Ýewreýler
6 Şonuň üçin, geliň, diňe bir Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmek bilen çäklenmän+, eýsem ruhy taýdan ösmäge jan edeliň+. Şeýle-de esasy taglymatlary, ýagny günäli işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek, 2 suwa çümdürilmek, biriniň üstüne el goýmak+, direliş+ we ebedi höküm barada gaýta-gaýta öwrenip ýörmäliň. 3 Eger Hudaý halasa, biz ruhy taýdan öseris.
4 Käbirleri öň ýagtylygy kabul edip+, gökdäki sylagdan we mukaddes ruhdan datdylar. 5 Hudaýyň ýagşy sözüniň peýdasyny, geljekki dünýäniň* bereketlerini* gördüler. 6 Şonda-da olar imandan dändiler+. Olary hiç kim gaýtadan toba etdirip bilmez, sebäbi olar Hudaýyň Ogluny ýene-de pürse çüýläp, adamlaryň öňünde masgara edýärler+. 7 Toprak hem ýagşyň suwundan ganyp, Hudaýdan bereket alýandyr, daýhana hasyl berýändir. 8 Eger melleginde tikenek we ýandak gögerse, daýhanyň göwni geçip, gargap başlar. Soňunda bolsa tutuş mellegini otlar.
9 Eziz doganlar, şeýle zatlary aýtmaly bolsak-da, siziň ýagdaýyňyz imandan dänenleriňkiden has gowy, sebäbi siz gutulyşa mynasyp işleri edýärsiňiz. 10 Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi+ unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir. 11 Mundan beýläk-de şeýle yhlasly boluň, şonda umydyňyzy+ soňuna çenli saklap bilersiňiz+. 12 Şonuň üçin ýalta bolmaň-da+, iman ediň, sabyrly boluň, wadalary miras alan adamlardan görelde alyň.
13 Hudaý Ybraýyma wada berende, öz adyndan ant içipdi+, sebäbi özünden beýik hiç kim ýok. 14 Şonda ol: «Saňa ak pata berip, nesliňi köpelderin»+ diýipdi. 15 Sabyrly bolany üçin, Ybraýyma wada berildi. 16 Adamlar bir zady söz berse, has uly biriniň adyndan ant içip, jedeli ýatyrýar we sözüne kepil geçýär+. 17 Hudaý hem wadasyna kepil geçmek* üçin ant içip, wadany miras aljaklara+ niýetiniň üýtgemeýändigini has-da aýdyň görkezdi. 18 Şeýlelikde, Hudaýyň beren wadasy we içen anty üýtgeýän däldir, sebäbi ol ýalan sözläp bilmez+. Şonuň üçin biz Hudaýyň penasynda* gizlenip, has-da ruhlanyp bileris we berlen umyda berk ýapyşarys. 19 Şol umyt+ gämini saklaýan labyr kimindir, janymyzy berk hem ynamly saklaýandyr. Şol umyt tutynyň aňyrsyna geçirýändir+. 20 Biziň üçin tutynyň aňyrsyna ilkinji bolup Isa geçdi+. Ol Mäliksadyk ýaly ebedilik baş ruhany boldy+.