147 Ýaha alkyş aýdyň!
Hudaýymyzyň şanyna aýdym aýtmak gowudyr.
Hudaýy wasp etmek ýakymlydyr, muňa mynasypdyr+.
2 Ýehowa Iýerusalimi dikeldýär+,
Ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny jemleýär+.
3 Ol göwnüçökgünlere göwünlik berýär,
Ýaralaryny saraýar.
4 Ýyldyzlaryň sanyny bilýär,
Her biriniň adyny tutup çagyrýar+.
5 Hökümdar Hudaýymyz beýikdir, gudratlydyr+,
Akyldarlygynyň çägi ýokdur+.
6 Ýehowa ýumşaklary goldaýar+,
Erbetleri bolsa ýere pylçap urýar.
7 Ýehowa şükür edip, aýdym aýdyň,
Hudaýymyzy arfa bilen wasp ediň.
8 Ol asmany bulutlar bilen bezeýär,
Ýere ýagyş ýagdyrýar+,
Daglary ýaşyl ýaýla öwürýär+.
9 Hudaý haýwanlary,
Gagyldaşýan garga jüýjelerini iýmitlendirýär+.
10 Ol bedewiň kuwwatyna guwanmaýar+,
Pälwanyň güýçli aýaklaryna haýran galmaýar+.
11 Ýehowa hudaýhonlary,
Wepaly söýgüsini küýseýänleri gowy görýär+.
12 Eý Iýerusalim, Ýehowany şöhratlandyr!
Eý Sion, Alla alkyş aýt!
13 Ol seniň derwezeleriň gulplaryny berkidýär,
Ogullaryňa ak pata berýär.
14 Ýurduňy asuda ýaşadýar+,
Halkyňy ak bugdaýdan doýurýar+.
15 Ol ýer ýüzüne buýruk berýär,
Sözi derrew ýerine ýetýär.
16 Gary ak ýüň kimin ýer ýüzüne ýazýar+,
Gyrawy kül kimin sepeleýär+.
17 Buzy çörek owuntyklary kimin ýagdyrýar+.
Aňzak sowuga kim çydap biler?+
18 Ol buýruk berýär, gar ereýär,
Şemalyň badyna+ suwlar şaglap akýar.
19 Ýakuba sözüni jar edýär,
Ysraýyla kanunlaryny, hökümlerini yglan edýär+.
20 Ol başga halka muny eden däldir+;
Olar Allanyň hökümlerini bilýän däldir.
Ýaha alkyş aýdyň!+