Ikinji Korinfliler
5 Biziň ýerdäki öýümiz, ýagny çadyrymyz ýykylsa+, Hudaý gökde ynsan elleri bilen gurulmadyk+ ebedi öý berer. 2 Biz gökdäki öýümize gowuşmagy* ýürekden isläp+, häzirki öýümizde* ahy-nala çekýäris. 3 Biz ol ýerde egin-eşiksiz* bolmarys. 4 Biz häzirki ýaşaýan çadyrymyzda gaýgy-aladadan ýaňa ahy-nala çekýäris. Häzirki çadyrdan çykmaga howlukmasak-da, başgasyna gowuşmak isleýäris+. Şonda ölmän baky ýaşarys+. 5 Hudaý bize şeýle ýaşaýşy taýýarlady+ we mukaddes ruhuny berip, geljekki bereketleri aljakdygymyza kepil geçdi+.
6 Şonuň üçin biz bedende* ýaşaýan döwrümiz Halypamyzdan aýry ýaşajakdygymyzy bilip, özümizi dogumly alyp barýarys+. 7 Sebäbi biz görýän zatlarymyz bilen däl-de, iman arkaly ýaşaýarys. 8 Biz ynsan bedeninde däl-de, Halypamyzyň ýanynda ýaşamagy arzuw edýäris+, munuň şeýle boljakdygyna doly ynanýarys. 9 Biz onuň bilen ýaşasak-da, aýry ýaşasak-da Halypamyzy begendirmek isleýäris. 10 Biziň ählimiz Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmaly, sebäbi her kim ynsan bedeninde ýaşan döwri eden ýagşy we ýaman işlerine görä paýyny alar+.
11 Biz Halypamyzdan gorkmagy öwrendik, indi adamlara-da öwredýäris. Ýöne Hudaý bizi gowy tanaýar, siz hem bizi gowy tanaýan bolsaňyz gerek*. 12 Size özümizi gaýtadan tanatjak bolmaýarys, gaýtam biz babatda buýsanmaga mümkinçilik berýäris. Şonda siz ýüreginiň päkligine däl-de, daş keşbine öwünýänlere jogap berip bilersiňiz+. 13 Eger biz akylymyzdan azaşan bolsak+, muny Hudaý üçin etdik. Eger sagdyn düşünjeli bolsak, onda siziň üçindir. 14 Bizi şeýle etmäge Mesihiň söýgüsi höweslendirýär. Sebäbi biz şuňa düşündik: bir adam hemmeler üçin öldi+, diýmek, hemmeler ölüpdir. 15 Adamlar indi özleri üçin däl-de+, olaryň hatyrasyna ölüp, soňra direlen üçin ýaşamaly, sebäbi ol hemmeler üçin öldi.
16 Biz adamlara daş keşbine görä baha bermeýäris+. Hatda käbirimiz Mesihi görüp baha beren bolsak, indi beýle etmeýäris+. 17 Mesihe goşulan* adamy Hudaý täzeden ýaradýar+. Köne zatlar geçip gitdi, täze zatlar gelip ýetdi. 18 Emma ähli zat Hudaýdandyr. Hudaý Mesih arkaly biziň bilen ýaraşdy+. Indi bize-de adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmak tabşyryldy+. 19 Şeýdip, Hudaý adamlaryň günälerini hasaba alman+, Mesih arkaly olar bilen ýaraşýar+. Bize bolsa adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrýan habary aýtmak tabşyryldy+.
20 Hudaý bizi Mesihe derek+ wekil edip iberip+, adamlary ýaraşmaga çagyrýar. Biz Mesihe derek: «Hudaý bilen ýaraşyň» diýip ýalbarýarys. 21 Isa hiç haçan günä etmese-de+, Hudaý ony biziň günälerimiz üçin gurban etdi. Şol sebäpli-de biz Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilýäris+.