Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hyzkyl 36
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Hyzkyl kitabynyň mazmuny

      • Ysraýyl daglary hakda pygamberlik (1—15)

      • Ysraýyl dikeldiler (16—38)

        • Men adymy aklaryn (23)

        • «Erem bagy ýaly bolupdyr!» (35)

Hyzkyl 36:2

Parallel aýatlar

  • +Ýer 49:1; Hyz 35:10

Hyzkyl 36:3

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:37; 1Pa 9:7; Agy 2:15; Dan 9:16

Hyzkyl 36:4

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:9
  • +Zb 79:4; Hyz 34:28

Hyzkyl 36:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: gabanjaňlyk.

Parallel aýatlar

  • +Sep 3:8
  • +Abd 12
  • +Hyz 25:12, 13; 35:10, 11; Ams 1:11

Hyzkyl 36:6

Parallel aýatlar

  • +Zb 74:10; 123:4

Hyzkyl 36:7

Parallel aýatlar

  • +Ýer 25:9; 49:17

Hyzkyl 36:8

Parallel aýatlar

  • +Işa 44:23; 51:3; Hyz 36:30

Hyzkyl 36:10

Parallel aýatlar

  • +Işa 51:3; Ýer 30:18, 19; Ams 9:14
  • +Zek 8:4

Hyzkyl 36:11

Parallel aýatlar

  • +Ýer 31:27
  • +Işa 54:7; Ýer 30:18
  • +Hag 2:9
  • +Hoş 2:20; Ýow 3:17

Hyzkyl 36:12

Parallel aýatlar

  • +Ýer 32:44; Abd 17
  • +Işa 65:23

Hyzkyl 36:15

Parallel aýatlar

  • +Işa 54:4; 60:14; Mik 7:8; Sep 2:8; 3:19

Hyzkyl 36:17

Parallel aýatlar

  • +Zb 106:38; Işa 24:5; Ýer 2:7; 16:18
  • +3Ms 12:2; Işa 64:6

Hyzkyl 36:18

Çykgytlar

  • *

    Ýewreý dilindäki şu jümläniň tezek diýen manysy bolup, bir zada bolan ýigrenji aňladýar.

Parallel aýatlar

  • +Işa 42:24, 25; Hyz 23:37

Hyzkyl 36:19

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:38; Hyz 22:15

Hyzkyl 36:20

Parallel aýatlar

  • +Işa 52:5; Rim 2:24

Hyzkyl 36:21

Parallel aýatlar

  • +Zb 74:18; Işa 48:9; Hyz 20:9

Hyzkyl 36:22

Parallel aýatlar

  • +Zb 106:7, 8

Hyzkyl 36:23

Parallel aýatlar

  • +Işa 5:16; Hyz 20:41
  • +Zb 102:13—15

Hyzkyl 36:24

Parallel aýatlar

  • +5Ms 30:3; Işa 43:5; Ýer 23:3; Hyz 34:13; Hoş 1:11

Hyzkyl 36:25

Parallel aýatlar

  • +4Ms 19:13; Zb 51:7
  • +Hyz 6:4
  • +Işa 4:4; Ýer 33:8

Hyzkyl 36:26

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: etden. Ýagny Ýehowanyň maslahatyny kabul edýän ýürek.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 32:39
  • +Zb 51:10; Hyz 11:19, 20
  • +Zek 7:12

Hyzkyl 36:27

Parallel aýatlar

  • +Ýer 31:33

Hyzkyl 36:28

Parallel aýatlar

  • +Ýer 30:22; Hyz 37:25, 27

Hyzkyl 36:29

Parallel aýatlar

  • +Hyz 34:29

Hyzkyl 36:30

Parallel aýatlar

  • +Hyz 34:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 101

Hyzkyl 36:31

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: işleriňiz.

Parallel aýatlar

  • +Hyd 9:6; Neh 9:26; Ýer 31:18; Hyz 6:9

Hyzkyl 36:32

Parallel aýatlar

  • +5Ms 9:5; Dan 9:19

Hyzkyl 36:33

Parallel aýatlar

  • +Işa 58:12; Ýer 33:10, 11; Ams 9:14
  • +Zek 8:8

Hyzkyl 36:35

Parallel aýatlar

  • +1Ms 2:8
  • +Işa 51:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Arassa sežde», sah. 109

    «Salgylar mwb (2017)»,

    8/2017, sah. 1

Hyzkyl 36:36

Parallel aýatlar

  • +Hyz 28:26; 37:14

Hyzkyl 36:38

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: gurbanlyk berilýän goýun sürüsiniň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 23:17
  • +Ýer 30:18, 19

