Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Titus 3
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Titus kitabynyň mazmuny

      • Tabyn bolmak hakda (1—3)

      • Ýagşy işleri ediň (4—8)

      • Ýalan taglymatlardan ýüz öwür (9—11)

      • Pawlusyň görkezmesi we hoşlaşyk sözleri (12—15)

Titus 3:1

Parallel aýatlar

  • +Mar 12:17; Rim 13:1; 1Pe 2:13, 14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 42

Titus 3:2

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýumşak; eglişikli.

Parallel aýatlar

  • +Nak 15:1; Gal 6:1; Efs 4:1, 2; 1Tm 6:11; 2Tm 2:24, 25; 1Pe 3:15
  • +Flp 4:5; Ýak 3:17

Titus 3:4

Parallel aýatlar

  • +Luk 6:35; Rim 2:4; Efs 4:32

Titus 3:5

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýuwup.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 9:5; Rim 3:10; Gal 3:21
  • +Rim 5:15, 21; 6:23
  • +Rim 5:18
  • +Ýah 3:5; Rim 8:23; 2Kr 5:17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/10/2008, sah. 30

Titus 3:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: jomartlyk.

Parallel aýatlar

  • +Res 2:33

Titus 3:7

Parallel aýatlar

  • +Rim 6:23
  • +Rim 8:17
  • +Rim 3:24; Gal 2:15, 16

Titus 3:9

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: nesil daragtyny öwrenmekden.

Parallel aýatlar

  • +1Tm 1:3, 4; 6:3—5

Titus 3:10

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: sektalary. Sözlüge serediň.

  • *

    Ýa-da: duýduryşyňa.

Parallel aýatlar

  • +1Kr 11:19; Ylh 2:6
  • +2Tm 4:2
  • +Rim 16:17; 2Ýh 10

Titus 3:12

Parallel aýatlar

  • +Res 20:4; Efs 6:21; 2Tm 4:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 166

Titus 3:13

Parallel aýatlar

  • +1Kr 9:14; Gal 6:6; Ýew 13:16

Titus 3:14

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: miwesiz.

Parallel aýatlar

  • +1Kr 9:11
  • +Kol 1:10

Umumy salgylar

Tit. 3:1Mar 12:17; Rim 13:1; 1Pe 2:13, 14
Tit. 3:2Nak 15:1; Gal 6:1; Efs 4:1, 2; 1Tm 6:11; 2Tm 2:24, 25; 1Pe 3:15
Tit. 3:2Flp 4:5; Ýak 3:17
Tit. 3:4Luk 6:35; Rim 2:4; Efs 4:32
Tit. 3:55Ms 9:5; Rim 3:10; Gal 3:21
Tit. 3:5Rim 5:15, 21; 6:23
Tit. 3:5Rim 5:18
Tit. 3:5Ýah 3:5; Rim 8:23; 2Kr 5:17
Tit. 3:6Res 2:33
Tit. 3:7Rim 6:23
Tit. 3:7Rim 8:17
Tit. 3:7Rim 3:24; Gal 2:15, 16
Tit. 3:91Tm 1:3, 4; 6:3—5
Tit. 3:101Kr 11:19; Ylh 2:6
Tit. 3:102Tm 4:2
Tit. 3:10Rim 16:17; 2Ýh 10
Tit. 3:12Res 20:4; Efs 6:21; 2Tm 4:12
Tit. 3:131Kr 9:14; Gal 6:6; Ýew 13:16
Tit. 3:141Kr 9:11
Tit. 3:14Kol 1:10
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
Mukaddes Kitap
Titus 3:1—15

Titus

3 Olara hökümetlere we häkimiýetlere tabyn bolup, gulak asmagy+, her bir oňat işe taýýar bolmagy ýatladyp dur. 2 Şeýle-de hiç kimi kemsitmezligi, uruşmazlygy, ähli adamlar bilen mylakatly+ we paýhasly*+ bolmagy ünde. 3 Bizem öň akylsyzdyk, gulak asmaýan, ýoldan azaşan adamdyk, dürli höwesleriň we keýpi-sapanyň guludyk, erbet işlere baş goşýardyk, göriplik edýärdik, biri-birimizi ýigrenýärdik, ýigrenji adamlardyk.

4 Halasgär Hudaýymyz bolsa adamlara ýagşylyk edip+, söýgüsini bildirdi. 5 Ol bizi dogry işlerimiz üçin däl+, rehimdar bolany üçin halas etdi+. Hudaý bizi arassalap*, ýaşaýşa getirdi+, mukaddes ruhy bilen täzeläp, halas etdi+. 6 Ol ruhuny bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly bolluk* bilen berdi+. 7 Ol muny ebedi ýaşaýyş umydyny+ miras bermek üçin etdi+. Biz Hudaýyň ýagşylygy bilen dogruçyl hasaplanyp+, şol umyda eýe bolarys.

8 Meniň sözlerim hakdyr. Hudaýa iman edýän adamlar ýagşy işleri etmek hakda pikirlener ýaly, sözlerimi gaýta-gaýta ýatladyp dur. Olar adamlar üçin gowudyr, peýdalydyr.

9 Akylsyz delilleri getirmekden, nesil yzarlamakdan*, Töwradyň üstünde uruşmakdan we dawa-jenjellerden uzakda dur. Sebäbi olar biderek hem peýdasyzdyr+. 10 Eger biri ýalan taglymatlary* öňe sürüp+, seniň birinji we ikinji gezek aýdan öwüt-ündewiňe*+ gulak asmasa, onuň bilen gatnaşma+. 11 Sebäbi ol hakykat ýolundan sowlup, günä edýändir we öz-özüne höküm çykarýandyr.

12 Men Artemasy ýa-da Tihikusy+ ýanyňa ibererin. Sen bolsa meniň ýanyma Nikapola geljek bol. Men gyşda şol ýerde bolmakçy. 13 Töwrady gowy bilýän Zenas bilen Apollosy ýola salanyňda, zada zar bolmaz ýaly oňa kömek et+. 14 Imandaşlarymyz hem gerek wagty kömek edip, ýagşy işlere yhlasly bolmagy öwrensinler+. Şonda olaryň edýän işleri netijesiz* bolmaz+.

15 Ýanymdakylaryň ählisi salam aýdýar. Bizi gowy görýän imandaşlarymyza meniň adymdan hem salam aýt.

Goý, Hudaý siziň ähliňize ýagşylyk etsin!

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş