Birinji Ýahýa
2 Balalarym, şu haty günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Eger biri günä etse, Atanyň ýanynda kömekçimiz* dogruçyl+ Isa Mesih+ bardyr. 2 Ol Hudaý bilen ýaraşdyrýan, günälerimiz üçin+ berlen gurbandyr+. Ol diňe biziň üçin däl, bütin dünýä üçin berlen gurbandyr+. 3 Eger onuň tabşyryklaryny berjaý edýän bolsak, diýmek, ony tanaýarys. 4 Kim: «Men ony tanaýaryn» diýip-de, tabşyryklaryny berjaý etmese, ýalançydyr, onda hakykat ýokdur. 5 Emma Hudaýy hakykatdan söýýän adam onuň sözüni berjaý edip+, onuň bilen agzybirligi saklaýandyr+. 6 Kim: «Onuň bilen birlikdedirin» diýse, Isa ýaly ýaşamaga borçludyr+.
7 Eziz balalarym, men täze däl-de, başda berlen köne tabşyrygy ýazýaryn+. Siz köne tabşyrygy öň eşidipdiňiz. 8 Size ýene-de täze tabşyryk hakda ýazýaryn, şol tabşyryga Mesih hem eýeripdi, siz hem eýerýärsiňiz, sebäbi garaňkylyk geçip barýar, hakyky nur eýýäm ýagty saçýar+.
9 Kim nurda gezýärin diýip-de, doganyny ýigrense+, ol henizem garaňkylykdadyr+. 10 Doganyny söýýän nurda gezýändir+, büdreýän däldir. 11 Emma doganyny ýigrenýän kişi garaňkylykdadyr we garaňkylykda gezýändir+. Ol nirä barýandygyny-da bilýän däldir+, sebäbi garaňkylyk ony kör edendir.
12 Balalarym, Hudaý Isanyň adynyň hatyrasyna günäleriňizi bagyşlady+, şonuň üçin size hat ýazýaryn. 13 Eý atalar, size-de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi owal-başdan bar bolany tanadyňyz. Eý ýaşlar, size-de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi Şeýtany* ýeňdiňiz+. Eý çagalar, size-de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi Atany tanadyňyz+. 14 Atalar, size ýüzlenýärin, sebäbi owal-başdan bar bolany tanadyňyz. Ýaşlar, size-de ýüzlenýärin, sebäbi siz gujur-gaýratly+, Hudaýyň sözüni ýüregiňizde saklap+, Şeýtany* ýeňdiňiz+.
15 Dünýäni-de, dünýädäki zatlary-da söýmäň+. Dünýäni söýýän adam Atany söýýän däldir+. 16 Sebäbi dünýädäki zatlar: ten höwesi+, göz höwesi+ we zadyňa öwünmeklik Atadan däl-de, dünýädendir. 17 Dünýä we onuň höwesleri geçip gider+, emma Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar+.
18 Balalarym, häzir soňky sagatdyr. Bilşiňiz ýaly, Mesihiň duşmany* gelýär+. Häzir Mesihiň duşmanlary has köpeldi+, şonuň üçin soňky sagadyň gelendigini bilýäris. 19 Olar biziň aramyzdady, ýöne çykyp gitdiler, sebäbi biziňki däldiler+. Eger olar bize degişli bolsadylar, aramyzda bolardylar. Emma olar gidip, bize degişli däldigini görkezdiler+. 20 Sizi Mukaddes Hudaý saýlady*+, ähliňiz hakykaty bilýärsiňiz. 21 Size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de+, bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi ýalan zatdan hakykat döreýän däldir+.
22 Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançy dälmi?+ Ol Mesihiň duşmanydyr*+, Atany we Ogly inkär edýändir. 23 Ogly inkär edýän adam Atany razy edýän däldir+. Emma Ogly kabul edýän+ Atany razy edýändir+. 24 Siz bolsa öňden eşiden zatlaryňyzy ýüregiňizde saklaň+. Eger olary ýüregiňizde saklamasaňyz, onda ne Ogul, ne-de Ata bilen agzybirligi saklap bilersiňiz. 25 Onsoňam, Hudaý bize ebedi ýaşaýşy wada berdi ahyryn+.
26 Men aldajak bolýanlar hakda-da ýazýaryn. 27 Size bolsa öwredýän adam gerek däl, sebäbi Hudaý sizi saýlap*+, mukaddes ruhuny berdi. Ol size ruhy arkaly ähli zady öwredýär+, onuň sizi saýlandygy ýalan däl-de, hakykatdyr. Ruhuň öwredişi ýaly, onuň bilen agzybir boluň+. 28 Hawa, balalarym, onuň bilen agzybir boluň, şonda ol äşgär bolanda ynamly* geplärsiňiz+, gelende* bolsa utanyp, ondan gaçmarsyňyz. 29 Eger siz onuň dogruçyldygyny bilýän bolsaňyz, onda her bir dogruçyl adamyň Hudaýyň perzendidigini bilýänsiňiz+.