Umumy salgylar

Hyz. 36:2Ýer 49:1; Hyz 35:10
Hyz. 36:35Ms 28:37; 1Pa 9:7; Agy 2:15; Dan 9:16
Hyz. 36:4Ýer 25:9
Hyz. 36:4Zb 79:4; Hyz 34:28
Hyz. 36:5Sep 3:8
Hyz. 36:5Abd 12
Hyz. 36:5Hyz 25:12, 13; 35:10, 11; Ams 1:11
Hyz. 36:6Zb 74:10; 123:4
Hyz. 36:7Ýer 25:9; 49:17
Hyz. 36:8Işa 44:23; 51:3; Hyz 36:30
Hyz. 36:10Işa 51:3; Ýer 30:18, 19; Ams 9:14
Hyz. 36:10Zek 8:4
Hyz. 36:11Ýer 31:27
Hyz. 36:11Işa 54:7; Ýer 30:18
Hyz. 36:11Hag 2:9
Hyz. 36:11Hoş 2:20; Ýow 3:17
Hyz. 36:12Ýer 32:44; Abd 17
Hyz. 36:12Işa 65:23
Hyz. 36:15Işa 54:4; 60:14; Mik 7:8; Sep 2:8; 3:19
Hyz. 36:17Zb 106:38; Işa 24:5; Ýer 2:7; 16:18
Hyz. 36:173Ms 12:2; Işa 64:6
Hyz. 36:18Işa 42:24, 25; Hyz 23:37
Hyz. 36:193Ms 26:38; Hyz 22:15
Hyz. 36:20Işa 52:5; Rim 2:24
Hyz. 36:21Zb 74:18; Işa 48:9; Hyz 20:9
Hyz. 36:22Zb 106:7, 8
Hyz. 36:23Işa 5:16; Hyz 20:41
Hyz. 36:23Zb 102:13—15
Hyz. 36:245Ms 30:3; Işa 43:5; Ýer 23:3; Hyz 34:13; Hoş 1:11
Hyz. 36:254Ms 19:13; Zb 51:7
Hyz. 36:25Hyz 6:4
Hyz. 36:25Işa 4:4; Ýer 33:8
Hyz. 36:26Ýer 32:39
Hyz. 36:26Zb 51:10; Hyz 11:19, 20
Hyz. 36:26Zek 7:12
Hyz. 36:27Ýer 31:33
Hyz. 36:28Ýer 30:22; Hyz 37:25, 27
Hyz. 36:29Hyz 34:29
Hyz. 36:30Hyz 34:27
Hyz. 36:31Hyd 9:6; Neh 9:26; Ýer 31:18; Hyz 6:9
Hyz. 36:325Ms 9:5; Dan 9:19
Hyz. 36:33Işa 58:12; Ýer 33:10, 11; Ams 9:14
Hyz. 36:33Zek 8:8
Hyz. 36:351Ms 2:8
Hyz. 36:35Işa 51:3
Hyz. 36:36Hyz 28:26; 37:14
Hyz. 36:382Ms 23:17
Hyz. 36:38Ýer 30:18, 19
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
Mukaddes Kitap
Hyzkyl 36:1—38

Hyzkyl

36 Ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Ysraýyl daglary, Ýehowanyň sözüni diňläň! 2 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Siz barada duşmanyňyz: „Bagtymyz çüwdi! Gadymy depeler mülkümiz boldy!“+ diýipdi“.

3 Şonuň üçin pygamberlik edip, Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Olar çar tarapdan üstüňize çozup, sizi dargatdy. Siz aman galan milletleriň oljasy bolduňyz. Il-gün gepiňizi edip, töhmet atdy+. 4 Ysraýyl daglary, Älemiň Hökümdary Ýehowanyň sözüni diňläň! Älemiň Hökümdary Ýehowa dag-depelere, çeşme-çaýlara, jülgelere, harabalyklara+ we boşap galan şäherlere ýüzlenýär. Şol şäherleri aman galan milletler talap, masgara edipdi+. 5 Olara Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men gahar-gazap* bilen+ aman galan milletleri we Edomy höküm ederin. Olar meni äsgermediler, ýurdumy mülk edip alan ýaly heşelle kakdylar+. Öri meýdanlarymy talap, ele geçirmek islediler“+.

6 Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik edip, dag-depelere, çeşme-çaýlara hem-de jülgelere Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Men sizi kemsiden milletlere+ gahar-gazap bilen käýärin.

7 Elimi galdyryp ant içýärin, goňşy halklar kemsidiler — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar+. 8 — Eý Ysraýyl daglary, agaçlaryňyz gülläp öser, halkyma köp miwe berer+. Sebäbi ysraýyl halkym tizden dogduk mekanyna dolanar. 9 Men siziň ýanyňyzda bolaryn. Size nazar salaryn, ýerleriňiz sürler, ekin ekiler. 10 Men ilatyňyzy artdyraryn, bütin ysraýyl halkyny köpelderin. Haraba bolup ýatan galalar dikeldilip+, ilatly bolar+. 11 Men siziň halkyňyzy we mal-garaňyzy köpelderin+; olar köpelip, sansyz-sajaksyz bolar. Ýurduňyz edil öňki ýaly ilatly bolar+, has-da gülläp öser+. Şonda siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz+. 12 Eý Ysraýyl daglary, ysraýyl halkym sizde ýaşar, size eýe çykar+, siz olaryň mirasy bolarsyňyz. Indi olary çagalaryndan mahrum etmersiňiz“+.

