alýarlar+. Men: «Bu-da biderek» diýdim.
15 Şeýlelikde, men adamlara şatlanyp ýaşamagy maslahat berdim+, sebäbi gök astynda ynsana iýip-içmekden we şatlanmakdan başga gowy zat ýokdur. Adam hak Hudaýyň gök astynda beren ömrüniň ähli günlerinde şatlyk bilen zähmet çekmelidir+.
16 Men gije-gündiz ýatman ýer ýüzünde edilýän işleri* we akyldarlygy öwrenmegi ýüregime düwdüm+. 17 Hak Hudaýyň eden ähli işleri hakynda oýlandym. Ynsan gök astynda bolýan ähli zada düşünip bilmeýär+. Ynsan näçe jan etse-de, olara düşünmez. Olar özüni akylly hasaplasalar-da, gök astynda bolýan ähli zada doly düşünmez+.