Işaýa
58 «Batly gygyr, çekinme!
Surnaý kimin sesiň güýçli çyksyn.
Halkyma gozgalaňyny+,
Ýakubyň öýüne eden günälerini aýt.
2 Hamala halal ýaşaýan ýaly,
Allanyň kanunlaryny berjaý edýän ýaly,
Olar meni her gün agtarýarlar.
„Hudaýyň ýollaryny höwes bilen öwrenýäris“ diýýärler+.
Hamala Hudaýa yhlas bilen sežde edýän ýaly+,
„Adalatly höküm çykar“ diýýärler.
3 Olar: „Agyz beklesek-de, näme üçin görmeýärsiň?+
Toba etsek-de*, näme üçin üns bermeýärsiň?“+ diýýärler.
Sebäbi siz agyz bekleseňiz-de, öz bähbidiňize çapýarsyňyz,
Işçileriňize sütem edýärsiňiz+.
4 Agyz beklän günüňiz uruş, dawa bilen gutarýar,
Biri-biriňizi rehimsiz ýumruklaýarsyňyz.
Agyz bekleýşiňiz şu bolsa, men sizi diňlemerin.
5 Men size agyz bekläniňizde,
Toba edýän ýaly ýüzüňizi sallaň,
Gamyş ýaly başyňyzy egiň,
Jul* geýip, kül üstünde ýatyň diýdimmi?
Siz muňa agyz beklemek diýýäňizmi?
Şeýdip, Ýehowany razy ederis öýdýärsiňizmi?
6 Men siziň şeýdip agyz beklemegiňizi isleýärin:
Adalatsyzlyk zynjyrlaryny üzüň,
Boýuntyryklary aýryň+.
Ezilenleri azat ediň+,
Her bir boýuntyrygy ikä bölüň.
7 Çöregiňizi açlar bilen paýlaşyň+,
Garyby, öýsüz-öwzarsyz adamy öýüňize çagyryň.
Ýalaňajy geýindiriň+,
Dogan-garyndaşyňyzdan ýüz öwürmäň.
8 Şonda nuruňyz daň şapagy deý şöhle saçar+,
Derdiňizden tiz gutularsyňyz.
Dogruçyllyk öňüňizden gider,
Şöhratly Ýehowa yzyňyzdan ýöräp, sizi gorar+.
9 Şonda siz çagyrarsyňyz, Ýehowa jogap berer.
Perýat edersiňiz, ol bolsa: „Ine men!“ diýer.
11 Ýehowa hemişe size ýol görkezer,
Gurak ýerde zada zar etmez+.
Ol size güýç-kuwwat berer.
Siz suwa ganan bag-bakja kimin+,
Hemişe şarlap akýan çeşme kimin bolarsyňyz.
12 Gadymy harabaçylyklar siziň hatyraňyza dikeldiler+.
Siz ata-babalaryňyzyň tutan düýbüni berkidersiňiz+.