Zebur
Karun ogullarynyň+ aýdymy.
48 Ýehowa beýikdir, alkyşa mynasypdyr,
Hudaýymyz öz şäherinde, mukaddes dagyndadyr.
3 Onuň berk diňlerinde
Hudaý penakär hökmünde tanalýar+.
4 Patyşalar ýygnandylar,
Hüjüm etmäge jemlendiler.
5 Şäheri görende aňk-taňk boldular,
Howsala düşdüler, gorkudan ýaňa gaçyp gitdiler.
6 Olar sandyradylar,
Çaga dogurýan aýal kimin dert çekdiler.
7 Sen gündogar ýelini turuzdyň,
Tarşyş gämilerini bölek-bölek etdiň.
8 Serkerdebaşy Ýehowanyň şäherine,
Hudaýymyzyň galasyna geldik.
Gulagymyz bilen eşidenimizi, indi gözümiz bilen gördük.
Alla şäheri sarsdyrmaz+. (Sela)
10 Adyň hem şöhratyň,
Bütin dünýä ýaň salýar+.
Sag eliň bilen adalaty dikeldýärsiň+.
Diňlerini ünsli synlaň,
Olar hakda geljekki nesillere gürrüň beriň.
14 Ol biziň ebedilik Hudaýymyz bolar+,