Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Patyşalar 7
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Alyşanyň açlygyň gutarjagy hakda pygamberligi (1, 2)

      • Gaçyp giden siriýalylaryň düşelgesi (3—15)

      • Alyşanyň pygamberliginiň berjaý bolşy (16—20)

2 Patyşalar 7:1

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: bazarynda.

  • *

    Bir kersen 7,33 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • *

    Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:36; 2Pa 7:18

2 Patyşalar 7:2

Parallel aýatlar

  • +4Ms 14:11
  • +4Ms 11:23
  • +2Pa 7:17

2 Patyşalar 7:3

Parallel aýatlar

  • +3Ms 13:45, 46

2 Patyşalar 7:4

Parallel aýatlar

  • +2Pa 6:25

2 Patyşalar 7:6

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:7; 2Şm 5:24

2 Patyşalar 7:12

Parallel aýatlar

  • +2Pa 6:25, 28, 29
  • +Ýuş 8:4, 12; Ser 20:29, 37

2 Patyşalar 7:16

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:19; 2Pa 7:1; Işa 55:10, 11

2 Patyşalar 7:18

Parallel aýatlar

  • +2Pa 7:1, 2

Umumy salgylar

2 Pat. 7:15Ms 32:36; 2Pa 7:18
2 Pat. 7:24Ms 14:11
2 Pat. 7:24Ms 11:23
2 Pat. 7:22Pa 7:17
2 Pat. 7:33Ms 13:45, 46
2 Pat. 7:42Pa 6:25
2 Pat. 7:65Ms 28:7; 2Şm 5:24
2 Pat. 7:122Pa 6:25, 28, 29
2 Pat. 7:12Ýuş 8:4, 12; Ser 20:29, 37
2 Pat. 7:164Ms 23:19; 2Pa 7:1; Işa 55:10, 11
2 Pat. 7:182Pa 7:1, 2
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
Mukaddes Kitap
2 Patyşalar 7:1—20

Ikinji Patyşalar

7 Alyşa: «Ýehowanyň sözüni diňläň! Ýehowa şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesinde* bir kersen* ýokary hilli unuň bahasy bir şekel*, iki kersen arpanyň bahasy bir şekel bolar“»+ diýdi. 2 Şonda patyşanyň ynamdar nökeri hak Hudaýyň guluna: «Ýehowa gögüň derwezelerini açsa⁠-⁠da, beýle zat bolmaz!»+ diýdi. Emma Alyşa: «Sen muny gözüň bilen görersiň+, ýöne şol zatlardan bir agzam datmarsyň»+ diýdi.

3 Şäher derwezesinde dört sany heýwere keselli adam otyrdy+. Olar biri⁠-⁠birlerine: «Beýdip ölümimize garaşyp oturmak nämä gerek? 4 Şähere gireli diýseg⁠-⁠ä, şäherde açlyk+, barybir öleris. Bärde otursagam, diri galjak gümanymyz ýok. Ýörüň, siriýalylaryň düşelgesine gideliň. Olaryň bize haýpy gelip, öldürmeseler⁠-⁠ä, ýaşarys. Öldürselerem, etjek alajymyz ýok!» diýişdiler. 5 Şeýdip, olar garaňky gatlyşyp barýarka, siriýalylaryň düşelgesine gitdiler. Düşelgä barsalar, hiç kim ýok eken.

6 Ýehowa siriýalylara söweş arabalaryň, atlaryň sesini, ägirt uly goşunyň goh⁠-⁠galmagalyny eşitdiripdi+. Şonda olar: «Ysraýyl patyşasy üstümize çozmak üçin hetleriň we Müsüriň patyşalaryny hakyna tutandyr!» diýişdiler. 7 Olar çadyrlaryny, atlaryny, eşeklerini, düşelgedäki bar zatlaryny taşlap, alagaraňkyda gaçyp gitdiler.

8 Heýwere keselliler bolsa düşelgäniň gyrasyndaky çadyra girip, iýip içdiler, çadyrdaky altyn⁠-⁠kümüşleri, egin⁠-⁠eşikleri bir ýere äkidip gizlediler. Soňra başga çadyra girip, ondaky zatlary hem äkidip gizlediler.

9 Ahyry olar biri⁠-⁠birlerine: «Bolup ýörşümiz⁠-⁠ä gowy däl. Gidip, hoş habary buşlalyň. Daň atýança bärde otursak, işimizi görerler. Ýörüň, çaltrak köşge habar bereliň» diýdiler. 10 Olar gidip, şäheriň derwezebanlaryna batly ses bilen: «Biz siriýalylaryň düşelgesine baryp gaýtdyk, düşelgede adam⁠-⁠gara ýok eken. Daňylgy duran atlar we eşeklerden başga janly⁠-⁠jemende galmandyr. Siriýalylar çadyrlaryny şol durşuna taşlap gidipdir» diýip habar berdiler. 11 Şonda derwezebanlar jar çekdiler, habar köşge baryp ýetdi.

12 Habary eşiden patyşa ýarygije turup, hyzmatkärlerine: «Bilýäňizmi, siriýalylar näme etjek bolýar? Olar biziň aç oturanymyzy+ bilýär. Düşelgelerini taşlan kişi bolup, bir ýerde gizlenendirler. Şäherden çykaýsak, üstümize dökülip, bizi diri tutjak bolýandyrlar. Şeýdibem, şäheri basyp aljak bolýandyrlar»+ diýdi. 13 Şonda hyzmatkärleriň biri: «Rugsat berseňiz, birnäçe adam şäherde galan atlaryň bäşisini alsyn⁠-⁠da, düşelgä gidip görsün. Bärde galsalaram, barybir beýleki ysraýyllar ýaly heläk bolarlar. Hany, şolary iberip göreli, näme bolsa⁠-⁠da göräýeris» diýdi. 14 Şeýlelikde, atlary iki araba goşdular. Patyşa: «Gidiň⁠-⁠de, bar zady anyklaň» diýip, siriýalylaryň düşelgesine adam iberdi. 15 Olar Iordana ýetýänçäler, siriýalylaryň giden ýolundan ýörediler. Ýoluň ugry gaçyp giden siriýalylaryň egin⁠-⁠eşiklerinden we goş⁠-⁠golamlaryndan doludy. Çaparlar yzyna dolanyp, ähli zady patyşa habar berdiler.

16 Adamlar gidip, siriýalylaryň düşelgesini taladylar. Şonda Ýehowanyň aýdyşy ýaly, bir kersen ýokary hilli unuň bahasy bir şekel, iki kersen arpanyň bahasy bir şekel boldy+. 17 Patyşa ynamdar nökerini şäher derwezesine gözegçi edip goýupdy. Emma ol derwezeden çykyp barýan adamlaryň aýak astynda galyp öldi. Şeýlelikde, hak Hudaýyň gulunyň patyşa aýdan sözleri ýerine ýetdi. 18 Hak Hudaýyň guly patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesinde iki kersen arpanyň bahasy bir şekel, bir kersen ýokary hilli unuň bahasy bir şekel bolar»+ diýende, 19 patyşanyň nökeri hak Hudaýyň guluna: «Ýehowa gögüň derwezelerini açsa⁠-⁠da, beýle zat bolmaz!» diýipdi. Alyşa hem: «Sen muny gözüň bilen görersiň, ýöne şol zatlardan bir agzam datmarsyň» diýipdi. 20 Alyşanyň aýdyşy ýaly⁠-⁠da boldy, derwezeden çykyp barýan adamlar nökeri basgylap öldürdiler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş