Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Patyşalar 1
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Ylýasyň Ahazýa hakda pygamberligi (1—18)

2 Patyşalar 1:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 19:36, 37; 2Şm 8:2; Zb 60:8

2 Patyşalar 1:2

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: gözenekli penjiresinden.

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 13:2, 3; 1Şm 5:10
  • +2Pa 1:16

2 Patyşalar 1:3

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Meniň Hudaýym Ýehowadyr.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 17:1; 18:36
  • +Işa 8:19; Ýer 2:11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitap», sah. 1869

2 Patyşalar 1:6

Parallel aýatlar

  • +1Tr 10:13, 14

2 Patyşalar 1:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: deriden edilen.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 19:19; Zek 13:4; Ýew 11:32, 37
  • +Mat 3:4

2 Patyşalar 1:9

Parallel aýatlar

  • +5Ms 33:1

2 Patyşalar 1:10

Parallel aýatlar

  • +4Ms 11:1; 16:35; Luk 9:54; Ýhd 7

2 Patyşalar 1:16

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 13:2, 3
  • +2Pa 1:3

2 Patyşalar 1:17

Parallel aýatlar

  • +2Pa 3:1; 9:22
  • +2Pa 8:16

2 Patyşalar 1:18

Parallel aýatlar

  • +1Pa 22:51

Umumy salgylar

2 Pat. 1:11Ms 19:36, 37; 2Şm 8:2; Zb 60:8
2 Pat. 1:2Ýuş 13:2, 3; 1Şm 5:10
2 Pat. 1:22Pa 1:16
2 Pat. 1:31Pa 17:1; 18:36
2 Pat. 1:3Işa 8:19; Ýer 2:11
2 Pat. 1:61Tr 10:13, 14
2 Pat. 1:81Pa 19:19; Zek 13:4; Ýew 11:32, 37
2 Pat. 1:8Mat 3:4
2 Pat. 1:95Ms 33:1
2 Pat. 1:104Ms 11:1; 16:35; Luk 9:54; Ýhd 7
2 Pat. 1:16Ýuş 13:2, 3
2 Pat. 1:162Pa 1:3
2 Pat. 1:172Pa 3:1; 9:22
2 Pat. 1:172Pa 8:16
2 Pat. 1:181Pa 22:51
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
Mukaddes Kitap
2 Patyşalar 1:1—18

Ikinji Patyşalar

1 Ahap ölenden soň, Mowap+ ýurdy Ysraýyla garşy aýaga galdy.

2 Bir gün Ahazýa Samariýada ýokarky otagyň penjiresinden* gaçyp ýaralandy. Ol: «Men sagalarynmy, gidiň⁠-⁠de, Ekronyň+ taňrysy Bagal⁠-⁠zebupdan sorap görüň»+ diýip çaparlaryny ýollady. 3 Şonda Ýehowanyň perişdesi tişbeli Ylýasa*+ şeýle diýdi: «Tur⁠-⁠da, Samariýa patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp: „Ekronyň taňrysy Bagal⁠-⁠zebupdan soramaga gider ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy?+ 4 Ýehowa şeýle diýýär: „Sen düşegiňden galman ölersiň“ diý». Ylýas aýdylyşy ýaly etdi.

5 Çaparlar yzyna baranda, patyşa: «Eýýäm geldiňizmi?» diýdi. 6 Olar patyşa şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp: „Gidiň⁠-⁠de, patyşa aýdyň. Ýehowa şeýle diýýär: „Ekronyň taňrysy Bagal⁠-⁠zebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy? Indi sen düşegiňden galman ölersiň“+ diýdi». 7 Patyşa: «Öňüňizden çykan adamyň sypaty nähilidi?» diýip sorady. 8 Olar: «Egninde ýüňden edilen dony+, bilinde gaýyş* guşagy bardy»+ diýdiler. Şonda patyşa: «Ol tişbeli Ylýasdyr» diýdi.

9 Patyşa Ylýasyň ýanyna ellibaşy bilen 50 esgerini iberdi. Şol wagt Ylýas dagyň depesinde otyrdy. Ellibaşy Ylýasyň ýanyna baryp: «Eý hak Hudaýyň guly+, patyşa saňa aşak düş diýýär» diýdi. 10 Ylýas: «Eger men Hudaýyň guly bolsam, gökden ot inip+, seni 50 esgeriň bilen ýakyp kül etsin» diýdi. Şonda gökden ot inip, ellibaşy bilen 50 esgerini ýakyp kül etdi.

11 Patyşa ýene bir ellibaşyny 50 esgeri bilen Ylýasyň ýanyna iberdi. Ol Ylýasyň ýanyna baryp: «Hak Hudaýyň guly, patyşa saňa häziriň özünde aşak düş diýýär» diýdi. 12 Emma Ylýas: «Eger men hak Hudaýyň guly bolsam, gökden ot inip, seni 50 esgeriň bilen ýakyp kül etsin» diýdi. Şonda gökden ot inip, ellibaşy bilen 50 esgerini ýakyp kül etdi.

13 Patyşa üçünji ellibaşyny 50 esgeri bilen Ylýasyň ýanyna iberdi. Şol ellibaşy Ylýasyň ýanyna baryp, dyza çökdi⁠-⁠de, rehim⁠-⁠şepagat diläp: «Eý hak Hudaýyň guly, maňa we 50 esgerime haýpyň gelsin, bizi öldürme. 14 Gökden inen ot öňki ellibaşylary esgerleri bilen ýakyp kül etdi, ýöne maňa haýpyň gelsin» diýip ýalbardy.

15 Şonda Ýehowanyň perişdesi Ylýasa: «Gorkma, onuň bilen gidiber» diýdi. Ylýas turup, ellibaşy bilen patyşanyň ýanyna gitdi. 16 Ylýas Ahazýa patyşa: «Ýehowa şeýle diýýär: „Ekronyň+ taňrysy Bagal⁠-⁠zebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy?+ Hudaýdan näme üçin soramadyň? Indi ýatan düşegiňden galman ölersiň“» diýdi. 17 Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ahazýa ýogaldy. Ogly bolmansoň, ýerine dogany Ýehoram+ patyşa boldy. Ol Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň ogly Ýehoramyň+ hökümdarlygynyň ikinji ýylynda patyşa boldy.

18 Ahazýanyň+ durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş