Ýuşa
5 Iordanyň günbatarynda ýaşaýan amorlaryň+ we deňiz kenarynda ýaşaýan kenganlaryň+ ähli hanlary Ýehowanyň Iordan derýasyny guradyp, ysraýyl halkyny gury ýerden geçirendigini eşitdiler. Muny eşidip, olaryň ýüregi ýaryldy+, olar ysraýyllardan şeýle bir gorkdular welin, hiç birinde gaýrat galmady+.
2 Şonda Ýehowa Ýuşa: «Çakmakdaşdan pyçak ýasap, ysraýyl erkeklerini sünnetle*»+ diýdi. 3 Ýuşa çakmakdaşdan pyçak ýasap, Gibeýat-haralotda*+ ysraýyl erkeklerini sünnetledi. 4 Sebäbi Müsürden çykan söweşe ukyply* ähli erkekler çölde heläk bolupdy+. 5 Müsürden çykan erkekler sünnetlenipdi, ýöne olaryň çölde doglan ogullary sünnetlenmändi. 6 Ýehowa ata-babalarymyza süýt bilen bal akýan ýurdy+ berjekdigine ant içipdi+. Emma Müsürden çykan adamlar Ýehowa gulak asmadylar+, şonuň üçin ählisi gyrlyp gutarýança, ysraýyllar 40 ýyllap+ çölde sergezdan boldular. Ýehowa şol erkekleriň ýurdy görmejekdigini aýdypdy+. 7 Hudaý olara derek ogullaryny getirdi+. Ýöne olar çölde sünnetlenmändi. Ýuşa olaryň ählisini sünnetledi.
8 Şeýdip, halkyň ähli erkekleri sünnetlendi. Olar aýaga galýança, düşelgede boldular.
9 Ýehowa Ýuşa: «Şu gün sizi müsürlileriň gyjalatyndan* dyndardym*» diýdi. Şol ýere henizem Gilgal*+ diýilýär.
10 Ysraýyllar Gilgalda bolup, şol aýyň 14-ne agşam Ýerihon düzlüginde Pasha baýramyny bellediler+. 11 Pashanyň ertesi halk ýurduň hasylyndan iýip başlady. Şol gün olar petir*+ bilen gowurga* iýdiler. 12 Ýurduň hasylyny iýen günlerinden başlap, ýere manna düşmedi. Ysraýyllar gaýdyp manna iýmediler+, şol ýyl olar Kengan ýurdunyň hasylyny iýip başladylar+.
13 Ýuşa Ýerihonyň golaýyna barypdy. Görse, öňünde eli gylyçly+ adam dur+. Ýuşa onuň ýanyna baryp: «Sen biziňkilerdenmi ýa duşmanlardan?» diýip sorady. 14 Ol bolsa: «Men Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi»+ diýdi. Ýuşa dessine ýüzüni ýere berip, tagzym etdi-de: «Agam, näme hyzmat?» diýdi. 15 Ýehowanyň goşunynyň serkerdesi: «Aýagyňdaky çarygy çykar, sen mukaddes ýerde dursuň» diýdi. Ýuşa şol bada çarygyny çykardy+.