13 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Olar size: „Halkyny gyryp, çagalaryny elinden alýan ýurt“ diýýärler. 14 Indi siz halkyňyzy gyrmarsyňyz, çagalaryny elinden almarsyňyz — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 15 — Mundan beýläk halklar sizi kemsitmez, üstüňizden gülmez+. Siz indi halkymy heläk etmersiňiz“. Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar».

16 Ýehowa meniň bilen ýene-de gepleşdi: 17 «Ynsan ogly, ysraýyl halky öz topragynda ýaşaýarka, ýörän ýollary, eden işleri bilen ýurdy haram etdi+. Aýbaşy gelen günleri aýalyň haram bolşy ýaly, olar hem meniň nazarymda haram boldular+. 18 Olar ýurdy gara gana boýap, nejis butlary* bilen haram etdiler. Şonuň üçin men olaryň üstüne gahar-gazabymy dökdüm+. 19 Olary halklaryň arasyna dargatdym, ýurtlaryň arasyna pytratdym+, ýörän ýollaryna we eden işlerine görä höküm etdim. 20 Milletler olary görüp: „Serediň, Ýehowanyň halky gelýär! Olar watanyndan kowuldy“ diýip, meniň mukaddes adyma dil ýetirdiler+. 21 Ysraýyllar baran ýurdunda adyma ysnat getirýärdi, emma men mukaddes adymy goraryn“+.

22 Şonuň üçin ysraýyl halkyna Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Ysraýyl halky (siz baran ýurduňyzda adyma ysnat getirdiňiz), men siziň hatyraňyza däl-de, öz mukaddes adymyň hatyrasyna sizi halas ederin+. 23 Siz halklaryň arasynda beýik adyma ysnat getirdiňiz, ýöne men masgara edilen adymy hökman aklaryn+. Şonda halklar meniň Ýehowadygymy bilerler+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Men siz arkaly halklaryň gözüniň alnynda mukaddes Hudaýdygymy görkezerin. 24 Sizi halklaryň arasyndan we ähli ýurtlardan ýygnap, dogduk mekanyňyza getirerin+. 25 Üstüňize tämizlik suwundan seperin, şonda siz arassa bolarsyňyz+. Sizi ähli haram işleriňizden, ähli nejis butlaryňyzdan+ arassalaryn+. 26 Size päk ýürek bererin+, aň-düşünjäňizi täzelärin+. Gursagyňyzdan daş ýaly ýüregi çykaryp+, ýumşak* ýürek bererin. 27 Men siziň üstüňize ruhumy indererin. Şonda kada-kanunlaryma tabyn bolarsyňyz+, permanlaryma gulak asarsyňyz, olary berjaý edersiňiz. 28 Şonda ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz. Siz meniň halkym bolarsyňyz, menem siziň Hudaýyňyz bolaryn“+.

29 Sizi ähli haram işleriňizden tämizlärin. Topraga bol galla hasylyny berdirerin, gaýdyp açlyk çekmersiňiz+. 30 Siz indi açlyk çekip, milletleriň arasynda masgara bolmaz ýaly, agaçlara köp miwe berdirerin, ekiniň hasylyny bol ederin+. 31 Şonda siz erbet ýoluňyzy we pis işleriňizi ýatlarsyňyz. Günäleriňiz we nejis däp-dessurlaryňyz* sebäpli özüňizi ýigrenersiňiz+. 32 Emma bilip goýuň, muny siziň hatyraňyz üçin etmeýärin+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Eý ysraýyl halky, ýörän ýollaryňyza utanyň, ýüzüňiz gyzarsyn.

33 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi günäleriňizden tämizlän günüm haraba bolup ýatan galalaryňyzy täzeden dikeldip+, ilatly ederin+. 34 Ötegçileriň öňünde takrap ýatan ýerleri ekin-dikinli ederin. 35 Şonda adamlar: „Haraba ýurt Erem bagy+ ýaly bolupdyr! Weýran edilen, takrap ýatan, ýer bilen ýegsan bolan galalar dikeldilip, ilatly ýurda öwrülipdir!“+ diýerler. 36 Aman galan goňşy halklar ýykylany dikeldýäniň, harabalygy gülzarlyga öwürýäniň mendigimi, Ýehowadygymy bilerler. Muny men, Ýehowa aýdýar. Aýdanym ýerine ýeter“+.

37 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şonda men ysraýyl halkymyň: „Bizi süri kimin köpeldäý!“ diýen dilegini kabul ederin. 38 Baýramçylyklarda+ mukaddes halkyň, topar-topar adamlaryň* Iýerusalimi dolduryşy ýaly, weýran bolan galalar hem adamlardan dolar+. Şonda olar meniň Ýehowadygymy bilerler“».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş